Beýik Taňry adamzady ýaradanda birini inçemik, gowşak, tagaşyksyz ýaradan bolsa, ýene birini gysga boýly, el-aýaklary inçe, göwresi dykyz, gysga boýunly, ýene birini uzyn boýly, agaç etli, eginlek, göze ýakymlydan owadan ýasapdyr.
Temperament (hyjuw) boýunça birini çalasyn, hyjuwly, gyzma, başarjaň eden bolsa, ýene birini dogumly, hereketliräk, akylly-başly, gujurly ýasan bolsa, başga birini äwmezek, erjel-tutanýerli, salyhatly edipdir. Beýlekisini gowşak, ukyby pes, öýkelek, ejiz, köpçülige känbir goşulmaýan edip ýaradypdyr.
Çaganyň hüý-häsiýeti ene-atasynyň terbiýesine görä ýaşlykdan kemala gelýär.
«Pylanynyň oguljygynyň oturşy-turşy, özüni alyp barşy, ýüz keşbi edil kakasy-da» diýilýär. Bu adamyň hereketiniň, häsiýetiniň nesilden-nesle geçýändiginden habar
berýär.
Kemsinme – bu daş-töwerekdäki adamlaryň özünden üstün duýgusyndan ejir çekýän şahsyýetlerde ýüze çykýar. Kemsinme ýalňyşmalaryň we şowsuzlyklaryň
netijesinde ýüze çykyp, adamyň özüni alyp barşyna güýçli täsir edýär. Ilkinji bolup
kemsinmäni wenaly psihoanalitik Alfred Adler öwrenipdir.
Kemsinmäniň sebäpleri bilen baglanyşykly gadymy hytaý filosofy Lao-Szi:
«Haçan-da ýer ýüzünde gowulygyň nämedigi bilinmänkä erbetlik ýokdy, haçan-da ýer ýüzünde owadanlygyň nämedigi bilinmänkä betnyşanlyk ýokdy, bar zat deňeşdirme netijesinde ýüze çykýar» diýipdir. Kemsinýänler özünden uzyny görse özüni girdenek, semizi görse özüni hor, akylly-başlyny görse özüni samsyklaç, edermeni görse özüni gowşak, dereksiz, owadany görse özüni betnyşan, batyry görse özüni gujur-gaýratsyz diýip kemsinip ýör. Adam töweregindäkiler bilen
özüni deňeşdirip, käsi öz keşbine göwni ýetmän, öz güýçsüzliginden, aň derejesiniň
pesliginden kemsinip biler. Bu duýgy adamy öz kemçiliklerini düzetmäge itergi
berip biler ýa-da tersine, ýerine gowuşmadyk islegleri we jogapsyz duýgularyň
esasynda aňda ýaramaz pikirleri döredip, geljekde özüne we ýakynlaryna zyýan
berjek şahsyýeti hem kemala getirip biler. Kemsinýän bus-busrak, az gürlegen,
çekinjeň, gorkak we dartgynly bolýar. Kemsinme käwagt erksiz sakawlamanyň
döremegine sebäp bolsa, kähalatda onuň tersine sakawlama kemsinmä sebäp bolup biler.
Zabun terbiýe alan çaga utanjaň, gowşak, ýygra, başarjaňlygy pes, känbir ile goşulmazak, pes göwünli, ile çyksa kemçiligi görünäýjek ýaly, köpçülikde özüni
oñaýsyz duýýar. Özünde kem bar ýaly, ol hem ile aýan bolaýjak ýaly bolup, özüni
bus-bus alyp barýar.
Kemsinme, şol sebäpli döreýän göwnüçökgünlik duýgusy çagalyk döwründen başlaýar. Çaga ýeterlik üns berilmezligi ýa-da yzygiderli tankyt edilmegi onuň
mertebe duýgusynyň sagdyn ösmegini bökdäp biljekdigi ylmy taýdan subut edildi.
Bu ýagdaý çagany ruhy taýdan göýdüklige eltip bilýär.
Kemsinme, esasan, ýaşlykda ýüze çykýar. Sebäbi, ýaş çaga entek ejiz, her hili daşky täsirlere duýgur bolýar, göwnüne alagan bolýar. Mekdebiň başlangyç synplarynda okaýan okuwça mugallym ýa-da ýakynlarynyň biri «samsyk»,
«lellim», «pöwhe», «emelsiz», «hargulak» ýaly sözleri aýdanda, göwnüne alagan okuwçy hakykatdan hem özünde ýetmezçilik bar ýaly duýup başlaýar. Onda ýuwaş-ýuwaşdan kemsinme duýgusy döreýär. Ýetginjeklik döwründe kemsinýänler aýnaň öňüne häli-şindi baryp, özüne seredip, burny somalyp duran, gulaklary harry, elleri-aýaklary uzyndan betnyşan, damarlary çykyp duran ýaly duýup, «meniň
iliňki ýaly durkum ýok» diýip, kemsinmeklik has-da beterleşýär. Kähalatlarda gorkup, howatyrlanyp, lapykeç bolýar. Käbir oglanlaryň köpçülikde öz seksual ukyplary barada öwünip, üstüne goýup geplemegi şol ugurdan pesi öz ukybynyň
onuňkyça ýokdugyna kemsindirýär. Söhbetdeşlikde eşidende ýa-da hammamda görende özünden göwni geçip öýlenmän ýörenler, gyzlaryň içinde bolsa «ol menden owadan, görmegeý, men onça ýok, menden ene bolmaz» diýip, kemsinip durmuşa çykman ýörenler hem bar. Kemsinýänleriň köpüsi öz ýagdaýyna düşünip, takdyryna kaýyl bolup, känbir üns bermeýän bolsalar, beýlekileri takdyryna kaýyl bolman, ýüregine salyp, alada edip, özüni gynap, oňly ýatman, horlanyp, newrotiki ýagdaýa düşýär.
Kemsinmeden ejir çekýänleriň seýreginde özüni has kemisli duýup,
göwniçökgünlik (depressiýa) ýüze çykyp, olarda şu durk, görk-görmek bilen ýaşanyňa degýärmi diýen ýaly, pessimistik pikirler döreýär.

Maslahat:
* Hiç wagt bir kemsiz gözeliň ýokdugyny unutmaly däl;
* Çagalara hiç wagt oýun edip hem kemsidiji sözleri aýtmaly däl;
* Kemsinýänlere kem ýeriniň ýokdugyny ynandyrmaly;
* Adamyň daş keşbi esasy bolman, onuň içki dünýäsi esasydyr, ýanýoldaş saýlananda onuň daş keşbi däl-de, onuň içki dünýäsiniň gözelligi – adamkärçiligi göz öňünde tutulýar;
* «Her gülüň öz ysy bar» diýlişi ýaly, her bir adamyň hem özboluşly görki, gözelligi bar;

A. Nohurow. A. A. Nohorow
MAŞGALA PSIHOLOGIÝASY

Bilim, Akif_Turkmen tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir