Harplar agladyp gördümi seni? Käteler ýeke özüň uzaga gitmek islediňmi? Näçe gezek arkaňdan ok atyp gördüler? Guşuň ganadynyň pasyrdaýşy ýaly, ýüregiň tebsireýärkä ganadyňy gyryp gördülermi? Ýa-da ruhuňy gabap gördülermi? Şatlanyp gördüňmi ýönekeý zada? Ýüregiňe ynanyp, beýniň azaşyp gördümi? Iň gowy häsiýetleriň sebäpli zyýan çekip gördüňmi? Nätanyş biri salam berip gördümi? Ejeňe, kakaňa seredip, içiňden: "Hudaýa şükür!" diýip gördüňmi? Doganyň kesellände aljyrap, özüňi ýitirip gördüňmi? Geljegiňi arzuw bilen bina edip, soňra bir-birden kerpiçlerini söküp gördüňmi? Aýtsana, niýetiňi çaga ýaly päk saklap gördüňmi?..
Muňa "Ýaşamak" diýýärler!..
Ýöne näme üçin meň ruhum ejir çekýär şu wagt, edil şu pursat?! Biri gelip, ýüregimi alyp, mynçgalap-mynçgalap yzyna salan ýaly. Öňküligi däl...
Dünýeden giden bir ýakyn dostum bardy. Şonuň: "Ты главное верь!" diýen sözi ýaňlanýar gulagymda. Şol jadyly söze ynansam, öňkim ýaly bolarynmykam?! Men ynanmaly. Ine, görersiň, şol gün geler, durmuş bilen ýaraşaryn. Ene süýdüni emen ter günlerim ýadyma düşer. Gurbannazaryň güýzleri gaçybatalgam bolar. Olar, hamala, ter çagalygyň bigünä ýaýlasynda güýzden galan sary ýapraklar ýaly diňşirgenmegi we meýmiremegi ýatladar. Ine, görersiň...


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir