Her näme dograsaň aşyňa, ol hem çykar garşyňa (nakyl)
Gaýta-gaýta öýüniň gapysyny kakyp bir zatlar dileýän aýaldan ýadap, mazaly birahat bolan öýüň hanymy, bir gün ýene şol dilegçi gapysyny kakanda şondan halas bolmaly diýen karara gelýär. Dilegçä biraz garaşmagyny aýdyp aşhanadan bir çörek alyp arasyny açyp içine peýnir, zeýtun salyşdyrýar. Elbetde bu iki arada onuň arasyna mör-möjek öldürmek üçin ulanylýan kuwwatly zäherden goşmagy hem ahmal edenok.
Daşaryk çykyp çöregi dilegçä bereninde, aýal “Allah razy bolsun” diýip, ol öýden gidýär.
Mazaly ajygan aýal bir metjidiň howlysynda biraz wagt öň özüne berlen çöregi çykaryp iýjek bolanda, elini-ýüzüni ýuwup duran bir esgeriň özüne seredendigini görýär. Esgeriň ýagdaýyndan, onuň ýoldan gelendigini we ýadanlygyny aňşyrýar.
Dilegçi, esgeriň nazaryndan onuň açdygyny hamala “Biraz maňa-da ber” diýen manyny çykarýar. Ýaş esgeriň ýagdaýyna gynanan aýal çöregiň hemmesini esgere berýar we ol ýerden uzaklaşýar.
Dilegçi aýalyň beren çöregini işdä bilen iýen esger, köp wagt geçmänkä ejir bilen bükülmäge başlar. Bir näçe wagt soňra metjide gelen jemagat ýerde bükülüp ýatan ýaş oglanyň, kimiň nämesi bolýandygyny sorap bilenlerinden soňra alyp ony öýüne äkidýärler.
Öýüň hanymy, aýlardyr müň bir umyt bilen rugsadyna garaşýan, täze rugsady berlen (gullukdan gelen) oglyny perişan ýagdaýda garşysynda görende çyrpynmaga, çendenaşa gynanmaga başlaýar. Biraz wagt geçenden soňra rahatlanan aýal, ogluna näme bolandygyny, näme üçin ejir çekip bükülýändigini sorap bilmäge çalyşýar.
Ýaş oglan biraz wagt öň metjidiň howlusynda bir dilegçi aýalyň özüne çörek berendigini, ony iýeninden soňra şu ýagdaýa gelendigini aýdanda aýal oňa çörek berendigini ýadyna salýar we başyndan gaýnag suw dökülene dönýar.
“Men näme etdim?” diýip çendenaşa gynanmaga başlar, ýöne eýýäm iş-işden geçýär. Ýolbars ýaly ýaş oglan duran ýerinde durmuşa gözlerini ýumýar.
Gülbahar
www.ertir.com