Birmahallar uniwersitetde okaýarkak professor Nazar Gullaýewiň edebiýat boýunça sapak geçilende Gündogaryň paýhas çyragy, sekiz asyryň serweri Jelaleddin Rumynyň bir sözüni aýdypdy leksiýada, ýadymda:
“Biziň bakdygymyz köňüldir, başga bir zat däldir”
Bu jümläni uniwersitet depderinden tapmasam-da, köňlümiň “depderinde” hemişe belläp goýupdyryn.
Meşhur režissiýor Mehmet Bozdagyň ýolbaşçylygynda surata düşürilen “Diriliş.Ärtogrul” filmi tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagyny entekler hem dowam etdirýär. Belki-de, ýene nijeme ýyllardan soň: “Bu filmi täzeden görermiň?” diýen soragy berseler, eglenmän: “Hökman!” diýerdim.
Çünki filmde tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan baş rollardaky ýigitleriň taryhda mertligini, olaryň Anadoly topraklarynda türkmen Baýdagyny dikişleri, öz nesliniň dowamyny dünýä ýaýratmak üçin eden işleri bu günki gün bize biziň köpümizde watançylyk duýgusynyň ýokdugyny, düýbünden ýokdugyny ýatladýar.
Elbetde, meniň aýtjak bolýan zadym bu tema däl. Men şol filmde baş rolda oýnaýan meşhur artist Engin Altan Düzýatanyň filmdäki ýeri hakynda we onuň öz dünýäsini orta goýmagy hakynda gürrüň etmek isleýärin.
… “Watan” diýilýän ýollarda köňül söýgüsini goýmak, şemally bedewiň üstünde ok atmak, ýaý atmak nijeme asyrlar türki halklaryň, tä şol söze özümiziňki diýýänçä, garaja derine öwrüldi. Her derde bir “Watan” sözi ýazylan damarlar ýazylsa-da, düýrülse-de, şol sözi gaýtalady. Diýdi ki: “Sen bolmasaň, biz-de ýokdurys”
Emma bu-da däl meniň aýtjak bolýan zadym: diýmek ki has ötelerde, aňyrlarda, Nazar Gullanyň ümsüm sapagynda. Jelaleddin Rumynyň dünýämi özgerden sözlerinde, ümsümlige aralaşan, kimsäniň görüp hem- de baha berip bilmeýän ägirt gudratly güýjünde, KÖŇÜLDE.
…Meşhur aktýoryň deminde bile köňül harmany öz bardygyny görkezýär. Elbetde, ekrany duýmak her kese berilmese-de, ol özüniň ekranda däldigini, durmuşdadygyny subut edýär. Ol dogrudan hem ýaşaýyşda. Filme täzeden tomaşa edeniňden soň bir zada göz ýetirýärsiň:
“Köňlüň haýsy burçundan bakýarsyň?”
Bu soragy özüňe berýärsiň.
Ýöne sen onuň köňlüne nireden bakýarsyň? Ine, meşhur aktýor barada öz-özüňe nije sorag berseň hem, şol bir nokada gelýän pikir seni öz erkiňe goýmaýar: aktýoryň döredijilik ussatlygynda köňlüň burçundan dünýä bakmak bar.
Kim bilen haýsy dialog guranynda-da, nijeme gezekler täzeden aýlanyp pikirine geleninde-de, özüne erk edip bilýändigi tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär. Haýsy rol bolsa-bolsun, haýsy burçy bolsa-bolsun, nirede bolsa-bolsun, “Diriliş.Ärtogrul” filmine keşp berenler bilen köňli bir bolan aktýor barada “köňül burçundan bakan” diýip emgenmän aýtsa boljak.
Göýä käte-käte filme tomaşa edip otyrkaň oňa rol berlen däl-de, ol rola berilýär.
Käte-käte ruhdan düşýär, daşky gatlarda uçýar, dolaşýar, täze gatlara çenli ýol aşýar, ýöne bir zat ony gününe goýmaýar:
Bir bitewi göwräni döretmäge synanyşýar. Soňra-da seni rolunda bir älemiň içine atyp goýberip, ekrandan gaýyp bolýar. Sen ony ekrandan gözleýärsiň. Deň-duşlarynyň gözlerinden, enesi Haýma hatynyň sözlerinden, taýy Halyma Soltanyň gözlerinden, Turgutyň wepalylygyndan, Bamsynyň ynamyndan, Artyk begiň oňa guwanjyndan… Gözläp barýarsyň, gözläp barýarsyň… Soňsuz gözläp barýarsyň. Birden hem seniň gözlän ýoluň onuň özi bile seniň içiňdäki ýoluň ýüpüni dolap, şol ýüpi bile göterişýär…
Ol öz derdi bilen seni dertlendirýär, gyzgynlygy bilen ýyladýar, sözleri bilen watany söýdürýär…
Ondan ruh alýan köňüller Haka ýol açylýandygyna düşünmäge başlaýar. Soňra bolsa, öz ýoluňy dowam edýärsiň. Şeýdibem köňlüň yzyndan gidip barýarsyň. Göýäki seniň gapdalyňdaky podýezdde ýaşaýan goňşyň ýaly, täsin hem ýakyn. Göýä seniň obadaky seniň ýylda bir gezegem bolsa geleriňe garaşýan jigiň ýaly, mähriban hem-de baky…
Hawa, täsin hem ýakyn!
Ol baglar hiç mahal üzülmejek baglar, çünki olar Taňrynyň adamzat arasyndaky ören “tory”. Şol tor bilen köňülleri biri-birine baglan duýgular alyslara uzap gidýär. Möwlananyň bakan burçundan, köňül burçundan seretdikçe, sen gahrymanyň üstünligi bilen şatlanýarsyň, gahrymanyň üstünligi bilen asmana galýarsyň, onuň gaýgylaryna şaýat bolýarsyň we ş.m.
Eýse nädip?
Ussatlyk ýeterlikmi? Meniň pikirimçe, ynanç gudratly duýgy, öz edýän işiňe ynanmak, onuň demi bilen ýaşamak, şol ýerden özüňe beýik basgançaklary, köňül basgançaklaryny döretmek, ine, gerek zat. Ýeterlik diýmedim, gerek zat!
Taňrynyň kök uran köňül baglarynyň nijemesini eliňde saklamaly dünýäniň ýüpüni özüňe baglamak üçin. Meşhur aktýor Engin Altan Düzýatan nijeme ýyllardyr “Diriliş.Ärtogrulda” ekrandan düşmän ýaşaýar. Çünki adamlara köňül bagy gerek. Şol baglaryň ýüpleriniň bakylygy we olaryň üzülmezligi welin, hökman…
“Diriliş.Ärtogrul” filminiň ussat aktýory, Ärtogrul Gazynyň ekranda köňül mertebesine getiren Engin Altan Düzýatana “Gelejegi nazarlaýan täze işlerinde üstünlikler hemra bolsun!” diýesimiz gelýär.
Oguljennet Bäşimowa, şahyr.
Köňlüniň baglaryna ýesir düşüren
-
A93
3 years ago
- Okap bilemokda... Näme üçin okar ýaly edip ýazanoklarka? Ýogsa gowy ýazylanam weli...
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Ýalňyşmasaň öň hem kitapçyda goýlupdy öýdýän şu makala
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- *Ýalňyşmasam
Pegas 3 years ago- Ärtogrul Gazyň hakyky keşbi indi diňe şu aktýoryň keşbinde göz öňüme gelýär meň hem.