Bilşimize görä asgyrmagam üsgürmek, ýa hyçgylawuk tutmak ýaly zatlar adaty zatlar. Ýöne bularyňam öz sebäpleri bar. Mysal üçin biziň bokurdagymyz gijände ýa sowuklanda üsgüresimiz gelýär.
Asgyrmak nähili? Öz bilýän maglumatlaryma görä, adam asgyrjak bolanynda ýüregi durýan eken. Soňra tàzeden işläp başlaýar. Üns beren bolsaňyz näme üçin adam gözüni açyp asgyryp bilmeýär? Hökmany suratda ýumýar. Bu hem ýüregiň duranlygy üçin.
Birem meniň pikirimçe biri asgyranda "Hak söz" diýäler. Aslynda ýalňyş "Şükür et" diýseň has dogry. Sebäbi adamyň ýüregi şol wagt ömürlik durubam bilerdi. Şonuň üçin şükür etmek has dogry.
Musulman ili "Alhamdülüllah", türk ili " Çok yaşa" diýär. Şulardan ugur alybam bu düşünjämi tankytlap bilerin.
Asgyrmak.(Meniň düşünjäm)
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Bellik:Siziň "Hak söz" diýen sözüňizi aýdyp yrym etýäniňiz üçin bu mowzuk bolup biler
-
LadaKalina.
3 years ago
- bah, biza sabyr et diyyas
-
Nätänyş adam
3 years ago
- @LadaKalina
Hmm, bilemakdym
-
Wrestling
3 years ago
- *bah, biza sabyr et diyyas
Bizem şeý dıýýäs
-
Wonderfull
3 years ago
- Asgyra-Asgyra jan girer, palaýa-palaýa jan girer diýipdirler.
-
Wonderfull
3 years ago
- Asgyra-Asgyra jan girer, palaýa-palaýa jan çykar diýipdirler. Palasalar kän halamok! ***
-
Xyivenia
3 years ago
- Bizde "Hak soz" hem diyilyar, kici cagalar asgyranda garryja mama bol ya-da garryja baba bol hem diyilyar.
9.04.2021 7:21
-
korpejik
3 years ago
- ASGYRAN WAGTYŇ OKALJAK DOGA
Asgyran kişi: “Elhamdulilllah” diýmeli. Ony eşiden başga biri hem: “Ýerhamukeallah” diýmelidir. Asgyran kişi, ýanyndakynyň “Ýerhamukeallah” diýenini eşidenden soňra : “Ýehdina we ýehdikumullah” diýmelidir. (Buhari, Edep: 125)
Manysy Elhamdulilllah: Allaha şükürler bolsun Ýerhamukeallah: Alla saňa merhemet etsin Ýehdina we ýehdikumullah: Allah bize we size hydaýet(dogry ýol) bersin
Peýdasy Asgyran wagtyň ediljek bu haýyr dogasy Pygamberimiziň (s.a.w) sünnetleriniň biridir. Gündelik durmuşymyzda muny endik edinmek we sogabyny gazanmagy maslahat berilýär. Daş-töweregiňizde bilmeýän dostlaryňyza we ýakynlaryňyza-da öwredip bilersiňiz.
-
yashalym
3 years ago
- Bir tarapdan dogram gelýär. Karoci adam ölüp direlýärdä.
-
Wirus 1
3 years ago
- Perezagruzka
TM. 3 years ago- Asgyrmak- goranys reaksiyasy.Burnun epiteliysine yelmesen mikroskopiki del maddajyklary beden guycli basysh arkaly dashyna cykaryar