Çilidäki Ýewropanyň günorta obserwatoriýasynyň (ESO) Örän uly teleskobyndan (VLT) peýdalanan astronomlar «Ia» görnüşli ýaş supernowa galyndysy bolan SNR 0509-67.5-iň suratyny aldylar. Onuň ýaşynyň 300-350 ýyl aralygyndadygy çaklanýar. Täze maglumatlar ýyldyzyň goşa detonasiýany (partlamany) başdan geçirendigini tassyklaýar. «Ak girdenekler – Gün ýaly ýyldyzlaryň ýangyjyny tükedeninden soň galýan uly bolmadyk, işjeň däl ýadrolar – astronomlaryň „Ia“ görnüşli supernowa diýip atlandyrýan hadysasyny döretmäge ukyplydyr» — diýip, Täze Günorta Uels uniwersitetiniň aspiranty Priýam Das düşündirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir