"Öýüň körpesi bolsaň"
Ähli işe ylgap ýetmeli, özüň
Maşgalaň körpe çagasy bolsaň
Gohdur-galmagalam çekmeli özüň
Maşgalaň körpe çagasy bolsaň.
Körpe lälik bolýa diýýäler welin
Men-ä hiç-hili läliklik göremok
Ýöne her maşgala aýratyn welin
Onda-da kyn öýüň körpesi bolsaň.
Gyz bol oglan bol onuň tapawdy ýok
Git diýlen ýere hökman gidäýmeli
Ýadowmy sen ukydamy parhy ýok
Gitmelisiň öýüň körpesi bolsaň
Gowydan- gowy işleriň edersiň
Ýakynlaň edeň işňe at dakalarlar.
Gaharlanarsyň janyňy ýakarsyň
Ine şeýle öýüň körpesi bolsaň.
Annagurban Annagurbanow
Körpesi bolsaň
-
Tahyr92
6 years ago
- Bu goşgyny halamadym. Setirler sazlaşanok.
Yone koprak synanyş. Belki düzeler
Fatality 6 years ago- Kapiýa bulaşygrak diýmeseň