Men bu dünýeden giderin... Durmushy baky terk ederin... Shonda çyk ýollara! Toý- shagalañ görseñ, hökman sowulgyn! Meni aýdymlaryñ arasyndan taparsyñ! Güýz gelip, töwerek saralanda, sähralara çyk! Men baglardan tänýän sary ýapraklaryñ arasyndan taparsyñ! Gysh gelip, gar ýaganda, çyk ýene sähralara! Meni gar zyñyshypjyk ýören günäsizje çagalaryñ shadyýan gülkileriniñ arasyndan taparsyñ! Ýaz gelip, tebigata jan girende, bir pursatjyk töwerege syn sal! Meni gök maýsalyklardan, ýagysh damjalarynyñ arasyndan taparsyñ! Ümmülmez asmana bakyp, birsalymjyk bir nokada dik gözleriñi! Meni göç eýleýän akja bulutlaryñ arasyndan taparsyñ! Goshgularymy oka! Içine girip oka! Her bir bendinde meni görersiñ! Her bir setirinde men saña seretýändirin! Meni setirleriñ arasyndan taparsyñ! Gyýylma hiç haçan! Gamlanmagyn, melegim! Juda gussadan dashlashyp bilmeseñ, meni ýatlap birpursatjyk gözýash dök! Her damjasyndan meni taparsyñ! Dostlarymy göreñde, meni aralarynda görjek bolup jan çekmegin! Sebäbi, men eýýäm señ ýashaýan dünýäñde ýok..! Meni öz kalbyñdanam gözleme! Çünki, men o ýerde orun alyp bilmändim ahyry..! MENSIZLIK, haçanam bolsa birwagt, ýüregiñe düshüp, janyña jaý tapmasañ, heniz demim gelip-gitýäkä senden eshitmek islän sözlerimi pyshyrdapjyk diý! Men sho pursat señ ýanyñda peýda bolaryn! Ýöne... Ýöne shonda diñ bagtyýar halda duran ruhumy görersiñ....!
Men bu dunyeden giderin...
-
Bahbit
12 years ago
- friendship dost gaty gowy yazlypdyr. Gynandyrjy we durmushda bolyan zatlar
-
turkmenntug
12 years ago
- gorkuzma how Sapa beg ...
kino lenta ýaly bolupdyr...
-
Friendship
12 years ago
- :-d
-
Makintos
12 years ago
- örän manyly ýazlypdyr, ýene ýetirip dur
-
lukmantm
12 years ago
- Hakyky
-
wulkan
12 years ago
- Ol gyzyn kalbynda orun alyp bilmedik bolsanam, bizin kalbymyzda orun alansyn dost!
-
adatyadam
12 years ago
- Meni bir yitirenson gaydyp hich yerden tapman gechersin. Her yerden boleklerime dushan yaly bolarsyn, yone onki durkuma we tutushlygna asla tapmarsyn. Aslynda men ozumem indi onki ozumi her nache kuysesemem tapmaryn.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Wulkan aga goshulyan. Sagbol sapa.
-
aga593
12 years ago
- friendship, agyn yanynda gara, gijanin yanynda gundizi... ve birnache ters pikirlerin bolshi yaly, menem bir ters pikir bolu sana shuny aydasym gelya, sen ol gyzyn yuregine girip bilmedik bolsan, soygi sozuni alyp bilmedik bolsan ol gyz seni name uchin gozlesin, meni gozle-gozle diyip yazypsyn... yuregine gireni gozlar ol gyz, seni name etsin?! yatlamazam...
Makestm 12 years ago- Sagbol awtor gowy yazlypdyr