Kerim Gurbannepesow şo döwüriň çen bilen hasaplamaklaryna görä, resmi dokumentlere esaslanyp aýdanymyzda 1929-njy ýylda şol wagtky Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda, häzirki Türkmenistan daýhan birleşiginde eneden doglan. Onuň kakasyna Gurbannepes Ata ogly diýer ekenler. Ýeri gelende aýtsak Gurbannepes aga hem degişli äheňde tankytly goşgy düzýän eken. Ýöne tankyt tankyt bolýar, ol ynsanyň ýüreginde azda-kände ar almak hyjuwyny döredýän bolarly. 1937-nji ýylyň tutha-tutlygynda birnäçe bigünä adamlar bilen bilelikde Gurbannepes agada ýygnalýar. Ýöne derňew edarasynda Gurbannepes aganyň bagtyna goşgy diýilýän zada juda hormat goýýan bir adam bar eken. Ol Gurbannepes aga:
- Şu oturan ýeriňden bir goşgy goşup berseň sen azat - diýipdir.
Gurbannepes aga oňa ynanmandyr. Ol:
- haýýýý, indi meň goşgym goşylan bolsa gerek, nirä iberýän bolsaňyz iberiberiň - diýipdir.
Emma ol adamyň gara çyny eken. Şonuň üçinem:
- Şu oturan ýeriňden goşgy goşup berseň, dagy-duwara saňa bir adam berse, şu kellämdäki gök papagymy seň aýagyň astyna taşlaryn - diýýär.
Gurbannepes aga dem salym oýlanýarda şu goşgyny düzýär.

Men heniz görmändim seňki deý papak,
Gaşy älemgoşar, depesi şapak,
Alnyňdan nur çogýar, gepiňden ýüpek,
Şeýle goç ýigitleriň barlygyna şükür.

Ömrümiň samanyn sowuryp gelipdim,
Ýüzümi Sibire öwrüp gelipdim,
Iman - kelemämi çöwrüp gelipdim,
Iman - kelemeden irligine şükür.

Hoşlaşypdym Ýylgynly, kärizim bilen,
Keýwanym, üç gyzym, Kerimim bilen,
Bu gün gabat geldim tebibim bilen,
Lukmança gerçekleň baryna şükür.

Bu goşgyny eşiden gök papakly adam tarsa ýerinden turýarda:
- şahyr, sen halas, arkaýyn Ýylgyn käriziňe gaýdyber - diýýär. Şondan soň derňew topary tarapyndan Gurbannepes agaň ady tutulmandyr. Oýlanyp görseň Kerim Gurbannepesowyň zehini daş ýaran şahyr bolmagynda onuň neslinde şahyrçylyk ukybynyň barlygyndandyr diýip pikir edýärsiň.

Çeşme: www.ertir.com

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir