EGRI OTURYP, DOGRY GEPLEŞMÄGE...

- Ýeri, how, Keýmir, maslahata şeýdip gelmelimi? Bagyrak arwanaň bilen bu gotur geçileň nämäň alamaty? Geňeşe getirmäge geňeşdar ýaşuly kethudaň, aksakgaldyr garasakgalyň ýokmudy? Nä olaň gyryldymy?
- Sen, Nedir, gaňňaňy gyşardyberme! Ýaşulyň ýerine şu keşşik janawer. Aksakgalyň dereginem şu ak azman, gara sakgalyň ornunam hol, gara erkeç tutmasa hasabam däl. Akylly-başly maslahatyňa-da özüm bar. Seň bilen egri oturyp, dogry gepleşilmäge gelnendir.


OL "OTUM-ORAGYM" DIÝÝÄR-Ä

Keýmir kör bir ýola Annaseýit wekil dagy bilen ýaýlymly küreniň içinden geçmeli bolýar. Obanyň orta gürpüne ýetiberenlerinde, olara çaganyň aglamyşlaýan sesi eşidilýär. Şonda Keýmir aga töweregindäkilere yşarat edişine, atynyň jylawyny çekýär:
Diňşirgenip durşuna-da:
- Merez! Zäher! Zakgun! Haý, sesine suw sepilmiş-ä - diýip, käýinjiräp ugraýar. Soňam hyrçyny dişleýşine, ýoluny dowam etdirýär.
Esliräk ýörelensoň, ýene-de bir oglanjygyň agy sesi gulaklaryna ilýär. Şol halat Keýmir ýaşuly ýanyndakylara elini salgaýşyna, üzeňňä galyp:
- Hany, hany! Biraz tagapyl kylyň! Be, be, gerçegim! Heý, beýdip ökdin-ökdin edibem adam aglarmy? Goýaweri. Aýp bor-a! Seň ýaly ogla, asylha-da, aglamak ýaraşanog-a - diýşine, ugramak bilen bolýar.
- Keýmir aga! Biz-ä size düşünen daldiris. Öňküjän-ä döwdüň, soňkujanam öwdüň. Aýtsaňyzlaň! Bizem olaň sebäbini eşidäýsek.
- Sebäbini diňläsiň gelse, Annaseýit kethuda, ilki peläket-ä “Oturym-oragym”, ýaňkyja ballymam “Atym-ýaragym” diýip aglaýar ekeni.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir