Günorta afrikaly ýeňil atletikaçy Akani Simbine yzygiderli 11 möwsümiň dowamynda 100 metr aralygy 10 sekuntdan hem az wagtda ylgap geçmek bilen, rekord goýdy diýip, Track & Field Gazette habar berýär. Türgen on möwsümiň dowamynda şeýle tizligi görkezmegi başaran ýamaýkaly meşhur ylgawçy Useýn Boltuň netijesinden hem öňe geçdi. Botswananyň Gaborone şäherinde geçirilen Gold statusly World Athletics Continental Tour seriýaly ýaryşda 32 ýaşly türgen 100 metr aralygy 9,90 sekuntda geçmegi başardy. Şeýle-de bolsa, ol aralygy meşhur ýamaýkalydan çalt geçip bilmedi. Boltuň 100 metrlik ylgawda şahsy görkezijisi 9,58 sekunt, Simbiniň iň gowusy görkezijisi - 9,82. Ol iň gowy wagtyny geçen ýyl görkezipdi. Şeýle durnukly tizlik görkezijisine garamazdan, Simbine uly halkara ýaryşlarynda bir gezek hem altyn medal gazanmady. Onuň dünýä derejesindäki ýeke-täk baýragy - ýapyk binada 60 metr aralyga ylgamak ýaryşynda alan bürünç medalydyr. Geçen ýyl ol Parižde bolan Olimpiýa oýunlarynda Günorta Afrikanyň estafeta toparynyň (4x100 metr) düzüminde kümüş medal gazandy we 100 metr aralyga geçirilen şahsy ýaryşda bolsa pellehana iki gezek - Tokio-2020-de we Pariž-2024-de dördünji bolup geldi we Rio-2016-da bäşinji orny eýeledi.