1-8-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda woleýbol boýunça geçirilen ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi» woleýbol topary ýeňiji boldy. Ýaryşlar Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guraldy. Final duşuşygynda «Nebitçi» topary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» toparyndan 3-0 hasap bilen üstün çykdy we ýokary okuw mekdepleriň arasynda Çempion adyna mynasyp boldy. Finala çenli geçen oýunlarda “Nebitçi” topary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär» woleýbol toparyndan (3-0), çärýek finalda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» toparyndan (3-0), ýarym finalda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Ýüpek ýoly» toparyndan (3-0) hasap bilen üstün çykdy.