Salam dostlar. Surata serediň, bu bize öwredilýän ylym, bu gün sistemasy merkezde gün,daşyndan planetalar aýlanýar. Merkuriý birinji, Wenera ikinji, Ýer bolsa üçünji. Birinji we ikinji planeta merkuriý bilen wenera güne ýakyn, olar ýeriň gündüzlik tarapynda dur. Beýleki planetalar mars, ýupiter, saturn we beýlekiler ýeriň gijeki tarapynda dur. Surata üns berip seretsek, merkuriý we wenera diňe gündiz tarapda bolýar. Emma bu iki planetany biz gijede görýäris, bu inkär edip bolmajak hakykat. Wenera planetasyna biz türkmenler zöhre ýyldyzy diýýäris. Indi sowal: Nädip Merkuriý we Wenera gije görünýär? Hat-da käwagt ýupiter we wenerany bir birine ýakynlykda görýäris. Egerde gün merkezli älem modeli dogry bolsa biz merkuriý we wenerany hiç wagt gije görüp bilemzok.
Käpir gyýtaklykda görünip bilýändigni aýdýan togalak ýerçilerede bir sözüm bar: Bu ylyma görä planetalaryň öz hususy ýagtylygy ýok. Olar ýagtylygy günden alýany öwredilýär. Eger käbir gyýtaklykdan Merkuriý we Wenera görünen ýagdaýda hem bu model çökýär, sebäbi bu iki planeta ýerden diňe gijeki bölegi görünmeli. Suraty gowy synlamagy maslahat berýäris!


Bellik: Bu makala ýeriň tekizligni doly subut etmeýär, ýöne bize öwredilen älem modeli ýalňyşdygyny düşündirýär.

Bilim, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir