Günüň işjeňligi we elektromagnit şöhlelenmesi

Günüň atmosferasynda wagtal-wagtal döräp, bir-birinden tapawutlanýan ýokary zarýadly şöhle saçyşynyň barha artmagy zerarly, Günüň işjeňligi üýtgäp durýar. Netijede, Günüň fotosferasynda bimäçe kiçijik gara tegmiller döreýär. Olaryň umumy meýdany 200000 km2 çenli bolup, 10-20 gün saklanýar. Olara älemşynaslar eýýäm 4 asyryň dowamynda yzygiderli göze...

Dowamy »

789 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Mariýa Şarapowa

Mariýa Şarapowa – Amerikada ýaşaýan meşhur rus tennisçi. Ol iki Grand Slam-yň, ýagny 2004-nji ýylda Wimbldon we 2006-njy ýylda ABŞ açyk tennis bäsleşiginiň eýesidir.

Mariýa Ýuriýewna Şarapowa 1987-nji ýylyň 19-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Nýagan şäherinde dünýä inýär. Kakasy Ýuriý Şarapow, ejesi Ýelena Şarapowa. Mariýa heniz...

Dowamy »

887 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

çaga üns beriň

«Ony gowy görýändigiňizi ýygy-ýygydan aýdyp duruň we her bir çeken zähmetinde ony goldaň!»

Özbaşdak hereket etmegi başarýar.
Girişgen we oňşuklydyr.
Özüne bolan ynamy güýçlüdir.
Daş keşbe has köp üns berýär.
Has gowy bolmaga çalyşýar.
Durmuşyny ejesiz göz öňüne getirip bilmeýär.
Rahat we agra...

Dowamy »

899 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Bir günüň resepti

Gerekli önümler

Bir çümmük «Ertiriňiz haýyrly bolsun!»;
Bir çaý çemçe «Günüňi gowy geçirmäge isleg»;
Birazajyk «Geçirimlilik»;
Az-owlak «Mylakatlylyk»…
Bellik: Hemme önümler arassa, täze bolmaly.

Taýýarlanyşy:

Ýokarkylary köňül tabagyňyzda gowy edip ýugruň;
Akyl pejiňiz...

Dowamy »

947 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Aýyň 30 gününi nähili geçirip bileris?!

Durmuşyň gowgalaryndan sypynyp bildigi türkmen aga düşekde ýaplanyp, telewizor seredip, çaýjagaz owurtlanyny kem görenok. Boş wagtynyň köp bölegini şeýle geçirmesi birneme içgysgynç dälmi?!

XXI asyr – aýak üstünde uklanylýan asyr. Ýagny hem iş wagty, hem dynç alyş wagty der döküp, bir meýliň yzynda elmydam ylgaşlamak döwri. Ol isle i...

Dowamy »

879 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Sahypjemal

Sahypjemal

Asly Änewli bolup, Büzmeýinde (häzirki Abadan) ýaşan 72 ýaşly Sahypjemal atly şahyr zenandan 1914-nji ýylda Alyşbek Alyýew birnäçe goşgularyny ýazyp alyp, olary 1915-nji ýylda Aşgabatda çykýan ''Ruznamaýi-mawera-ýi bahri hazar'' atly gazetda we Bakuwda (Azerbeýjan) çykýan ''Gurtulyş'' atly jurnalda çap edilipdir. Soñky ýyl...

Dowamy »

987 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

''Gorkut atamyñ kitaby''

BISMILLAHY-R-RAHMANY-R-RAHYM WE BIHI NESTAGIN

Resul alaýhyssalam zamanyna ýakyn baýat boýundan Gorkut ata diýrler bir är döredi. Oguzyň ol kişi tamam bilijisidi. Näme diýse bolardy. Gaýypdan dürli habar söýlärdi. Haktagala onuň köňlüne ylham ederdi. Gorkut ata aýtdy: Ahyrzamanda hanlyk ýene gaýylara ýeter. Hiç kim ellerinden almyýa,...

Dowamy »

1078 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Ayryldyk

Eý agalar, arman bilen
Dürli döwrandan aýryldyk.
Il bolup Rahym han bilen,
Haýdar soltandan aýryldyk.

Bedew münüp, begres geýen,
Ne näzi-nygmatlar iýen,
Köp eşretli Lebap diýen
Bir gadyrdandan aýryldyk.

Girdik bir çöli-mugana,
Suw içmedik gana-gana,
Uç...

Dowamy »

913 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Lukmanyn doreyshi hakynda erteki

Yurdun patyshasy duysh goryar. Duyshunde onun gulagyna “Her gun pylan yerdaki guya bir sacak corek okla” diyen owaz eshidilyardi. Ol tisginip oyanyar we sargydy berjay etmegin ugruna cykyar Aradan ep esli wagt gecyar/ Bir gun ol “Her gun guya bir sacak corek oklandyryn Gel shol guya girip goreyin getiryan coreklarim nama yal bolyaka.” Diyen netija...

Dowamy »

1069 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Nowruz hakda rowaýat

Taryhda Mesopotamiýanyň (Derýaaralygy) medeniýetiniň başyny başlan Sümer ilaty hasaplanylýar. Alymlaryň pikirine görä, sümerliler Orta Aziýadan Hazar deňziniň eteklerinden häzirki Yragyň ýerlerine ýaýrapdyr diýip hasaplaýarlar. Mesopotamiýanyň ilaty ekerançylyk medeniýetine içgin üns beripdir. Ekerançylykda bolsa, ekiş we ýygym wagtyna, ýagny onuň...

Dowamy »

913 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

“DIŇE MEN, BAŞGA HIÇ KIM!”

Ençeme wagtdan bäri men Internetde, esasan hem "V-kontakte" sosial ulgamynda, "Syndicate", "Top-People-of-Turkmenistan" we "Exclusive Turkmenistan" atly toparlarda türkmen ýaşlarynyň paýlaşýan suratlaryny görüp aňk-taňk bolýaryn. Meselem, gelin-gyzlar saçlaryny sary reňke boýap, dodaklaryny plastik hirurglaryň ýa-da makiýažyň kömegi bilen çişirip,...

Dowamy »

1227 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Tug barada rowayat

Ýaşuly adamlaryň gürrüň bermegine görä orta asyrlarda şu töweregiň dini wekilleri we beýleki isleg bildirýän barly, güýçli-kuwwaty bar bolan adamlar toparlanyşyp Mekge-Medinä zyýarata her ýylyň Gurban aýynda gidýän ekenler.
Uzak ýola gitmezden ozal Astanababa binagarlik toplumynda üýşüp sadaka berip, onun tuguny belende galdyryp hemem binaga...

Dowamy »

929 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Wesyetler boyunça.

Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler.
Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler.
Şeýdip endik etdik aglamazlyga.
Şeýdip endik etdik aldamazlyga.
Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp».
Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp».
Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre,
Hakyň barmy? Törüň özünden sora!»

Ýen...

Dowamy »

925 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

ŞEÝLE OGUL DOGRAWERIŇ...

- Keýmir aga, kyn görmän, atyňyzdan düşägetdin, haýsymyzyň il derdine ýarajak çyn ogul dogurandygymyzy takyklap beräýseňiz.
- Wah, oň kynçylygy bolmaz, gelinler - diýen Keýmir kör ilki birinji gelniň goltugyndaky çaganyň çekgesine çalýar. Gör-ä, ony, çyrlap beýleki etmeden-ä elli bizar, gaýta. jykyrdap otyr.
- Bu bir binamys. Başarsaň...

Dowamy »

1020 2
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Keymiriň parasadyndan

EGRI OTURYP, DOGRY GEPLEŞMÄGE...

- Ýeri, how, Keýmir, maslahata şeýdip gelmelimi? Bagyrak arwanaň bilen bu gotur geçileň nämäň alamaty? Geňeşe getirmäge geňeşdar ýaşuly kethudaň, aksakgaldyr garasakgalyň ýokmudy? Nä olaň gyryldymy?
- Sen, Nedir, gaňňaňy gyşardyberme! Ýaşulyň ýerine şu keşşik janawer. Aksakgalyň dereginem şu ak...

Dowamy »

957 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

ÝAGŞYLYK EDIP ÝETIŞEMOG-A

- Magtymguly aga! Siz ile belli şahyram weli, hol pylany bar-a. Ana, şol siz barada bir ýakaşyksyz çöwre gürrüňe başlasa, asyl, gutarar ýerde gutarybam bilenok-da.
- Ýok, sen meň ýanymda beýle bolar-bolgusyz zady aýdyp oturma. Aýdaýsaňam, bilip goýgun, oňa ynanman. Sebäbi o diýýän adamyň meň gürrüňimi etmez. Üçinimi? Häzirlikçe men ol kişä ý...

Dowamy »

914 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

GÜRRÜŇIŇ GUÝRUGY

Soltansöýün patyşa nahar edinip gelýärkä, bir garry onuň öňüni kesip geçäýmezmi? Şonda gany depesine uran hökümdaryň bolmajysy bolýar.
- Heý, sylaşyksyz pelit! Idinsiz aýaga çolaşyp, gürrüňiň guýrugynam-a basdyň. Bilip goý! Indi onuň üçinem-ä jogap bermeli borsuň.
Bu ahwalata haýýaty göçen garry görgüli aglap-eňreýşine, garyp çatmasyn...

Dowamy »

959 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

NÄME SÜÝJI?

Myralygyr Soltansöýün bir ýaňa ugranlarynda, patyşanyň ýene-de öňküleri ýaly, wezirine degşesi gelipdir:
- Aýtsana, dünýäde iň süýji zat näm-ä?
- Ýumurtga - diýen Myraly, ýetirmän-goýman gaýtargysyny suňşuransoň, ol gürrüň şol taýda galýar.
Aradan üç ýyl çemesem geçýär. Ine, bir günem olar tirkeşip ýola çykanlarynda, wezirini g...

Dowamy »

926 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Ugr tapyjylyk

ÝYLAN SAGAMOK

Soltansöýün, ýagny Hüseýin Baýkara suwsap gelýärkä, bir aýal maşgala oňa çal guýup berýär:
- Ysy janyňy alyp gelse-de, seň çalyňdan içjek däl. Halama ekeniň. Içinde gyl bar.
- Içmeseňiz, içmäň, aga! Gyl gönezlige gatançdyr. Onsoňam men gylly geçi sagýan, ýylan sagamok - diýen laýykatly jogaby eşiden patyşa...

Dowamy »

1032 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

GÜNDE BIR, HEPDEDE BIR...

- Kaka, aý kaka! Düýn gyzar ikindinler gelýärkäm, ýolda ýüküm agdy. Hiç urubam bilmedim. Görsem, gaýraky hataryň aşak başyndaky garaýagyz ýaşulynyň ogly gelýär. Emma bagrymy ýaryplar ýalbarsamam, ol ýükümi uruşmady. Onsoň oňa: “Sen asyl beýle ekeniň-ow. Gör, bakaly, biriňize dereserlik sataşaýsa, dädemi (Lukman hekimi) gapyňyzdan garatman” diýdim w...

Dowamy »

973 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago