Apple Music akym hyzmatynyň 10 ýyllygy mynasybetli platformada iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çap etdi. Ed Şiranyň “Shape of You”aýdymy sanawda birinji ýeri eýeledi. 2017-nji ýylda çykan bu aýdym platformanyň taryhynda iň meşhury boldy. Ol iň azyndan bir ýurtda yzygiderli 1000 günden gowrak wagtlap “Top Songs” sanawynda birinji orny saklady we pop-saz kategoriýasynda bir günde iň köp diňlenmekde rekord goýdy. The Weeknd-iň “Blinding Lights” aýdymy 180 günden gowrak wagtlap “Global Daily Top 100” dünýä çartynyň ilkinji 10-lugynda saklanyp, ikinji ýeri eýeledi. Drake-iň "God’s Plan" treki hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenen hip-hop-kompozisiýasy üçünji orny eýeledi. Top-500-e bu ýerine ýetirijiniň ýene 26 aýdymy girdi, şolaryň dokuzysy ilkinji ýüzlükde. Dördünji we bäşinji orunlary Post Malone-nyň “Sunflower” we “Rockstar” trekleri eýeledi. Şeýle hem ilkinji onluga Dreýkiň “One Dance”, Trewis Skottyň “Sicko Mode”, Ed Şiranyň “Perfect”, Kris Braunyň “No Guidance” we Billi Aýlişiň “Bad Guy” aýdymlary girdi. Çartdaky iň köne trek Queen toparynyň “Bohemian Rhapsody” (156-njy orun) boldy. Iň ýokary bahalandyrylan kantri-kompozisiýa Lil Nas X-iň "Old Town Road" aýdymy (60-njy orun) boldy. Zenanlaryň arasynda Teýlor Swift sanawda beýlekilere garanda has köp duşýar – onuň 14 aýdymy bar; onuň iň ýokary baha berlen aýdymy “Cruel Summer” (57-nji orun). Reýting Trewis Skottuň “Fair Trade” treki bilen ýapylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir