Sazy we sözleri Apbas Mämmedowyňky

Mekdep ýyllarynda sen mejnun etdiň,
Nä günlere salyp maksada ýetdiň.
Bu gün bolsa özgäň  hyýalna gitdiň,
Ýa hazan urdumy hatlaryň seniň?

Sen namart, sen namart, meni aldadyň,
Süýji arzuwlaryma böwet bagladyň.
Bu gün bolsa göz ýaş bilen agladyň,
Ýaş puşman edýärmi dilleriň seniň?

Söýmezimden owal özüň söýdürdiň,
Köýmezimden owal özüň köýdürdiň.
Başymy galdyryp hoş gal diýdirdiň,
Ýa hazan urdumy hatlaryň seniň?

 Gaýtalama:

Bolýa indi seni goýup gideýin,
Görümde sen hakda pikir edeýin.
Bagtly bolmagyňy arzuw edeýin,
Şonda ynjalarmy ýüregiň seniň?!

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir