"Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş imdi!"
Seýitnazar Seýdi
Saňa ýürek sözlerimi diýeýin:
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Bäş ýyl geçip gitdi bäş sagat deýin,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Köýteniňden şypa tapdyk — kän gezdik,
Ýazlap ýaýlalaňda, derýaňda ýüzdük,
Bilýän, nije myhman alansyň biz dek,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Sende dostlar tapdyk, gazandyk gardaş,
Ogullaryň — dogan, gyzlaryň — syrdaş,
Ýigrim ýedi däl-de, hemmämiz — bir baş,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Ýok, bu goşgy hasrat däl, gaýgy däl,
Bu — söýgimiz!
Bu — adaty söýgi däl,
Sende doly ynsanlaşdyk, öwgi däl,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Ýagşu-ýaman ýatlamalaň pursady
Entek kän-kän bezär durar gursagy.
Wah, elde bolsady, wagtam dursady...
Nätjek-dä...
Gitmeli...
Lebap, hoş indi!
Sapa HOMMADOW
Sada... 4 years ago- Salam @Pegas eger kyn gormesen sadyga gidyan caga un 3 4 bent taze yyl hakynna yeniljek aydylyan gosgy goyup beray.