Adam näçe ýaşynda bolsa-da, söýgä we mähre mätäçdir. Şonuň üçinem bizi gowy görüp, aladamyzy edýän adamlary özümize ýakyn duýýarys. Emeli ýa-da ýasama däl söýgi we mähir okuw-terbiýeçilik işiniň netije bermegi üçin hökmany suratda peýdalanylmaly gymmatlyklardyr. Söýgüsiz amala aşyrylan okuw-terbiýeçilik işi biderek kösençden ybaratdyr.

Gowy mugallym okuwçylaryny çäksiz söýýändir, olaryň aladasyny edýändir, kömege mätäçlere hemişe goltgy berýändir, goýberýän ýalňyşlaryna elmydama sabyrly çemeleşýändir, olara ynanýandyr. Okuwçy bilen mugallymyň arasynda hötde gelip bolmajak päsgelçilikler ýokdur.

Mugallym esasanam başlangyç synpdaky çagalara örän mylakatly bolmalydyr. Şol döwürde çagalar has ynjyk bolýandyklary üçin, her bir goýberýän ýalňyşymyz we nädogry hereketimiz olaryň bizden daşlaşmagyna, hatda bizden bütinleý ýüz öwürmegine sebäp bolup biler.

Başlangyç synpda müdiriň orunbasary bolup işleýärkäm, bir okuwçy birinji synpy başga mekdepde okap, ikinji synpda biziň mekdebimize geldi. Öňki mekdebindäki mugallymyna öwrenişendigi üçin, täze mugallymy bilen ysnyşyp bilenokdy. Şol sebäplem her hili garagollyk edýärdi, mugallymynyň gaharyny getirmek üçin oýun baryny görkezýärdi. Mugallymy hem şu zatlar zerarly şol okuwçydan sowap, göwnedegiji zatlar edip ugrapdy. Okuwçynyň mugallymy we maşgalasy bilen duşuşyp, men olara şeýle maslahat berdim:

Maşgala çaganyň ýanynda täze mugallymy yzygiderli öwmeli. Mugallym hem okuwçysy bilen has ysnyşjak bolmaly we eýdip-beýdip özüni söýdürmegi başarmaly. Çünki okuwçy halamaýan mugallymyndan hiç zat öwrenip bilmez.

Mugallymy we deň-duşlary bilen düşünişip, gepi alşyp ugrandan soň, okuwçymyz mekdebi halap başlady.

Ž. Ž. Russo: «Mugallym okuwçysy tarapyndan söýülmelidir. Okuwçylaryna täsir edip bilmek we ikitaraplaýyn oňyn gatnaşygy ýola goýmak üçin mugallym söýginiň hem-de kämilligiň gudratyndan peýdalanmalydyr» diýýär. G. Kerşenşteýneriň pikirine görä bolsa: «Dünýäni maglumat däl-de, söýgi halas eder; hökümiňi ýöretmek däl-de, hyzmat we hemaýat etmek halas eder».

Taýýarlan, terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir