Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi – bu Gran Chess Tour seriýasyna girýän Zagrebde (Horwatiýa) geçirilen SuperUnited Rapid & Blitz tapgyrynda boldy. Norwegiýaly blitzde ajaýyp oýun görkezip, ýaryşyň jemi boýunça birinji orny eýeledi. Dommaraju amerikaly Uesli Sodan hem yza galyp, üçünji boldy. Bir ýarym aý mundan ozalky şahsy duşuşykda bolşy ýaly, Karlsen bilen Gukeşiň arasyndaky döwler utuklaryň deňligi bilen tamamlandy: hersi bir ýeňiş gazandy, bir döw deňme-deň tamamlandy. Karlsen wild card boýunça ýaryşa gatnaşyp, seriýanyň ilkinji iki tapgyryny sypdyrdy. 2022-nji ýylda dünýä çempiony titulyndan meýletin ýüz öwrendigine garamazdan, ol dünýä reýtinginde öňdebaryjylygyny saklaýar we häzirem köpler tarapyndan dünýäniň iň güýçli küştçüsi hasaplanýar. 19 ýaşly hindistanly Gukeş Dommaraju 2024-nji ýylda dünýä çempiony boldy. Ol titul üçin oýunda hytaýly Din Liženi utdy. Ýatlap geçsek, iýun aýynyň başynda Karlsen we Gukeş ilkinji gezek Norway Chess super ýaryşynda duşuşdy. Şol wagt her biri bir döw utdy, ýöne ahyrky tablisada Karlsen ýokarda boldy. Olaryň arasyndaky ikinji duşuşyk Karlseniň ýeňlişden soň gaharly stola urandygyny görkezýän wideo sebäpli ýatda galyjy boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir