Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir. Farmasewtika ylymlarynyň kandidaty Sergeý Rytçenkowa salgylanyp, “Rossiýskaýa gazeta” neşiriniň habar bermegine görä, derman serişdesi diňe tebigy maddalardan – ösümlik ekstraktyndan we aminokislotalardan ybarat. Ol agyr şikeslerde, şol sanda meýdan şertlerinde ulanyp boljak emulsiýa görnüşindedir. Häzirki wagtda alymlar topary patent üçin resminamalary, tejribe nusgalaryny taýýarlaýar hem-de klinikadan öňki we kliniki synaglary geçirmegi meýilleşdirýär. Işläp düzüjileriň pikiriçe, gel deriniň bitmesi agyr şikeslerini we nemli bardalary bejermekde aýratyn orun eýeläp biler.