“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris 6-njy iýulda Silwerstounyň ýaryş ýolunda geçirilen Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşyň soňky aýlawlarynda Norris 10 sekuntlyk jerime alan topardaşy Oskar Piastriniň pit-stopyndan soň öňdebaryjylyga çykdy. Awstraliýaly ýaryşa gatnaşyjy tapgyrlaryň birinde, ýolda howpsuzlyk awtomobili bar wagty birden tizligini peseldip, Maks Werstappeniň öňe geçmegine getirdi. Bu hem düzgün bozulma hökmünde kabul edildi. Üçünji bolup pellehana “Kik Zauber” toparyndan Niko Hýulkenberg geldi. Bu britan tapgyrynyň iň täsirli pursatlarynyň biri boldy, çünki mundan öň 37 ýaşly germaniýaly karýerasynda gatnaşan 239 ýaryşynyň dowamynda ýekeje gezek hem münbere çykmandy. Ol “F-1-de” 2010-njy ýylda ilkinji gezek çykyş etdi. Dördünji Lýus Hemilton boldy (“Ferrari”). Britaniýaly öz antirekordyny goýdy – ol eýýäm yzygider 14 tapgyr bäri münbere galmaýar, soňky gezek ol 2024-nji ýylda Las-Wegasyň Gran-prisinde ilkinji üçlüge girdi. Werstappen ýaryşa pouldan başlady, ýöne 9-njy aýlawda Piastri ondan öňe geçdi. Restartdan soň “Red Bulluň” ýaryşa gatnaşyjysynyň ulagy dolandyryşy ýitirdi, ol 10-njy orna düşdi, ýöne bäşinji bolup gelmegi başardy. Silwerstoundaky tapgyrdan soň Piastri 234 utuk bilen öňdebaryjylygyny saklady. Norris 8 utuk (226) yza galýar, üçünji orunda Werstappen (165) ýerleşýär. Olaryň yzyndan Jorj Rassell (147) we Şarl Lekler (119) gelýär. Konstruktorlaryň kubogynda “Maklaren” 460 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda “Ferrari” (222), üçünji orunda “Mersedes” (210) ýerleşýär. Çempionatyň indiki tapgyry 25 – 27-nji iýulda Belgiýada geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir