Täze döredilen film sebäpli Ýakyn Gündogar regionynda anti-amerikan protestleriniň giň gerim almagy bilen bir wagtda, bu filmiň gelip çykyşy barada-da birgiden soraglar ýüze çykdy. Ozalbaşda professional däl kinoçylar tarapyndan surata düşürilen we ”Musulmanlaryň bigünäligi” diýlip atlandyrylan bu filmiň asly ysraýylly amerikan raýaty Sam Basile tarapyndan döredilendigi habar berlipdi. Maglumatda jaý söwdalary bilen meşgullanýan Sam Basileniň bu film üçin ýewreý donorlaryndan 5million dollar pul toplandygy aýdylypdy. Emma indi ”Sam Basile” diýen bu adyň asly müsürli bir kopt-hristiany Nakoula Basseleý Nakoulanyň edebi lakamy bolmagy mümkin diýen garaýyşlar döredi. 56 ýaşly Basseleý Nakoula şu filmi döreden kompaniýanyň ýolbaşçysy hasaplanylýar. Emma Basseleý Nakoulanyň özi bu filme özüniň režissýorlyk etmändigini we ”Sam Basile” diýen adyň-da özüne degişli däldigini aýdýar. Režissýoryň kimligi belli däl Şeýle-de bolsa, mundan ozal birnäçe maliýe galplyklarynda aýyplanyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilen Basseleý Nakoula öz kakasynyň (”Basseleý”) adynyň harplaryny ulanyp, birgiden lakamlardan peýdalanmak aýratynlygy bilenemtanalýar. ”Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme konsultantlyk edendigini aýdýan Stiwen Kleýn hepdäniň çarşenbe güni ”Roýter” habar agentligine beren interwýusynda filmiň režissýory hökmünde görkezilýän ”Sam Basile” diýen adyň hakykatdanam edebi lakamdygyny tassyklady. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, Stiwen Kleýn bu edebi lakamyň Basseleý Nakoula degişlidigini tassyklamady. Ol filmiň hakyky režissýory bilen özüniň bary-ýogyiki gezek duşuşandygyny we onuň ýewreý milletinden däl-de, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň birindendigini aýdyp biljekdigini belledi. Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň ozalky harbysy, häzirki wagt strahowaniýe işleri bilen meşgullanýan Stiwen Kleýniň özi-de birneme dawaly şahsyýet hasaplanylýar. Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir guramalar ony ekstremistik hristian toparlary bilen baglanyşdyrýarlar. Stiwen Kleýniň özi bu maglumatlary ret edýär. Hristian ruhanysy filmi goldaýar Yslam dünýäsinde gahar-gazaba sebäp bolan bu filmi Florida ştatyndan hristian wagyz-nesihatçysy Terri Jons goldap çykyş etdi. Terri Jons şu ýylyň başynda özüniň Gurhany ýakmak çäresini gurnajakdygyny yglan etmek bilen, halkara derejesinde dawalaryň we çekeleşikleriň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy. Terri Jons yslam dini barada döredilen bu täze filmi şu hepde 11-nji sentýabr wakasynyň ýyl dönümine gabatlap, öz dini toparynyň agzalaryna görkezendigini aýdýar. Ol bu filme garşy arap ýurtlarynda möwç alan protestleriň”musulmanlaryň Muhammet pygamberden başga hiç bir zada çydamlylyk etmeýändigini” görkezendigini nygtady. ”Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme konsultantlyk edenligini aýdýan Stiwen Kleýn bu filmi döretmäge gatnaşan adamlardanköpüsiniň musulman ýurtlarynda repressiýalara sezewar edilen we Birleşen Ştatlara emigrasiýa çykanadamlardygyny mälim etdi. Ol bu adamlaryň arasynda Siriýadan, Pakistandan, Türkiýeden, Yrakdan we Müsürden gelen adamlaryň bardygyny aýdýar. Şu hepdäniň sişenbe güni filme garşy gahar-gazap bildiren adamlaryň bir topary Liwiýanyň Bengazy şäherindäki Amerikan konsullygynyň binasyna hüjüm edip, konsullygyň dört işgärini öldürdi. Olaryň arasynda ABŞ-nyň ilçisi Kristofer Stiwens hem bar. Ýokarky surat şol filimden alynan epizot. çeşme: www.azathabar.com
Musulmanlary öjükdiren filmiň syrly taraplary
-
Gooool
12 years ago
- Bu zatlar yorute gurnalyar. Maksatlaram Yslamy erbet gorkezmek. Musulmanlary nache erbet edip gorkezjek bolduklarychada shoncha gotleri achylya.
Beyleki dindakilen bar maksady Yslamy opyrmak. Hachly yorushler onem bolupdyr, hazirem uly depginde, gaty uly depginde musulmanlara garshy dowam edyar.
-
Yzganttm
12 years ago
- Bahhhh gooool aga dogry aytyan
-
sahett
12 years ago
- bu bir liwiya cozusy yaly sebap gerek...obama geplande ol protescylary jezalandyrmak ilcihana cozanlary ucin...ol prostestacylaryn islegi ol kinony cykaranlary jezalandyrylmagy talap edilmagi...eger obama olaryn talabyny basda yerne yetiren bolsa onda yslam halklary beydip mowc almazdy...men hayran galyan amerika ozune degilse halanok basgalara degilse goni gosun suryar olaryn ustune...
-
sahett
12 years ago
- ýalñyş gidaydi oytyan obama özüne degilse göni goşun sürýär basgalara degilse azarynada dal...bu akla sygjak zatmy?
-
Kuraldyshy
12 years ago
- ya, mukaddesliklerin basgalanandaa doga edip oturmak dogry dal aslynda. ay kim bilyar,
-
URGENCLI
12 years ago
- $ol 4 adam nahili öldurildi. Demostransiya esasyndamy ya terror?
-
mirasymyz
12 years ago
- Bashda bu filmi inlis dilinde chykarypdyrlar we kan uns chekip bilnandirler. Sonam arap diline gechirip onam Musurin kanalyndan gorkezipdirler. Ana shondan sonam turupdyr bu gohlar.
Guya tuykur at gazan etjek bolya ol haramzadalar.
Indi tanamayan yok olary. Her kimem nahilika diyip gorjek bolyandyr shol kinony.
Yene shunun yaly yerde Ahyryet yadyna dushup yenleyan. Bulan bu etmishi uchin Allahyn huzurynda hasap berjek gunleri bardyr.
Bizin basharjak zadymyz dine yagshy dilegde bolmak.
Ebrehe goshunyny surup Mekkani yumurmaga gelende Pygamberimizin s.a.w. Atasy Abdylmuttalib Allaha oz oyini ozi gorar diyyar. Shonun yaly Alemler yuzunin hormatyna yaradylan, Kyyamat Pygamberi, Alemlerin Serweri, Iki jahanyn Soltany Muhammet Mustafa S.A.W.-e dil yetirip, gara surtjek bolyanlaram Allahyn ozi jezasyny bersin.
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Dawa turuzyp ele yarag alyp adam oldirmek dine amerikan coregine mesge calmak olar bizin in ejiz tarapymyzy bilip edyaler kitabyna pygamberine pitcin atsak yany parahatlasyan arap yurtlary ayaga galar bizede cozmana bahana bolar%d%atm aga netin palin yoldasyn diyandir bu bozgaklyklar dine ahyretde dal bu dunyede hem yakasyndan tutar bir yerinden cykar
-
Agent007
12 years ago
- Kinony gormeli etdinizay
-
sahett
12 years ago
- mirasymyz gaty dogry aýtýan teke gyzy senem goldaýan sebäbi olara bahana gerek
turkmenntug 12 years ago- hmmmmm....