Amerikaly agyr agramly boksçy, WBC boýunça öňki dünýä çempiony Deonteý Uaýlder özüniň indiki söweşini watandaşy Tirrell Herndona garşy geçirer. Söweş 28-nji iýunda Uiçitoda (ABŞ) bolar diýip, Global Combat Collective promouterlerine salgylanyp, ESPN habar berýär. “Men soňky wagtlar köp zada düşündim, ynanyň, siz öz ýolunda ähli zady ýumurýan bombaçyny görersiňiz. Men hakykatdan daşlaşdym we ringde öňümde duran islendik birini ýok etmäge taýýar” – diýip, Uaýlder geljekki söweşe teswir berdi. Soňky gezek Uaýlder 2024-nji ýylyň iýun aýynda Çžan Çžiel bilen söweşdi we bäşinji raundda nokaut bilen ýeňildi. Onuň hasabynda 43 ýeňiş (42-isi nokaut bilen), dört ýeňliş we bir deňme-deňlik bar. Herndon 2024-nji ýylyň maý aýynda emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Rudi Silwasdan üstün çykdy. Onuň hasabynda 24 ýeňiş (15-isi nokaut bilen) we bäş ýeňliş bar.