Täze ýylyňyz gutly, düşümli ýyl bolsun!
Diňe bir düşümli däl, eýsem atly, sypatly, ýöňkemeli, işlikli, sanly, doldurgyçly, aýyrgyçsyz bir ýyl bolsun! :)

Goý, bu ýylda:
— Umydyny ýitiren jübüde: "Gutlaýarys, siziň çagaňyz bolýar!" diýilsin;
— Garry atalardyr enelere: "Sizi göresimiz geldi, häzir barýarys" diýilsin;
— Her bir kesellä: "Siz gutuldyňyz" diýilsin;
— Söýen gyza: "Meniň gelnim bolaý!" diýilsin;
— A ýetimler öýündäki çagalara bolsa: "Geýin, yzyňdan ejeň geldi!" diýilsin...

Ýagşy arzuwlaryňyzyň myrat tapjak ýyly bolsun!!!

Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir