Madridiň “Realynyň” we Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Luka Modriç Angliýanyň Çempionşipinde çykyş edýän “Suonsi” futbol klubunyň uly bolmadyk paýynyň eýesi bolar. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, şertnama eýýäm ylalaşyldy. Munuň Modriçiň oýun karýerasyna täsir etmejekdigi bellenilýär. Ol “Realda” çykyş etmegini dowam etdirer. Häzir “Suonsi” Çempionşipiň ýaryş jedwelinde 12-nji orny eýeleýär. Topar 42 oýunda 54 utuk gazandy. Birinji orunda 88 utuk bilen “Lids” ýerleşýär. Häzirki möwsümde Modriç ähli ýaryşlarda “Real” üçin 48 oýna gatnaşdy. Onuň hasabynda dört gol we ýedi netijeli geçirim bar. Horwatiýaly ýarymgoragçynyň Madrid kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 5 mln ýewro barabar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir