Argentinaly futbolçy Lionel Messi iň zehinli ýaş oýunçylary atlandyrdy. Ol sanawy adidas brendinden täze eksklýuziw butsylaryň çykmagy mynasybetli düzdi diýip, Give Me Sport neşiri ýazýar. “Onuň köpleriň gözünde ähli zamananyň iň beýik futbolçysydygyny göz öňünde tutsak, Lionel Messiniň sport we oňa gatnaşýanlar baradaky pikiri uly ähmiýete eýe. Oňa üns bermek gerek. Onuň bu ajaýyp oýunda gazanan üstünligine az sanly oýunçylar ýetip bilýär. Onuň topa erk etmek ussatlygy bilen deňleşip biljekleriň sany bolsa ondan hem az” – diýlip, neşiriň makalasynda aýdylýar. Umuman, adidas 11 jübüt F50 butsysyny çykardy. Olaryň bir jübütini Messiniň özi geýer, beýlekileri bolsa ol ýaş zehinlere sowgat etdi. Şeýle hormata mynasyp bolan oýunçylar şulardan ybarat: ·Lamin Ýamal (17 ýaş), “Barselonanyň” ispan wingeri ·Kenan Ýyldyz (19 ýaş), Turiniň “Ýuwentusynyň” türk hüjümçisi ·Klaudio Eçewerri (19 ýaş), “Mançester Sitiniň” argentinaly ýarymgoragçysy ·Kawan Salliwan (15 ýaş), “Filadelfiýa Ýunionyň” amerikan ýarymgoragçysy ·Jeýden Şou (20 ýaş), ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysynyň futbolçysy ·Antonio Nusu (20 ýaş), “RB Leýpsigiň” norwegiýaly ýarymgoragçysy ·Joel Ndala (18 ýaş), “Nottingem Forestiň” iňlis hüjümçisi ·Wiki Lopes (18 ýaş), “Barselonanyň” zenanlar toparynyň ispan futbolçysy ·Assan Uedraogo (18 ýaş), “RB Leýpsigiň” germaniýaly ýarymgoragçysy ·Eliss Ben-Segir (20 ýaş), “Monakonyň” marokkoly ýarymgoragçysy Messi 37 ýaşynda. Ol 2023-nji ýylyň tomsundan bäri amerikan “Inter Maýamisinde” çykyş edýär. Häzire çenli ol klub üçin ähli ýaryşlarda 49 oýna gatnaşyp, 42 gol geçirdi we 21 assist etdi. Argentinalynyň amerikan kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, Messiniň bazar bahasy 20 mln ýewro barabar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir