Gerekli önümler

Bir çümmük «Ertiriňiz haýyrly bolsun!»;
Bir çaý çemçe «Günüňi gowy geçirmäge isleg»;
Birazajyk «Geçirimlilik»;
Az-owlak «Mylakatlylyk»…
Bellik: Hemme önümler arassa, täze bolmaly.

Taýýarlanyşy:

Ýokarkylary köňül tabagyňyzda gowy edip ýugruň;
Akyl pejiňize salyp, doly bişýänçä – ysy üstüňize ornaýança saklaň;
Içine duýgy şerbetini goşup, bir salym goýuň;
Soňra ony durmuşyňyzyň üstünden az-azdan guýuň;
Üstüni söýgi hem mähir süýjülikleri bilen bezäň;
Älemgoşar owuntyklaryny sepeläň;
Tagamymyz taýýar.

NOŞ BOLSUN!!!

Bu tagamy günde işdämenlik bilen iýiň. Diňe özüňiz däl, hemmelere hödürläň. Ýene bir zat: şu tagamy günde iýseňizem, berçigmersiňiz.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir