Adatdan daşary KONFERENSIÝA AGŞAMY)

Şu gün men geçiräýsem diýýän konferensiýa)) Kimler goşulmaga isleg bildirerkä?)

Dowamy »

1050 29
Sorag-jogap, 3 years ago


21-nji mart — BÜTINDÜNÝÄ POEZIÝA GÜNI

POEZIÝA

Poeziýa döredijiligiň iň kyn çylşyrymly ugrudyr. Goşgynyň berýän ryhy lezzetini hiç zat berip bilmeýär. Döredijilikde hakyky poeziýanyň derejesine ýetjek başga hiç bir zat ýokdur. Goşgynyň üsti bilen aýdyp bolmaýan zat hem ýok. Ýöne gep aýtjak pikiriňi goşgynyň üsti bilen aýtmany başarmak ussatlygynda. Goşgy bilen aýdyp bolma...

Dowamy »

726 4
Edebiýat, 3 years ago


Ahwal

Azaply hatalar jigeri kertip,
Ýaşaýyşa bolan yhlasym kemdi.
Erkim elden gidip, dünýä sygmadym,
Bir demde bar zady ýoklasym geldi.

Takadam galmady ýetmäge ertä,
Arzuwy ýakmaga dözüp başladym.
Geldi-geçer duýgularyň kirşini
Gözlerimi ýumup üzüp taşladym.

Jahana inmändim kemrysgal...

Dowamy »

742 5
Edebiýat, 3 years ago


Mährem ojak!..

Mährem ojak!
Soňky pursat gaşyňda
Hoşlaşmak isleýär bu däli göwün.
Gaýtaryp berilmez...
Bilýän bolsamam,
Kalbyma gozgalaň tokunýar bu gün...

Leksiýa, seminar, çäre, zarýadka...
Halypalaň söhbetiniň yssysyn,
Küýsärin, näçe kyn, agyr bolsa-da,
Ekzamenleň, zaçýotlaryň hossasyn.

Dowamy »

794 2
Edebiýat, 3 years ago


Aglamaga tapylsady bahana

Ölen söýgiň agysyny aglardym,
Aglamaga tapylsady bahana.
Ýüregime dözüp, oda daglardym,
Aglamaga tapylsady bahana.

Ahmyr ýaşy gursagyma siňip dur,
Ne-hä köşeşýär ol, ne-de diňip dur...
Bokurdakda bir uly daş doňup dur,
Aglamaga tapylsady bahana...

Sende diňe hasrat barmy, eý dü...

Dowamy »

770 5
Edebiýat, 3 years ago


“Iň bolmanda, sen-ä wepaly maňa...”

Her säher oýansam, alyp başujum,
Ýylgyryp oturýaň gözlerme garap.
Şonda sähel salym göwnüm göterlip,
Dartgyn damarlarym ýag kimin eräp,
Süňňüme birgeňsi kuwwat inýär-de,
Ýeňil-ýeňil hereketlem köpelýär.
Gama bolup ýüregimi dilimlän
Gussalarym edil şol wagt kütelýär.

Ýanymdan gideňok, t...

Dowamy »

832 7
Edebiýat, 3 years ago


«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň yglan eden bäsleşigi jemlendi

15-nji martda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Ýatladyp geçsek, bäsleşigiň şertine laýyklykda, 6-15-nji mart aralygynda isleg bildiren her bir adam bäsleşigiň başlanandygy baradaky habara «Turkmenportal» saýtynda we sosial sahypalarynda özüniň teswirini gald...

Dowamy »

814 9
Täzelikler, 3 years ago


“Men — durmuşyň öweý ogly...”

“Dogry” diýsem, “egri” diýdi,
“Egri” diýsem, “dogry” diýdi.
Bagta ýetsem: “Sen bagty
ogurladyň, ogry!” diýdi.

Aga-gara düşünmeýän
çagajykkam “uly” diýdi.
“Adamlary köp söýýärsiň,
Sen — söýginiň guly!” diýdi.

Hut şoň üçin adamlary
Söýmegimi assa-assa
kemiberdim...<...

Dowamy »

853 7
Edebiýat, 3 years ago


Söýgi..

“Мы в жизни любим только раз, а после ищем лишь похожих”
С.Есенин


Pessaýja hiňlenip aýdym aýdardyň,
Sesiňi çykarman diňlärdiň şygyr.
Şol ýuwaşja aýdan aýdymlaryňam,
Saňa goşgy diýip aýdanlarymam
Ýatlamak, ah, häzir şeýle bir agyr.

Ý...

Dowamy »

1067 42
Edebiýat, 3 years ago


“Ir säher “Ertiriň haýyr” diýmedim...”

Ir säher “Ertiriň haýyr” diýmedim,
Hal-ahwalyň soramadym ýygydan.
Düşünýän, kän gezek igenensiňem
Bolmanyma “hyýaldaky ýigidiň”.

Gujak-gujak gül bermedim iller deý,
Doglan günüň ýatdan çykdy kä pille.
Meni “şahyr” diýip söýenem bolsaň,
Şahyrlarça wasp etmedim käkilleň.

Ýöne sen...

Dowamy »

747 4
Edebiýat, 3 years ago


Oýlanma...

Ukladyňmy, dünýäm? Ýa henizem nem ýuwan gözleriňi bir nokada dikip, geçen günleri ölçerýäňmi?
Gör, bu durmuş bizi nädäýdi! Otursak-tursak oýumyza gelmejek ýagdaýlara duçar edip, göwünlerimizi, göwrelerimizi bir-birekden juda alyslara zyňyp taşlaýdy. Säherler kimin täp-tämiz ýüregiňi bimähreme baglap goýaýdy.
Aýtmasaňam, bilýärdim, duý...

Dowamy »

773 8
Edebiýat, 3 years ago


“Ýaşa, dünýäm!..”

Ömrümiz yşk meýidir, barlyk bolsa bir bada,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Ähli gowulyklary görer ýaly birbada,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!

Özüňi aýa, Aýym!
Baryňda göwnüm gurgun,
Düşlemen özge ýerde, bes maňa seniň kalbyň!
Haçan bolsa-...

Dowamy »

823 6
Edebiýat, 3 years ago


PURSAT

Gyz tisgindi,
Özem ýaman tisgindi
Garaşan hem garaşmadyk sözüne.
Aýdylanlar ýürekdendi, kesgindi,
Ýer ýok onda degişmä ýa hezile.

Bütin durky bilen sygjak ol häzir
Tapsa ýerden ýarym garyş gädigi.
Ýaňja eşdenne-de ynanmady gyz:
«Eý-ho!
Eý-ho, hakyt, şeý diýäýdimi?!»

Dowamy »

769 7
Edebiýat, 3 years ago


KEMÇINIŇ ÖLÜMI

Ýok, dost, ýol galmady buýtar-suýtara,
Haýsymyzyň kalbyn awlamady ol?!
Haram duýgymyza meý bere-bere,
Haýsy gujaklarda galgamady ol?!

Biz perde edinip kasamdan, şertden,
Gijäni Geýnäniň şygryndan açyp,
Syndyrdyk ynama meýilli erkin,
Al bile içinden-bagryndan geçip.

Kim oýlandy,...

Dowamy »

721 5
Edebiýat, 3 years ago


“Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar...”

Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar,
Ýekesiräp tukat otyr gijelem.
Ýok, oýlama öler diýip umydym,
Ol ölse-de, ýüregimden giç öler.

Sensiz günlerimiň ýüregi gysýar,
Sensiz dilim kynlyk bilen saýraýar.
Gyzgyn söýgim birikdirer, ynanýan,
Bolubersin ýollarymyz aýry, ýar!

Sensiz günleri...

Dowamy »

993 23
Edebiýat, 3 years ago


Dostluk we söýgi

Ýadymda:
Şol gün gara saçlaryňy penjeläp,
Gözleriňe gan öýdürip, ýürekden
Ýakyp giden ilki söýgiň barada
Gürrüň beripdiň.

Gahar jemlenipdi göreçleriňe,
Ýigrençden dodagyň titredi durdy.
Bilseň, şol gün duýgularym gorjalap,
Ýüregmiň burçuny pytradyberdi.

Söýmek hakda ýa-d...

Dowamy »

959 12
Edebiýat, 3 years ago


“Üstünlik münberinde sözi zenana beriň!”

Zenan bolup, zenan dünýäsi, zenanyň ýüreginiň täsin güýji hakynda ýazmak, bir tarapdan öz-özüňi taryplamak ýaly görünse-de, bu asla beýle däl. Eýsem, zenany zenandan gowy kim tanar?! Erkek kişiler köp babatda zenanyň diňe daşky keşbine laýyklykda baha berýärler ahyry. Ol baha bolsa, tas elmydama diýen ýaly ýalňyş netije berýär. Diýmek, durşy bilen...

Dowamy »

658 5
Edebiýat, 3 years ago


8-nji mart — HALKARA ZENANLAR GÜNÜNIŇ taryhy

8-nji mart — Halkara zenanlar güni ýa-da Bütindünýä işçi zenanlaryň güni aýal-gyzlara garşy jynsparazçylykly düşünjä garşy göreşmegiň günüdir.
Mundan 1.5 asyrdanam köp wagt öň deňhukukly işe deň aýlyk hakyny talap edip we iş ýerlerindäki ýaramaz şertlere garşy janlaryny orta goýup aýaga galan aýal-gyzlaryň bu günki-gün atlary ýatdan çykyp gi...

Dowamy »

918 2
Sorag-jogap, 3 years ago


Söýgi goşgusy...

Seniň päkligiňe, päkizeligňe
Ynanjym şeksizdir,
ynamym hakdyr!
Çünki men hemişe, nirde bolsamam,
Seniň islegiňe, göwnüňe bakdym.

Sorap-idemedim töwerek-daşdan,
Ýa bildirmedimem çekýänim zaryň.
Ynha, bu gün ýene armanym süýräp,
Şol hoşlaşan ýerimize barýaryn.

Bu ýer maňa...

Dowamy »

894 15
Edebiýat, 3 years ago


MART DUÝGULARY

Şygry bilen gelýär ýazyň howasy,
Goşgyň bogny pyntyk bolup ýarylýar.
Ýürek gürsüldände wagtyň owazy
Sagadyň sesi deý howa garylýar.

Goşgularmy aldym ýazyň joşundan,
Yşnagymy yşka daglap nije men.
Ine, ýene zyba gyzlaň gaşynda
Söýgi sözlerinden baglaýan çemen.

Gözýetimde älemgoş...

Dowamy »

676 0
Edebiýat, 3 years ago


Ynha, bahar!..

«Baharda gelerin» diýip gidipdiň,
Ynha, bahar!
Ynha, ýagyş!
Ynha, men!
Ýollaryňda sergezdan men, tenha men.
«Gelerin — diýipdiň — ýollary aşyp»,
Ynha, bahar!
Ynha, ýagyş!
Ynha, men!
Ynha, penjireden sowujak şemal
hemem ýagşyň sesi gelýär çalaja.
Gazetlerem öňküsi deý dur ç...

Dowamy »

663 4
Edebiýat, 3 years ago


TÜRKMEN!!!

Aşakdaky ýaly tire-taýpaly tema gozgalsa, soňunyň hökman tireparazlyga barjagy ikuçsuz! Sebäbi "keçetelpek" türkmen-dä biz! Kyýamat-magşara çenlem düzelmeýär biziň şu hapysa häsiýetimiz! Taryhda-da biz babatda biziň şu tireparazlygymyzy ulanyp, "Agzyny alart-da, höküm sür!" ýörelgesini ulandy beýleki milletler!
A-how, pekge, bir zada düşün:<...

Dowamy »

942 16
Sorag-jogap, 3 years ago


BAHAR GOŞGULARY

BAHAR GÖRNÜŞI

Ýaz ysynyň ýaýran gündizlerinden
Hem gijelerinden beleňlän dünýä,
Çasly gülküleriň, ýylgyryşlaryň
Salkyn saýasynda seleňlän dünýä
Gözüne güýdüşip gussadyr gamyň,
Janly-jemändäni gujaklap otyr.
Ol pursat berenok hasrata, kinä,
Kalplary bilniksiz gyjyklap otyr
Hem gö...

Dowamy »

746 3
Edebiýat, 3 years ago


“Ezizowyň emri bilen...”

Ertir, baharyň ilkinji güni öz gysga ömrüne garamazdan XX asyr türkmen edebiýatynda uly yz goýan şahyr Gurbannazar Ezizow aramyzda gezip ýörenliginde 81 ýaşamalydy. Ba­ha­ryň il­kin­ji gü­nün­de biziň ýa­dy­my­zy tä­ze­läp, gu­wan­jy­myzy, buý­san­jy­my­zy be­len­de gö­te­rip, türk­men ede­bi­ýa­tyn­da şyg­ry­ýet älemi­ni öz­ger­den şa­hy­ry­myz Gu...

Dowamy »

842 9
Edebiýat, 3 years ago


Michael Jackson hakykatdanam öldümikä?...

2009-njy ýylda Michael Jackson öýünde öli tapyldy. Onuň şahsy lukmany Conrad Murray aýdymçynyň neşe serişdelerini ýokary derejede kabul edenligi sebäpli ýüreginiň durandygyny aýdyp beýanat berdi. Emma M.Jackson'yň köp sanly yzarlaýjysy ol öleniň M.Jackson däl-de, tennisçi Sergio Cortes'digini öňe sürýärler. Sebäbi Cortes diňe bir daşky keşbi boýunç...

Dowamy »

1397 110
Sorag-jogap, 3 years ago