28-nji iýunda ABŞ-nyň Anaheým şäherinde meşhur bloger Jeýk Pol bilen öňki dünýä çempiony Hulio Sezar Çawes-kiçiniň arasynda boks söweşi geçiriler. Bu barada DAZN teleýaýlymy habar berdi. 2024-nji ýylyň noýabrynda geçen soňky söweşinde Jeýk Pol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen 58 ýaşly Maýk Taýsondan üstün çykypdy. Hulio Sezar Çawes-kiçi geçen ýylyň iýulynda bolan soňky söweşinde UFC-niň öňki söweşijisi Ýuraýa Holl bilen duşuşdy. Söweş alty raunddan soň emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Çawesiň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir