Şu gün irdenjik üstümdäki gowy ýapylan ýorgany aýyrdym-da, dogup gelýän gowy Güne seretdim. Soň ýerimden gowy edip turdum. Gowy edip ýuwundym. Ondan soň gowy komnatdaşym gowy çaý demläp goýupdyr. Ol hem gowy çäýnegiň içinde. Soň gowy käsä gowy çäýnekdäki gowy çaýdan gowy edip guýdum. Soňam, gapdalda gowy gapda gowy süýjiler bar eken, olardan birini gowy edip iýjek bolup durkam çaýymyň içine "gowy" siňek gaçan eken. Ol siňegi gowulyk bilen çykardym, "gowy sözler" aýtdym. Soň gowy köýnegim, jalbarym bilen gowy penjegimi geýdim-de, gowy köwşüm bilen gowy ýola çykdym. Gabat gelen gowy adamlar bilen gowy edip salamlaşdym. Ýolda-da gowy maşynlar bar eken. Olaryň içinden gowusyny gowy edip elimi galdyryp sakladym. Ol gowy edip durdy, nirä gitmelidigimi gowy edip düşündirdim. Sürüji gowy adam eken, gowy gürrüňler etdik...
Gowy institutymyza baryp, gowy edip okadym... Gowy institutdan gelenimden soň gowy ýadadym. Gowy naharlananymdan soň gowy telefonymdan internede baglanmak isledim. Olam gowy işledi. Ondan soň gowy saýda girdim-de, gowy agzalara şu günki eden gowy işlerim barada gowy edip ýazgy ýazdym.
Gowulykda görşeliň!
Oňarsak, bar zady gowulyga ýoralyň! ))

2015ý.


Sapa Hommadow

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir