Men erkin adam, meniň demim — tamdyryň howry, meniň emim — düýe çaly. Meniň sazym — dutar, aýdymym — ene hüwdüsi. Hiç haçanam bananyň süýjüsini gawunymyň şiresine deňemerin. Meniň üçin klassika — Nury Halmammedow. Däbim, buýsanjym, arkam — Oguz. Şu toprakda ýöremegi öwrendim, oýunjagym — aşyk, mekdebim — namys. Namazlygym — keçe, dinim — mertebäm. Sähram — bahar ýaýlasy, ummanym — Hazar. Teşnäm — Jeýhun, penam — Garagum. Kitabym — Merw, Köneürgenç, diregim — Gökdepe. Heýkelim — Köpetdag, joşgunym — Sumbar.
Men — milleti üçin galam tutan Magtymguly, gylyç oýnadan — Jüneýit han. Men — köpi gören Kerim şahyr, men — güýze aşyk Gurbannazar. Men — milleti üçin pida bolan Gaýgysyz Atabaýew, men — soldat papak geýen Aýdogdy Tahyrow. Meniň baýlygym — Garaşsyzlyk, syýasatym — Bitaraplyk. Asmanym asuda, göwnüm päk. Düýnüm — dessuryny goran aksakgallar, ertirim — milliligini saklaýan altyn nesil. Baýdagym — haly, edebim — salam, haýam — keteni, gussam — gopuz. Yşkym — Aşgabat, şapagym — Awaza. Kölegäm — arçalar, ganatym — bedew, wepalylygym — alabaý. Palaw — hödür-keremim, çaýym — sazak. Nygmatym — ak altyn, mirasym — ene dilim.
Men sada adam, men "-owiç" däl, men — türkmen ogly!
Azajyk patriotizm :-)
-
A93
3 years ago
- Erbet däl. Ýöne köpüsi bärden gaýdýan ýaly
-
Pegas
3 years ago
- @A93, Tirkiş Jumageldimi?
-
Ulugyz
3 years ago
- Buýsandyrdy))
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Arman, Aýgytly Ädim kinofilimnden alynan surat gynandyrdy. Sebäbi şol filmiň soňunda Ak Patşa züwwetdin edilip görkezilýär we bu ýalan ssenariýa. Türkmen baýlary gazaply bolupdurlar emma filmde hemmezat gaty beter çişirilen!
-
soho
3 years ago
- Gaty gowy
-
Ulugyz
3 years ago
- Aynanam goymaly ekeniniz ))
-
A93
3 years ago
- Sapa, hawa.
-
A93
3 years ago
- Alty Garlyň hem beýlebir gowy adam däldigini okapdym. Özem anyk we dogry zatlary. Ýöne kino sungatyny ösdürmek babatda eden işlerem az däl.
-
Ýolagçy.
3 years ago
- Saňa bu şahslary agzyňa alma diýip aýtmanmydym?! Hehaý haramzada? Sen şularyň haysy-ça bar aýt hany? Bolşuň gursyň suka!
27,12,2020ý.16:23
-
Ýolagçy.
3 years ago
- Olar nä seniň ýaly bolup gezipmi?
-
Pegas
3 years ago
- Ýolagçy., aýdypdyň. Sen nä meň kakammy onsoň diýeniňi eder ýaly?! Pygambermi ýa meň agammy sen? Agyr sözler bilen gaty göwnüňe degmek isleýänimiň sebäbiniň diňe seň inwalidligiň we psihiçeskiý bolnoýlygyň üçindir.
-
Ýolagçy.
3 years ago
- Pisihiçeski bolnoý ozalam häzirem sendiň dostum!
-
Ýolagçy.
3 years ago
- Niýeti gowy adam bolnoýmyka? Şuňa bolnoý diýmekligiň özi şeýle keseli ötüşen adamyň gepi.
A93 3 years ago- Tirkiş agaň "owiç-iňi" aýyrsana diýeni ýadyma düşdi )