Bu gün maňa ýylgyraňok diýme, ýar,
Agyr degýär seniň bilen hoşlaşmak.
Dogry dälmiş ýakynlaňdan soraman,
Öz erkiňe halal söýgä baş goşmak.

Bilýän, ejeleri agladanyňdan
Çyn söýgiň ýoluny baglanyň gowy.
Erte bütin ömrüň aglap geçenden
Häzir birnäçe gün aglanyň gowy.

Käte, düşünmedim, ynjyk bolupsyň,
Ýa men ejiz geldim akyl ýeti:rden.
Ýöne men, barybir, göwnüňe degmän,
Saňa kynlyk bilen akyl ýetirdim.

Sözüm ýok ýüregiň gözelligine,
Bilýän aladadan dolup duranny.
Dynnym ýaljak göwni üçin özgäniň
Gördüm öz göwnüňi bölüp duranňy.

Juda kän isleýän bagtly bolarňy,
Gülki sesiň uzaklardan eşdilsin!
Emma meni her halda-da unutma,
Mukam bolup gulagyma eşdil sen.

Bu uzak ýollaryň öwrümlerinde
Bize nesip etsin soraşmak ahwal.
Bu gün maňa güleňok bir diýme, ýar,
Belki-de, şo mahal gülmegim ahmal...


Güljan Durdyýewa

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir