15-nji aprelde “Borussiýa” “Barselonany” 3:1 hasabynda utdy, ýöne iki duşuşygyň jemi boýunça indiki tapgyra ispan topary geçdi. Barselonada geçen birinji oýunda kataloniýalylar 4:0 hasabynda utupdy. Jogap oýnunda dört goluň ählisi Dortmundyň topary tarapyndan salyndy – Seru Girassi het-trik etdi (11-nji (penalti), 49-njy we 76-njy minutlar). “Barselonanyň” hasabyna bir goly bolsa “Borussiýanyň” goragçysy Rami Bensebaini ýazdy, ol 2:0 hasabynda topy öz derwezesine girdi (54-nji minut). Iki oýnuň jemi boýunça hasap 5:3 bolup, “Barselona” ýarym finala çykdy. Onuň garşydaşy “Bawariýa” – “Inter” duşuşygynyň ýeňijisi bolar (birinji oýun milanlylaryň peýdasyna 1:2). Günüň ýene bir oýnunda Birmingemde “Aston Willa” “PSŽ-ni” kabul etdi. Bu toparlaryň arasyndaky birinji oýun parižlileriň 3:1 hasabynda utmagy bilen tamamlanypdy, şonuň üçin jogap oýny köpler üçin kän bir ähmiýetli däl ýaly göründi. Üstesine-de, parižliler Aşraf Hakiminiň (11) we Nuno Mendeşiň (27) gollaryndan soň hasaby derrew 2:0-a getirip, umumy hasaby 5:1-e ýetirdi. Ýöne iňlis topary Unai Emeriniň ýolbaşçylygynda üç gol bilen jogap bermegi başardy: Tilemans (34), Makginn (55) we Konsa (57). Soňky minutlarda “Aston Willa” ýene gol geçirip bilýärdi, ýöne Janluiji Donnarumma “PSŽ-ni” Reşfordyň birnäçe urgusyndan we Asensionyň hüjüminden halas etdi. Ahyrky hasap – 3:2. Iki duşuşygyň jemi boýunça (5:4) ýarym finala “PSŽ” çykdy. Onuň garşydaşy “Real” – “Arsenal” duşuşygynda belli bolar (birinji oýun “Arsenalyň” peýdasyna 0:3).