Peugeot brendi arzan şäher awtomobillerine gaýdyp gelmekden resmi taýdan ýüz öwürdi we model 108-iň yzyny dowam etdirmegi meýilleşdirmeýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Alen Fawe aýtdy. Peugeot 108 modeliniň önümçiligi tas bäş ýyl mundan ozal tamamlandy we şondan bäri markanyň iň elýeterli modeli Peugeot 208 boldy. Faweniň aýtmagyna görä, brend köpçülikleýin bolmagynda galýar, ýöne premium segmentinde we arzan awtomobilleriň bazarynda orun üçin bäsleşmek islemeýär. Şeýle-de, ol kompaniýanyň benzin, gibrid we elektrik ýaly hereketlendirijileriň birnäçe görnüşini ösdürmegi dowam etdirjekdigini aýtdy. Içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerden doly ýüz öwürmek ýa-da diňe elektromobillere geçmek ýakyn wagtda meýilleşdirilmeýär. Peugeot üçin B, C we D segmentleri esasy bolup galar. Bu kategoriýalarda kompaniýa dürli bazarlara ünsi gönükdirip we çeýe tehnologiki çözgütleri ulanyp, ýeňil awtomobilleri hödürlemegini dowam etdirer.