Getji UFC 291-iň esasy söweşinde Porýeni aýak bilen nokauta gidirdi

Amerikaly söweşiji Jastin Getji Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) 291-nji belgili ýaryşynyň esasy söweşinde watandaşy Dastin Porýeden üstün çykdy. Söweş ikinji raundyň başynda Getjiniň Porýeni aýagy bilen nokauta gidirmegi netijesinde tamamlandy.
Bu söweş rewanş söweşi boldy. Birinji gezek amerikaly söweşijiler 2018-nji ýylda ABŞ-nyň Glende...

Dowamy »

239 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Terens Krouford dünýäniň boks boýunça absolýut çempiony boldy

Amerikaly boksçy Terens Krouford 12 raundlyk söweşde watandaşy Errol Spensi ýeňdi. Report agentliginiň habar berşi ýaly, ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçirilen söweş dokuzynjy raundda nokaut bilen tamamlandy.
35 ýaşly Krouford 66,68 kg çenli agram kategoriýasynda absolýut dünýä çempiony boldy. Ol Bütindünýä boks guramasynyň (W...

Dowamy »

167 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Werstappen Belgiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 13-nji tapgyry bolan Belgiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. “Spa-Frankorşam” ýolunda ikinji bolup pellehana onuň topardaşy meksikaly Serhio Peres geldi. Liderleriň üçlügini Şarl Lekler (“Ferrari”) jemledi.
Werstappen...

Dowamy »

235 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Russiýada geçiriljek Dostluk oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 27 görnüşi girizildi

2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Moskwada geçiriljek Dostluk oýunlaryna 5 müňden gowrak türgen gatnaşar, ýaryşyň maksatnamasy sportuň 27 görnüşini öz içine alýar. Bu barada TASS-yň penşenbe güni beren habarnamasynda aýdylýar.
"5 müňden gowrak türgen, sportuň 27 görnüşi: 22 olimpiýa we 5 olimpiýa däl. Basketbol, 3x3 basketbol, BMX-fristaýl, bok...

Dowamy »

194 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Aşgabatdaky Kikboks zaly isleg bildirýänleri ýazylmaga çagyrýar

Aşgabatdaky Kikboks zaly sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýan ýaşlary türgenleşige ýazylmaga çagyrýar.
Türgenleşikleri Kikboks boýunça Aziýanyň çempiony, Türkmenistanyň çempiony, tälimçi Nurmuhammet Atabaýew alyp barar. Ol kikboks sporty bilen meşgullanmak isleýän mekdep ýaslaryndaky oglanlara sportuň bu görnüşiniň inçe syrlaryny öwreder.

Dowamy »

203 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Futbol boýunça ABŞ-niň milli ýygyndysy rekord goýdy

Täze Zelandiýada zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň ABŞ-niň we Niderlandlaryň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, amerikanlar erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatlarynda yzygiderli ýeňlişsiz duşuşyklarynyň sany b...

Dowamy »

192 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň garşydaşlary belli boldy

27-nji iýulda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň merkezi edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berdi.
Onuň netijesinde saýlama tapgyrçasynda “E” toparça...

Dowamy »

162 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Jokowiç ýadawlyk sebäpli Kanadadaky "Masters" ýaryşyndan aýryldy

Dünýäniň ikinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç ýadawlyk sebäpli Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) Torontoda (Kanada) geçiriljek "Masters" ýaryşynda çykyş etmez. Bu barada ýaryşyň metbugat gullugyna salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär.
"Men Kanadada wagt geçirmegi hemişe halaýardym, ýöne toparym bilen gürrüňdeşlikden soň b...

Dowamy »

191 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Messi özboluşly rekord goýdy

«Inter Maýaminiň» hem-de Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ligalaryň kubogyndaky «Atlanta» garşy duşuşykda özboluşly rekord eýesi boldy.
Opta statistika portalynyň habar bermegine görä, 36 ýaşly günorta amerikaly futbolçy duşuşykda dubl edip, dürli derejeli professional klublaryň ýüz sanysynyň derwezesine gol geçirdi.

Dowamy »

160 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

«Barselona» futbolçylaryň keseli sebäpli «Ýuwentus» bilen duşuşygyny goýbolsun etdi

«Barselona» toparyň içinde wirusly gastroenteritiň ýaýramagy sebäpli «Ýuwentus» bilen geçirmeli dostluk duşuşygyny goýbolsun etmeli boldy. Bu barada «Lenta.ru» «Marca» neşirine salgylanyp habar berýär.
Täze möwsüme taýýarlyk maksatly dostluk duşuşygy 23-nji iýulda ABŞ-de geçirilmelidi. Emma toparyň düzümindäki 15 oýunçy ýürek bulanma we iç g...

Dowamy »

174 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Türkmenistan futzal boýunça CAFA FUTSAL CUP-2023 ýaryşynda Eýrandan üstün çykdy

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy “CAFA Futsal Cup-2023” halkara ýarynyşynyň çäginde ilkinji ýeňşini gazanmagy başardy. Halkara ýaryşynyň birinji tapgyrynyň çäginde milli ýygyndymyz Eýranyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Gylyçmyrat Gylyçmyradow bilen Maksat Soltanow...

Dowamy »

171 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

ABŞ-da geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda «Real» «Milandan» üstün çykdy

ABŞ-de geçirilýän türgenleşik ýygnanyşyklarynyň çäklerinde dostluk duşuşygynda Ispaniýanyň «Real» futbol topary Italiýanyň «Milan» toparyndan üstün çykdy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.
Düýn Pasadena şäherinde geçirilen oýun madridlileriň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Federika Walwerde (57-nji we 59-njy minutla...

Dowamy »

164 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Werstappen "Formula-1-iň" Wengriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

"Red Bull" toparyndan niderlandly Maks Werstappen "Formula-1" çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Wengriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş "Hungaroring" awtodromynda geçirildi.
Ikinji orny "Maklarenden" britaniýaly Lando Norris eýeledi. Liderleriň üçlügini "Red Bull" toparynyň ýene bir sürüjisi meksikaly Serhio Peres jemledi. Norris "...

Dowamy »

147 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Messiniň «Inter Maýamide» ilkinji goly toparyna ýeňiş getirdi

Amerikanyň «Inter Maýami» futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi täze klub üçin ilkinji oýnunda gol geçirdi.
Messi Leagues Cup ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň duşuşygynda «Krus Asulyň» derwezesine jerime urgusyndan 90+4-nji minutda gol geçirdi.
Bu gol «Inter Maýami» klubuna ýeňiş getirdi. Hasap 2:1 tamamlandy.
Bellä...

Dowamy »

153 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Keniýaly türgen Kipýegon bir mil aralyga ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

Keniýaly ýeňil atletikaçy Kipýegon anna güni Monakoda geçirilen «Brilliant ligasynda» bir mil (1 609 metr) aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy.
Türgen aralygy 4 minut 7,64 sekuntda geçdi. Öňki rekord niderlandly Sifan Hassana degişlidi, ol 2019-njy ýylda 4 minut 12,33 sekunt netijäni görkezipdi.
Kipýegon şu tomus üçünji dünýä...

Dowamy »

153 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Sentýabrda Türkmenistanyň we Indoneziýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we Indoneziýanyň Futbol assosiasiýasy sentýabr aýyndaky FIFA-nyň günlerinde iki döwletiň milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek barada ylalaşdylar.
Indoneziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýazylyşy ýaly, ýoldaşlyk duşuşygyny 8-nji sentýabrda Surabaýa şäherindäki «Gelora Bu...

Dowamy »

154 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

«Ahalyň» Türkiýede haýsy toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirjekdigi belli boldy

AFK-nyň Çempionlar ligasyna taýýarlygyň çäklerinde «Ahal» futbol toparynyň Türkiýe Respublikasyna okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gidendigini habar beripdik.
Toparyň metbugat gullugynyň ýazyşy ýaly, «Ahal» Kartepede halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň dördüsini geçirer. Bu duşuşyklarda Saud Arabystanynyň «Al-Adalh», «Al-Feýsali», Kataryň «Umm-Sa...

Dowamy »

157 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

HBS: italiýaly derwezeban Buffon ýakyn günlerde karýerasyny tamamlar

2006-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň çempiony, italiýaly derwezeban Janluiji Buffon ýakyn günlerde karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etmegi mümkin. Bu barada sişenbe güni žurnalist Janluka di Marsio öz web sahypasynda habar berdi.
Çeşmäniň berýän habaryna görä, 45 ýaşly derwezeçi Saud Arabystanynyň birnäçe klubynyň teklibini re...

Dowamy »

152 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ikinji aýlawynyň başlanjak senesi belli boldy

Birinji tomus arakesmesinden soň, 4-nji awgustda üç sany futbol duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze aýlawy badalga alar diýip, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berdi.
Şol gün 9-njy tapgyryň çäklerinde «Köpetdag» «Şagadamy» kabul eder, «Merw» «Aşgabada» myhmançylyga gider, «Energetik» bolsa «Ahal» bilen...

Dowamy »

150 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Sambo Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilip bilner

Halkara sambo federasiýasy (FIAS) sportuň bu görnüşini Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmagyň üstünde işleýär. Bu barada sişenbe güni FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow TASS agentligine habar berdi.
Şestakow: "Häzir biz munuň üstünde işleýäris" -diýdi.
Şeýle hem Şestakow sambo ýaryşyň maksatnamasyna golaýdaky Oýunlarda goşulmaz di...

Dowamy »

167 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago