Aşgabatda geçiriljek Dünýä Kuraş çempionaty üçin petek satuwy başlandy
Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty şu ýylyň 23-nji noýabryndan 28-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda Olimpiýa şäherçesiniň Söweş sungat toplumynda geçiriler. Bu iri möçberli çäräniň petekleri satuwa çykaryldy.
Bu Dünýä çempionaty Aşgabatda ýer ýüzündäki iň güýçli pälwanlary birleşdirer. Türkmenistanyň ýaşaýjylary we daşary...
Berlinde Türkmen-German işewürlik forumy geçirildi
20-nji noýabrda Berlinde Germaniýanyň ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň howandarlygynda Humboldt Carre Berlin kongres merkeziniň mejlisler zalynda türkmen-german işewür forumy geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Maslahata Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň wekilleri we beýleki döwlet edaralary, şeýle hem ýurdu...
Raşid Meredow Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly sebit meselelerini maslahatlaşdy
20-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
«Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri boýun...
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 18-20-nji noýabrda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasynyň «ÝHHG çökgünlik döwründe: içerki we daşarky wehimlere jogap bermekde Assambleýanyň orny» şygary astynda Ýerewanda geçirilen güýzki sessiýasynyň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar ber...
Türkmenistan Hytaýa turba geçirijiler arkaly gaz ibermekde liderligi saklaýar
2023-nji ýylyň geçen 10 aýynda turba geçirijiler arkaly Türkmenistandan Hytaýa 8,07 milliard dollarlyk tebigy gaz eksport edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gaz ibermekde birinji ýerini saklap galdy diýip, ORIENT habar berýär.
Bu görkeziji babatda ikinji orunda barýan Russiýa geçen 10 aýda 5,36 milliard d...
Hawýer Mileý Argentinada geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Ultrasagçy syýasatçy, "Azatlyk gelýär" partiýasynyň wekili Hawýer Mileý Argentinada geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiji boldy.
Ýurduň Milli Saýlaw Palatasynyň berýän maglumatlaryna görä, sesleriň 94%-den gowragy sanalandan soň, Mileýi saýlawçylaryň 55%-den gowragy (13,78 milliondan gowrak) goldaýandygy mälim boldy. Bu bäsdeşi, ýurduň ba...
Apple OLED ekrany bolan 9 sany täze enjamyny hödürlär
«Apple» kompaniýasy öňümizdäki alty ýylyň dowamynda ähli enjamlaryny diýen ýaly OLED ekranlaryna geçirmegi meýilleşdirýär.
Bar bolan maglumatlara görä, 2027-nji ýyla çenli «Apple» kompaniýasynyň önümleriniň hatarynda «iPad mini», «Air» we «Pro», «MacBook Pro» we «Air» enjamlarynyň OLED görnüşleri peýda bolar. Häzirki wagtda OLED disp...
Alymlar allergiýa garşy täsirli diş pastasyny döretdiler
Allergiýanyň immunoterapiýasy üçin diş pastasy 11 aý dowam eden synaglarda 100% netijelilik görkezdi. Barlagyň netijeleri bilen Amerikanyň allergiýa, demgysma we immunologiýa kollejiniň (ACAAI) her ýylda geçirilýän ylmy ýygnagynda tanyşdyryldy.
Arahise bolan allergiýa, köplenç, agyr alamatlar bilen ýüze çykýar we ýaşaýyş üçin howply bolup bi...
5,7 dýuým ekranly mini personal kompýuter tanyşdyryldy
«Meenhong» kompaniýasy sensorly displeý bilen üpjün edilen «JX2» ykjam mini personal kompýuterini satuwa çykardy.
Ykjam mini personal kompýuter «Full HD» durulygy bolan 5,7 dýuýmlyk ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol sensor dolandyryşy we multitaç ulgamyny goldaýar.
Enjam 2,9 GGs ýygylygy bolan we «Intel UHD GPU» ornaşdyrylan dört ýad...
Honda hereketlendirijisindäki näsazlyk sebäpli 255 müň ulagy yzyna çagyrar
«Honda» Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hereketlendirijini ulanyp bolmajak derejä getirip biljek önümçilik näsazlygy sebäpli awtoulaglarynyň bäş görnüşini yzyna çagyrar.
Töwekgelçilik astyna düşen ulaglar «Pilot» krossowerleri, «Ridgeline» pikaplary we «Odissey» miniwenleridir. Mundan başga-da, ýapon kompaniýasyna degişli bolan «Acura» kysym...
Napoleonyň başgaby rekord bahadan satyldy
Fransiýanyň ilkinji imperatory Napoleon I Bonapartyň (1769–1821) iki burçly başgaby (bikorn) Fransiýanyň Fontenblo şäherinde geçirilen auksionda 2 million ýewro golaý bahadan satyldy diýip, auksiony guran «Osenat» auksion öýi habar berýär.
«Uzak wagt dowam eden söwdadan soň imperator Napoleonyň başgaby 1,932,000 ýewro bahadan öz alyjysyny ta...
Aşgabatdaky «Soltan» restoranlarynda dynç almagyň birnäçe sebäbi
Aşgabatda ýerleşýän «Soltan» restoranlarynda naharlanyp gören islendik müşderi bu ýere ýygy-ýygydan gelmek isleýän bolsa gerek. Sebäbi bu restoranlar tagamlarynyň köpdürlüligi, tagamynyň datlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýere gelip naharlanyp, wagtyňy hoş geçirmäge köp sanly esas hem bar. Olardan sekiz sany sebäbi sanap geçeliň:
- na...
Birleşen Arap Emirliklerine güýçli harasatly çabga geldi
Birleşen Arap Emirliklerini güýçli ýagyşlar we harasat basdy, ýurtda howa howpunyň sary derejesi yglan edildi diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.
Adamlar dyzlaryna çenli suwda ýöreýärler. Käbir awtoulag ýollarynda hereket kynlaşdy. Ýerli häkimiýetler raýatlara şahsy ulagy peýdalanmakdan saklanmagy maslahat berýärler.
Ähli gyssagl...
Merkezi Aziýadan Baku portunyň üsti bilen daşalýan nebitiň mukdary iki esse artyp biler
2023-nji ýylyň ahyryna çenli Baku portunyň üsti bilen Merkezi Aziýadan 2 million tonna çenli nebitiň daşalmagy meýilleşdirilýär. Bu barada «Bakuw halkara deňiz söwda porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Strategik meýilnamalaşdyryş we ösüş bölüminiň başlygy Hudaýar Hasanli mälim etdi diýip, «Report.az» ýazýar.
Hudaýar Hasanlin...
Türkmenistanyň Eýrandan nebitden daşary harytlaryň importynyň mukdary mälim edildi
Häzirki Eýran senenama ýylynyň ilkinji ýedi aýynda Eýran Türkmenistana 251,134 million dollarlyk nebitden daşary haryt eksport etdi. Muny Eýranyň Söwda, senagat we dag-magdan senagaty palatasynyň Daşary aragatnaşyklar we söwda ösüş komitetiniň wekili Ruholla Latifiniň sözlerine salgylanyp, «Trend.az» habar berýär.
Şeýle hem, ol Eýran...
Awstraliýany köpçülikleýin howa iş taşlaýyşlary gurşady
Talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda bütin Awstraliýany howa iş taşlaýyşlary gurşap aldy diýip, «Habar 24» ýazýar. Olar häkimiýetlerden howanyň üýtgemegine garşy aýgytly çäreleri görmegi talap edýärler.
Melburnda müňlerçe garşylykçylar şäherden ýöriş edip, kömür we gaz taslamalaryna maýa goýmagy bes etmegi talap etdiler.
S...
Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professory türkmen talyplary üçin onlaýn okuw sapagyny geçirdi
Ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çakylygy bilen Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň biologiýa we botanika kafedrasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Bronislaw Feldman ýokary okuw mekdebiniň birinji ýyl talyplary üçin lukmançylyk genetikasynyň bölümleri boýunça onlaýn umumy sapagyny ge...
Aşgabatdaky dünýä çempionatynda 300-e golaý meýletinçi işlär
23 – 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatynda işlemek üçin ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan meýletinçileriň 300-e golaýy taýýarlanyldy.
lar bilen degişli okuwlar geçirilip, her bir meýletinçiniň etmeli işleri anyklaşdyryldy. Guramaçylygyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, meýletinçileri taýý...
Türkiýäniň Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy
Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungat muzeýinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Dabara ýurduň medeniýet we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, daşary ýurt...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklary duşuşdy
Şu gün Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleriniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklary R.Meredow bilen M.Bazrpaşanyň ýolbaşçylygynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, ministrler iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatda...