Meni ýitirersiň, bujagaz ýitgi,
Äleme ne ýeňil, ne agyr düşer.
Ýene öňküsi dek gülüp dogar Gün,
Ýene öňküsi dek Aý dymyp ýaşar.
Meni ýitirersiň, ýitenim bilen,
Ne garalar, ne-de saralar jahan.
Ýene öňküsi dek şuwlar gara gyş,
Ýene öňküsi dek gül açar bahar.
Meni ýitirersiň, ol ýitgi üçin,
Üýtgemez älemiň ýekeje gylam.
Diňe bir sekuntlyk gygyrar toprak,
Aýylganç gygyrar: «Ýandy bu oglan!»
Gygyrar: «Köýdürdiň melgun söze uýup,
Söýgiň äpedin, dostlaryň beýgin.
Akylyň-a örän uludy welin,
Akylyň dek uly ýalňyşdyň, keýgim!»
@Wagt bu gošgam señkimi
-
Beyaz gölge
3 years ago
- @wagt senki bolsa yaz derrew eye cykmakar bulam menki diyde
-
Jeksparro
3 years ago
- Gowy yazylypdyr welin, Şu goşgynyň awtory kimkä bilip bolmazmy?
-
Beyaz gölge
3 years ago
- Awtory @wagt bolmagy mumkin
-
Гость
3 years ago
- Bu gosgudan ulurak sahyryn ysy gelya.govy yazylypdyr.irki dowrunkilen biri oytyan
-
Ulugyz
3 years ago
- Haweran daýyň bu goşgusyny men okamandyrynlaý O_o
-
A93
3 years ago
- Kerim Gurbannepesow awtory
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Gowy ýazylan awtor kim bolsada
-
Pegas
3 years ago
- Kerim agaňky.
-
wagt
3 years ago
- Görgüli... Señ yaly juyjekelle ogryñ namesine goriplik etmeli... Şoña duşunmedim...
-
wagt
3 years ago
- Biz iliñ zady b n zatly bolyanlardan dal. Oz zadymyzam ile iydiremzok.
-
wagt
3 years ago
- A93, Kerim Gurbannepesowyñky? Sizi sowatlt okyjydyr oydyadim welin... )))
-
wagt
3 years ago
- A93, dogry.
-
wagt
3 years ago
- Bu goşgyñ Kerim şahyryñ "Menzil" kitabyndandygyny men aydyp biljek welin, muny türksüpük @beyazgölge bir bilyämikä beri?
-
wagt
3 years ago
- @ulugyz yegen, gülkünç dal.
-
ODINOKIY
3 years ago
- Adamlar gijede yatanogai
-
Beyaz gölge
3 years ago
- Wi wagt senki dal ekena bu
-
Beyaz gölge
3 years ago
- Kerim aganky eken yene mowzuklarda seni bellap gecerin reska menki diyip yetisgin
-
LadaKalina.
3 years ago
- +++++
-
wagt
3 years ago
- "Ogurlyk eden utanmaz, üstune gelen utanar" edip yeñäyjek bolyañmy? ))
-
Ulugyz
3 years ago
- Degişjek bolmandym
Aýsenem92. 3 years ago- 👍)))