Seniň şanyňa

Seň keşbiňi synlap durdum bir salym,
Uz näziň bar, görküňe has görk goşýan,
Küştdepdi depýärsiň galgadyp eliň,
Örüm saçlaň ak gollarňa çolaşýar.

Otyryn gözlerimi aýyryp bilmän,
Aýyraýsam derdime has dert goşýaň.
Seniň dideleňde gözlerim galyp,
Nazarym seň nazaryňa çaknyşýar.

Çe...

Dowamy »

1527 1
Edebiýat, yoga tarapyndan 6 years ago

Geçmişde bolan waka

Bir gün Hezreti Omar ( Allah ondan razy bolsun) halyf wagty onuň ýanyna iki sany adam bir ýaş ýigdiň hersi bir tarapyndan tutup südürläp älkeldilerde oňa ýüzlenip :
—Musulmanlaryň halyfasy ine şul ýaş ýigit biziň kakamyzy öldürdi şuňa jeza berip adalatyň bilen höküm görmegiňi soraýarys —diýýärler. Onda Hezreti Omar ýaş ýigde garap aýdypdyr:...

Dowamy »

1796 0
Edebiýat, Barbary tarapyndan 6 years ago

B.Hudaýnazar

Garaz, kimiñ-kimdigi
Ahyrsoñy bilinýä
Bilmän galsak näderdik
Şükür Alhamdyralla

Dowamy »

1528 0
Edebiýat, arzuwym tarapyndan 6 years ago

Atabaý Çarygulyýew Mekdep ýyllarynda

Sazy we sözleri Apbas Mämmedowyňky

Mekdep ýyllarynda sen mejnun etdiň,
Nä günlere salyp maksada ýetdiň.
Bu gün bolsa özgäň  hyýalna gitdiň,
Ýa hazan urdumy hatlaryň seniň?

Sen namart, sen namart, meni aldadyň,
Süýji arzuwlaryma böwet bagladyň.
Bu gün bolsa göz ýaş bilen agladyň,

Dowamy »

1538 2
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Ýagşydyr

Biderek manysyz goşgy okandan
Kuran açyp aýat okan ýagşydyr
Şeýtanyň äkitjek egri ýolundan
Beýik Allaň dogry ýoly ýagşydyr.

Çilim çekip arak içip mes bolup
Nä görgiň adamzat saralyp solup
Namazyňy oka Allaha uýup
Boş ýatandan namaz okan ýagşydyr.

Pikirlen adamzat pikirlen il...

Dowamy »

1772 2
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Körpesi bolsaň

"Öýüň körpesi bolsaň"

Ähli işe ylgap ýetmeli, özüň
Maşgalaň körpe çagasy bolsaň
Gohdur-galmagalam çekmeli özüň
Maşgalaň körpe çagasy bolsaň.

Körpe lälik bolýa diýýäler welin
Men-ä hiç-hili läliklik göremok
Ýöne her maşgala aýratyn welin
Onda-da kyn öýüň körpesi bolsaň.
<...

Dowamy »

1690 2
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 6 years ago

Edep hakynda

Edep hakda

Ynjalykly bolmaly ýöne, duýmaýan däl. Açyk sözli bolmaly ýöne, edepsiz däl.

Ynsan ilki başda ahlak taýdan okamagy gerek, diplomlar hünärler üçindir.

Bizi edepsizler däl-de edebimiz gürleden däldir.

Ýa-ha sözläp biljek sözi bolmaly ynsanyň, ýa-da dymyp otyryp biljek edebi.
...

Dowamy »

1672 0
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 6 years ago

Zäherli çörek

Her näme dograsaň aşyňa, ol hem çykar garşyňa (nakyl)

Gaýta-gaýta öýüniň gapysyny kakyp bir zatlar dileýän aýaldan ýadap, mazaly birahat bolan öýüň hanymy, bir gün ýene şol dilegçi gapysyny kakanda şondan halas bolmaly diýen karara gelýär. Dilegçä biraz garaşmagyny aýdyp aşhanadan bir çörek alyp arasyny açyp içine peýnir, zeýtun sal...

Dowamy »

1591 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Güýz, 10.10.2018.ý. 09:03

Ýere düşdi şagyrdaşyp ýapraklar,
Alnym öpdi güýziň sowuk şemaly.
Damjasyn sepýardi zemin ýüzüne,
Kül reňkli bulutlar örtüp asmany....

Dowamy »

1494 0
Edebiýat, Talypbashy tarapyndan 6 years ago

Gurbannepes Ata ogly barada

Kerim Gurbannepesow şo döwüriň çen bilen hasaplamaklaryna görä, resmi dokumentlere esaslanyp aýdanymyzda 1929-njy ýylda şol wagtky Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda, häzirki Türkmenistan daýhan birleşiginde eneden doglan. Onuň kakasyna Gurbannepes Ata ogly diýer ekenler. Ýeri gelende aýtsak Gurbannepes aga hem degişli äheňde tankytly goşgy düzýän...

Dowamy »

1581 1
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Durmuş toýuň

Bu gün seniň durmuş toýyň
Rowan bolýaň durmuş ýola
Giň töre düşsin aýagyň
Bagtyňyz meňzesin güle.

Ýaryň gelýär eli gülli
Bolsun mydam şirin dilli
Baran öýüň agzalarna
Bolgun mydam güler ýüzli.

Öýe ätläp sag aýakdan
Ojagyňa bolgun söýe
Gaýynlarňa bolup höwür
...

Dowamy »

1497 1
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Irki döwür arap poeziýasyndan nusgalar

Irki döwür arap poeziýasyndan nusgalar

Ykbalym dürli-dürli synaglardan geçirdi,
Synagdan geçdim welin, ýyllar ara açardy.
Döwür meni üýtgetdi, oýnady ýumak kimin,
Özi hiç üytgemedi, aldady tapsa çemin.
Döwür tanaplary bile berk dañdy meni,
Loly oýunlaryn etdi, bilmedi çeni.

Ahmet ibn...

Dowamy »

1362 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Dini Şiri Aýna gyz

(1962-2016)

Durabilbez seni gören adamzat,
Akyl-huşum haýran eden Aýna gyz.
Toý güni synladym seni, perizat,
Ýüregimi weýran eden Aýna gyz.

Boýdaşlaryň bilen dursuň jem bolup,
Arasynda saýlanýarsyň Aý bolup,
Ak ýüzüňde gara gaşyň ýaý bolup,
Akyl-huşum haýran eden Aýna gyz.

Dowamy »

1780 1
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Ogul, Saňa Diýjegim...

Sen ataň-eneň döwlediniň başysyň, nesil ulgamynyň dowamysyň. Sen olaryň gözüniň guwanjysyň, dyzynyň daýanjysyň, biliniň kuwwadysyň! Biz seniň barlygyň bilen bir zatdyrys. Syn edip gör: hatda ösümlikler hem özleriniň dok dänelerini ýere gaçyryp, ýeneki ýyllarda gögerip, pajarlap ösmeginiň, tohumynyň ýitip gitmezliginiň aladasyndadyr. Şonuň üçin hem...

Dowamy »

1370 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň wekilleri baradaky gyzykly maglumatlar

Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň wekilleri baradaky bu gyzykly maglumatlar, mümkin boldugyndan, ygtybarly çeşmelerden ýygnalmaga çalşyldy. Hemmeler üçin gyzykly bolar diýen umyt bilen...

Şahyr Kemal Işanow geografiýany, esasan hem, Hytaýyň geografiýasyny gowy bilýän ekeni. Ol hatda Hytaýdaky haýsydyr bir şäher bilen başga bir şäher...

Dowamy »

4087 1
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Bedirkent

Alyslardan belent bolup görünýär,
Ençe asyr bäri duran, Bedirkent.
Şöhraty hupbaty ýaň salan dünýä,
Adalata ýüzün öwren, Bedirkent.

Abraýy bar, şöhraty bar, şany bar,
Belent serkerdesi Jüneýit hany bar.
Annagylyç Ata gahrymany bar,
Duşmana gurt oýnun guran, Bedirkent.

Pelek ger...

Dowamy »

1548 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Gysganç baýyň soňky oýlanmasy

Köp wagtlap näsag ýatan adam ahyry bu dünýä bilen hoşlaşypdy. Onuň yzynda iki çagasy bilen aýaly galypdy. Olar hem bir öýde kireýine ýaşamaly bolupdylar. Indi hemme zat onuň gerdenine düşýärdi. Öý kireýiniň tölenmänine-de esli wagt bolupdy. Öý öýesiniň olary öýden çykarjak bolmagy bolsa, ony has-da ünjä batyrýardy.
Öý öýesiniň üstüne gelip...

Dowamy »

1618 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Bu-da geçer

Bir gün bir patyşa wezir-wekillerini daşyna jemläp, olara bitirmesi kyn ýumuş buýrupdyr:

- Meň gamly günüm gussamy egser ýaly, şat günümde-de gaýgy-endişäni ýada salar ýaly bir zat tapyň!

Hiç kim patyşanyň göwnüne ýaraýjak zady tapyp bilmändir. Ahyry şanyň sypaýylarynyň biri uzak oýlanmalardan soň bir ýüzügi hökümdar...

Dowamy »

1596 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Uly adam

Gurbannazar Eziz Kakabaý Gurbanmyratlara seýregrägem bolsa söhbetdeşlige gelýär. “Siziň kompaniýaňyz ýaman gowy. Şahyr boljaga gaýnap duran gazan-da” diýýär.

Goý ,”şahyrlaň güni jenjeldir
dawa”—
Diýip, dodak çöwrübersin gedemler,
Bizi şahyr eden jedeller dälmi?

Dowamy »

1361 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago

Goşgym

Wagt geçýär goýup bize ýatlama,
Adamzat geçip dur, yza dönme ýok.
Geçip barýanyndan bihabar ynsan
Gelejege howlugýanny duýanok.

Durmuş sizi ýaşamasyn, gaýtam siz
Bu durmuşy ÝAŞABERIŇ HOWLUKMAN!
Unudyň geçmişiň gaýgy-gussasyn!
Diýipdirler: "Wagt iň gowy lukman".

Dowamy »

1482 2
Edebiýat, Talypbashy tarapyndan 6 years ago