Ýene-de sen hakdaky oýlar bilen ikiçäk otyryn. Hemişekiler ýaly, ýene-de seniň bilen derdinişesim geldi...
Sen gideniňden soň men ýalňyzdygyma has beter göz ýetirdim. Bu gelen güýzde baglardan tänýän sary ýapraklar göýä sensiz geljegimiň ýowuz buşlukçysy ýaly... Ýapraklaryndan jyda düşen çüw-ýalaňaç baglar meniň çolaran durmuşyma kybapdaş...
Birden-birden demligim gysylyp, ýüregimi bir gara güýç mynçgalaýan ýaly... Göýä depämden asman inip gelýän ýaly, ýygy-ýygydan hopukýan...
Bir-birege pikirler, bir-birege gatnaşyk, bir-birege garaýyşlar üýtgese-de, saňa bolan duýgym hiç üýtgemedi. Gan ýuwudyplar öldüresim geldi bu duýgyny, bolmady...
Herhal, meni bir zat köşeşdirýär:
Sen tanyşan günümizden aýralyk gününe çenli meni öz aladalaryň bilen gurşap aldyň. Seniň aladalaryň astynda ýaşamak şeýle bir lezzetlidi. Şol lezzet indi gursagymda dowamly sanja öwrülip, müdimilik ýer etdi.
Henizem guşlar sen hakda saýraýar. Suwlar sen hakda pyşyrdaýar. Ýagyşlar seniň sesiň bolup şabyrdaýar. Güller seniň ysyňy ýatladyp bark urýar henizem. Güýz gijesinde çyg düşen ýapraklar seniň iň soňky duşuşykdaky ýaş damjalary ýol ýasan ýüzüňi ýatladýar...
Hawa, bu gün ýene-de, hemişekiler ýaly, seniň bilen derdinişesim geldi...
 
 2015ý.
 

 Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir