Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda düşürilen “Formula 1” filmi 10 günde 293,6 million dollar girdeji gazandy we Apple Studios-yň dünýä kinoteatr prokatynda iň köp girdeji gazanan taslamasyna öwrüldi diýip, Variety ýazýar. Film Ridli Skottuň 2023-nji ýylda 221 million dollar girdeji gazanan “Napoleon” taryhy dramasyndan öňe geçdi. Ondan öň Apple-iň beýleki kinoteatr relizleri känbir üstünlik gazanyp bilmändi: “Gül Aýynyň ganhorlary” (“Убийцы цветочной луны”), “Argaýl: Super içaly” (“Аргайл: Супершпион”) we “Maňa Aýy görkez” (“Покажи мне Луну”) kassa ýygymynda şowsuzlyga uçrapdy. “Formula 1” öňki ýaryşçy Sonny Heýsi (Pitt) hakda gürrüň berýär, ol ýaş we geljegi uly sürüji Joşua Pirse (keşbini Demson Idris ýerine ýetirýär) tälim bermegi öz üstüne alýar. Filmi goýujy - Jozef Kosinski (Top Gan: Mewerik). Şeýle hem filmde Hawýer Bardem we Kerri Kondon surata düşdi. Habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, filmiň önümçiligine takmynan 300 million dollar sarp edildi. Apple-iň filmiň dowamyny döretmek mümkinçiligine seredýändigi bellendi.