Oslagsyz ýagşylyk

Rus patyşasy Pýotr birinjiniň ýelkenli gämi we korabyllaryň gurulşuk sungatyny ele alasy gelip güýçli arzuw edipdir. Ol ahyryn bu arzuwuna ýetmek üçin işçiniň geýimini geýip Ispaniýa gidipdir,şol ýerde öwrenip maksadyna ýetmek üçin. Ol ýerde bolan wagty Pýotr birnäçe Rusýadan sürgün edilen adamlara gabat gelipdir. Ol adamlar onuň öz buýrugy bilen...

Dowamy »

747 2
Edebiýat, 1 year ago


Ynsan näme üçin ýaradyldy ?

Allatagala dünýäni we älemiñ hemmesini ynsan üçin ýaratdy. Ösümlikleri, haýwanlary, suw, daş, toprak, madda ýaly her bir zady ynsanyñ peýdalanmagy üçin ýaratdy. Ynsanlary hem, özüni tanamalary we özüne ybadat etmeleri üçin ýaratdy. Bu tanamagyñ we ybadatyñ peýdasy hem ýenede ynsanlaryň özünedir. Ymamy Rabbani hezretleri şeýle buýurdy:
...

Dowamy »

1197 12
Sorag-jogap, 2 years ago


Otparazyň musulman bolşy barada.

Basraly Şemun bir otparaz bolupdyr. Şeýlede bolsa müsulmanlara hormat goýýan gowy häsiýetli adamdy. Hiç kim bilen dawalaşmazdy,yalan sözlemezdi, aýdan sözünde durardy we jomartdy,mertdi. Şeýle hem ol özüniň gül ýüzli goňşusy Hasan Basry hezretlerini gowy görerdi,ony uzakdan gelýänini görse aýaga galyp oňa hormat goýardy .
Hasan Basry hz hem...

Dowamy »

649 0
Sorag-jogap, 2 years ago


Akyl, pikr et her haçan ... (Magtymguly)

Akyl, pikr et her haçan ... (Magtymguly)
Ynsan bu dünýä gelip ulalyp akyl-huşa gelenden soňra bu dünýä hakynda ,dünýädäki dowam edýän durmuş hakynda pikirlenmelidir. Adam nädip bu dünýä geldi, adamlaryň bu dünýädäki ýaşaýan ömri deňmi, bar adamlar garrap ýa-da keselläp ölýärmi ? diýen ýaly soraglar barada pikirlenmelidir. Bu dünýä bizi ata-e...

Dowamy »

487 3
Sorag-jogap, 2 years ago


Remezan diýerler aýyň ýagşysyn ...

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn ...
Remezan aýynda agyz bekleýän we beklemeýän musulmanlaryň bilmeli käbir zatlary barada ýatlalyň.Ilki bilen Allatagalaň Remezan bilen bagly Kurany Kerimde buýran zatlary bilen tanşalyň. " Bakara süresiniň 183-nji aýady. Eý, iman getirenler! (Siziň günä işlerden saklanyp) takwalardan bolmagyňyz üçin, sizden öň...

Dowamy »

1109 1
Sorag-jogap, 2 years ago


Iki tymsal

Wagt barada tymsal

Bir gezek Geçmiş,Geljek we Häzir bir ýere ýygnanyp adam üçin olaryň haýsysynyň has möhümdigi barada jedel-çekişmä başlapdyrlar. Geçmiş olara garap:
—Men adam üçin iň esasy zat bolýan ! Adamyny şu wagtky,häzirki durkuna getiren men. Adam diňe mende öwrenen zatlaryny edip bilýär. Adam geçmişde özüne ýakyn bola...

Dowamy »

750 5
Edebiýat, 2 years ago


Asudalygy nädip gazanmaly

Bir gezek bir adam şäherdäki goh-galmagaldan halys ýadap,bezgek bolup özüne hiç-hili sessiz,parahat ýer gözlemegi niýet edinipdir. Ol adam şeýle niýet bilen ýanyna azyk we beýleki zerur gerek zatlaryny alyp tokaýa gidipdir. Tokaýyň içinde şu ýeri ýuwaşlyk ses-üýn ýok diýip hasaplan ýerinde düşläpdir. Ol ýer birbada ýuwaş ýaly görünsede biraz wagtda...

Dowamy »

754 0
Edebiýat, 2 years ago


Ene garnyndaky "söhbetdeşlik"

Eje hakynda tymsal

Bir gezek bir göwreli zenanyň garnynda iki çaganyň düwünçegi (indi dogulmaly çagalar) kemala gelýän ekeni. Olaryň biriniň ady Kiçijik Ynam,beýlekisi Kuçijik Müňkür ekeni.
Bir gezek Müňkür sorapdyr:
—Sen aýtsana dogan, doguluşdan soň hem ýaşaýyş bardygyna ynanýaňmy ?
Ynam:—Elbetde,men doguluş...

Dowamy »

794 0
Edebiýat, 2 years ago


Gyzyl bägül

Bir amerikan deňizçi esgeri gulluk döwri bir nätanyş zenandan hat alypdyr. Ol zenanyň ady Rozady. Olar üç ýyllap hat alyşypdyrlar. Deňizçi onuň hatyny okap,oňa hat ýazyp oňa örän öwrenişipdir we onuň haty bolmasa özüne kyn düşjegini düşünipdir. Olar özleri aňşyrmazdan birek-biregi söýüpdirler.
Haçanda esgeriň gulluk möhleti gutaryp öýüne...

Dowamy »

861 1
Edebiýat, 2 years ago


Gözel gyzy kim alar

Bir obada adatdan daşary görmegeý,göreni öz owadanlygy bilen haýran edýän gözel gyz ýaşapdyr. Ýöne onuň ne adamsy ne-de söýgülisi bolupdur. Onuň sebäbi bolsa şol töwerekde ýaşaýan garry akyldaryň aýdan şu sözi bolupdyr:
—Kim bu gözel gyzy öpse—öler !
Hemmeler ol akyldar garryny örän oňat bilýärdiler we onuň aýdan her bir zady hökman b...

Dowamy »

1120 13
Edebiýat, 2 years ago


Başdan sowmaga çalyşmak

Iki goňşy agzybirlikde ýaşaýan ekenler. Bir gün bir goňşyň çagalary haýsy hem bolsa bir öý haýwanyny alyp ber diýip haýyş edensoňlar bir goňşy öý towşanyny şatyn alyp, ýagny krolik şatyn alyp çagalaryna berip olary begendiripdir. Beýleki goňşam çagalaryna nemes owçarkasynyň çagaşyny alyp beripdir..Krolik alan ony görüp goňşusyna :
—Aý goňşy,...

Dowamy »

821 3
Edebiýat, 2 years ago


Gowy mugallym we ýaramaz okuwçy

Täze okuw ýylynyň başynda 6-njy synpyň klas ýolbaşçysy öňki 5-nji synpda okadan okuwçylarynyň öňlerinde olary synlap durdy. Ol olaryň baryny gözden geçirip:
—Okuwçylar men siziň baryňyzy deň derejede söýýän we guwanýan,sizi ýenede görenime begenýän—diýdi. Bu örän uly ýalandy, sebäbi ol yzky partalaň birinde ýapyrlyp oturan bir oglany asla ha...

Dowamy »

1033 7
Edebiýat, 2 years ago


Akyl pikir et her haçan ...( Magtymgulydan)

Herimiz ahyretiň yolagçysy başgaça bolup hem bilmez. Her kim bir ýere gidende yolda we giden yerinde özüne zerur bolan zatlary alar,artykmaç zat almaz. Gerek bolmajak zady almak akmaklyk bolar. Dünyädende, ahyrede gerek bolanlary almak gerekdir. Iň akylly ynsan, ölüme taýýarlyk görýändir. Iň akmak, dünýäni söýenlerdir.

* Ynsan bir ýe...

Dowamy »

755 4
Bilim, 2 years ago


Biraz zyna barada ...

Biler bolsanyz sonky ýyllar türkmen gelinlerimiziň arasynda hem ärine ikilik edip başga bir erkek bilen bolmaklary ýönekeý zada öwrülip barýar, şolar ýalaklar barada dinimizde näme diýilýär,bimeýänler biler yaly tema açyp paýlaşsaňyz hoşal bolardyk.
(Okyjymyzyň hatyndan)

Adam Allahyň et diýip buýran zatlaryny etmese...

Dowamy »

1464 14
Sorag-jogap, 3 years ago


Biraz arak barada...

Arak adam üçin iň uly duşmanlaryň biridir we hemme erbetlikleriň başydyr.Allahyň kitaby Kurany Kerimiň Maide suresiniň 90-njy aýatynda Allatagala şeýle buýurýar "Eý, iman getirenler! Takyk, arak (şerap), humar, dikilgi daşlar (butlar) we pal (atylýan) oklar şeýtanyň pis-hapa işleridir. Bes, siz halas bolmagyňyz üçin ondan daş duruň!
91. Şeýt...

Dowamy »

980 1
Sorag-jogap, 3 years ago


Peýdasy köp aňsat amal

Bismillanyň adama berýän peýdalary hakynda.
1. Dowzahyň 19sany häsiýeti bar,ýüregi gaty,rehimsiz,aglap-eňräniňe bakmaýan diýen ýaly ,şonuň azabyndan gutulmak islän,şeýle hem yrsgal-berekediniň artmagyny islän adam بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّح۪يمِ Bismilla hirrohma nirrahym-ny (geljek...

Dowamy »

961 4
Sorag-jogap, 3 years ago


Bedinebisligiň netijesi

Haçjaj patyşa wagty emeldarlary bilen atly bir ýerik gidip barýarka bir mellegiň gabadyna baranda mellekden daşyna akan suwa aty taýyp ýykylyp patyşanyň hem aýagy döwlüpdir. Ol gaharjaň zalym patyşa bolansoň ol mellegiň eýýesini çagyrdyp oňa :
—Sen ekin ýeriňe seretmänsiň,suwy bisarpa tutupsyň,ana suwuň ýola akyp şeýle iş boldy seniň jezaň ö...

Dowamy »

1054 2
Edebiýat, 3 years ago


Ilçi-sahaba ABDULLAH IBNI HUZAFE razyýallahu anhu

Başyndan öpülen gahryman ilçi-sahaba
ABDULLAH IBNI HUZAFE razyýallahu anhu

Abdullah ibni Huzafe r.a ömründe döwrüniň iň uly döwletlerinden bolan Eýran we Wizantiýa hökümdarlary bilen duşuşmaly bolan sahabady. Resulallah s .a.w Serwerimiziň Eýran şasyna iberen ilçisidi… Öz sözüni diňledip bilýän çakylykçydy… Sözüni çekinmän söz...

Dowamy »

930 0
Bilim, 3 years ago


Brejnewiň täsin pişigi

Adamlar gadymy döwürlerden başlap käbir zatlaryň bela-beterden,howup-hatardan goraýandygyna ynanypdyrlar. Sowet Soýuzyna uzak wagtlap ýolbaşçylyk eden Leonid Brejnewiň pişigi barada hem geň gürrüňleri aýdýarlar.Geliň indi bu wakalar nähili bolupdyr bu barada giňişleýin bileliň. 1969-njy ýylyň ýanwar aýynyň başyna L.Brejnewiň Hindistana ilkinji resm...

Dowamy »

1143 6
Edebiýat, 3 years ago


Nämeden ýalkanjagyň belli däl ...(rowaýat)

Geçmişde Abu Mansur atly dindar bir adam ýaşap geçipdir. Ölmezinden öň ol bende aglapdyr. Ogly sorapdyr :
—Kaka sen näme üçin aglaýarsyň , ölümden gorkýarmyň. Sen bütin ömrüňe ybadat edip geçirdiň ahyry?—diýipdir. Abu Mansur ogluna :
—Sebäbi gitjek ýerim nätanyş , görülmedik ýer—diýipdir. Abu Mansur uzaklaşman ölüpdir we ony jaýlanlar...

Dowamy »

1625 1
Edebiýat, 4 years ago


Hz Sopy Allaýaryň halypasy

Buharada hijri-kamary ýyl hasaby boýunça1100-nji ýylda din gowşapdyr.9 ýyllap adamlar öňkilerine görä dinden daşlaşyp,bozuk bidgat işler köpelip başlapdyr. Bir gün Ristan bazarynda Habibulla diýen gawun-garpyz satýan ýaş oglan Allahdan dileg edipdir,Allahym maňa ylym berse adamlary dogry ýola çagyrsam diýip. Bir gün agşam ol öňki ýaşap geçen güýçli...

Dowamy »

1333 0
Edebiýat, 4 years ago


Durmuş

Gadym döwürde Durmuş atly bir ýigit ýaşapdyr. Ol güzeranyny oňarmak üçin daş ýerlerik gitmäge mejbur bolupdyr. Onsaň ol bir gün söwda kerwenine goşulyp Stambul şäherine gazanç etmäge gidipdir. Ol ýerik baryp özüne mynasyp iş gözläpdir, sebäbi onuň belli bir ökde hünäri hem bolmandyr. Ýöne, şunça aýlansada iş tapyp bilmändir. Onsaň oňa bolýan ýerind...

Dowamy »

1543 3
Edebiýat, 4 years ago


Her bir zat görünişi ýaly däldir... tymsal.

Bir gezek iki sany ýagşyzada bir baý adamyň öýüne myhman bolupdyrlar. Baý adam gysyk ekeni we olary gowy myhman alyp mynasyp hyzmat etmändir,olar ýatjak bolanda bolsa olara ýerzeminden ýer beripdirler. Ýagşyzadalar görseler ýerzeminiň bir ýeriniň suwagy gopan ekeni.Ýagşyzadalaň ýaşyulysy ýerzrminiň ol gopan ýerini gowy edip suwapdyr. Ýaş ýagşyzada...

Dowamy »

1571 4
Edebiýat, 4 years ago


Geçmişde bolan waka

Bir gün Hezreti Omar ( Allah ondan razy bolsun) halyf wagty onuň ýanyna iki sany adam bir ýaş ýigdiň hersi bir tarapyndan tutup südürläp älkeldilerde oňa ýüzlenip :
—Musulmanlaryň halyfasy ine şul ýaş ýigit biziň kakamyzy öldürdi şuňa jeza berip adalatyň bilen höküm görmegiňi soraýarys —diýýärler. Onda Hezreti Omar ýaş ýigde garap aýdypdyr:...

Dowamy »

1602 0
Edebiýat, 5 years ago


Halallygy ýörelge edinen adam

Horasanyň Merw şäherinde Miladyň 700-nji ýyllarynda bir häkim yaşapdyr. Bu hakimiň maly-mülki ýerinde, sylanýan bir adam bolupdyr. Ol häkimiň şäheriň daşynda hem bir üzüm bagy bar ekeni. Bir gün häkim şol üzüm bagynda işlär ýaly ekin-tikinden başy çykýan Mübärek atly bir guly satyn alypdyr. Oňa etmeli işlerini düşündiripdir. Onsaň Mübärek şol üzüm...

Dowamy »

1809 1
Edebiýat, 5 years ago