Sen ataň-eneň döwlediniň başysyň, nesil ulgamynyň dowamysyň. Sen olaryň gözüniň guwanjysyň, dyzynyň daýanjysyň, biliniň kuwwadysyň! Biz seniň barlygyň bilen bir zatdyrys. Syn edip gör: hatda ösümlikler hem özleriniň dok dänelerini ýere gaçyryp, ýeneki ýyllarda gögerip, pajarlap ösmeginiň, tohumynyň ýitip gitmezliginiň aladasyndadyr. Şonuň üçin hem sen öz ataň-eneň ýagşy ýörelgelerini, edep-ekramyny alyp götermelisiň. Sözüň hakyky manysynda olaryň dowamy bolmalysyň.
Saňa ýene bir sargajak zadym, beýik Magtymguly-Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azadynyň miras goýup giden- «Perzendiň öz ata-enesine bolan kyrk borjuny» öwren, öwrenişiň ýaly hem ony berjaý et, kemal taparsyň.
Ogul, sen ozaly bilen öz ogullyk borjuňa düşün, öz boýnuňa düşýän wezipäňe, jogapkärçilige akyl ýetir. Bu babatda käbir närseleri ýatladyp geçeýin:
Göwnüň ata-enäniň göwni bilen bir perdeden gopsun.
On iki süňňüň bilen olaryň hyzmatynda bol.
Olaryň ýagşy ýörelgelerini has-da ösdürýänden bol.
Olaryň abraýlaryna şärik bol.
Olaryň senden göwni bitin bolsun.
Olaryň sargytlary seniň üçin kanun bolsun.
Hiç-haçan, hiç-haçan olaryň ýüzüne gelme.
Doganlyk borçlaryň babatynda şu aşakdakylary berk belle:
Sen gyz doganlaryňyň söýenjisiň, sen olaryň galkanysyň. Sen olary öz ýagşy işleriň bilen guwandyrmalysyň.
Olaryň saňa «Erkek doganym» diýmäge sözüň doly manysynda hakly bolmagyň üçin çalyşmalysyň. Olaryň dilini gysga etmek saňa bolmaýar. Olaryň öňündäki doganlyk borjuňy berjaý etmegiň, ogul edebini sakladygyňdyr.
Seniň doganlyk borçlaryň, esasan, aşakdakylardan ybaratdyr:
1.Doganyň sözüni ünsli diňle.
2.Doganyň syryny berk sakla.
3.Doganyň daşyna sarsmaz gala bol
4.Doganyň ynamyny öde.
5.Doganyňa ýagşy görelde bol.
6.Doganyňy utanja goýma.
7.Doganyňdan kömegiňi gaýgyrma.
Eger-de sen doganlyk borçlaryňa yhlasly bolsaň, olar hem seni ýalkarlar. Ýalkanyp ýaşamak iň bagtly ömürdir. Il arzuwlan ýagşy ýigit bolasyň gelse, şu ýedi närsäni özüňde jemleýänden bol:

1. Mertlik, merdanalyk, çydamlylyk.
2. Sadalyk, Beýik Pyragynyň nygtaýşy ýaly «Ýigit sada gerek türkana ýagşy» — diýen paýhasa eýer.
3. Paýhaslylyk. Her bir ätjek ädimiňi oýlanyp etgin.
4. Salyhatlylyk. «Adamyň hemme zady gözel bolmalydyr» diýen ýörelgeden ugur al.
5. Işeňňirlik. Iň oňat terbiýeçiniň zehmetdigine akyl ýetir.
6. Gaýratlylyk. Türkmenler iň gaýratly ýigitlerine «Iner ogul» diýýendirler.
7. Namysjaňlyk. Ar-namyssyz bolmakdan Hudaý saklasyn. Şu häsiýetleri özünde jemlän ýigitlere uly il guwanýar.
Hawa, ogul, ýeri gelende mertlik we namartlyk barada toplan ýediliklerimi-de sanap bereýin.
Eýsem mertlik näme? Kim mert?..
1.Goýberen hatasyny boýnuna alan.
2.Öz kimligini tanap bilen.
3.Gaharyny ýuwdup bilen.
4.Il-günüň agyrsyny süňňi bilen syzan.
5.Il-güne azaryny ýetirmedik.
6.Özgäniň bagtyna guwanyp bilen.
7.Il-bähbidini özüniňkiden ileri tutup bilen.

Namartlyk barada. Kim namart?!.

1.Güýçlüni güýçli saýmadyk.
2.Sözüniň yzynda durup bilmeýän.
3.Iýen duzuny ödemeýän.
4.Il bähbitli söweşde özüni gizlän.
5.Hakykatyň ýüzüne dogry bakyp bilmeýän.
6.Ejize ganym.
7.Kişiniň zadyna göz gyzdyryp, ogurlyk eden.

Jan ogul. saňa ýagşylar ýanynda adyň tutulmagyny arzuwlap, aýdanlarymdan dogry many çykararsyn diýip tama edýärin.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir