Günüň atmosferasynda wagtal-wagtal döräp, bir-birinden tapawutlanýan ýokary zarýadly şöhle saçyşynyň barha artmagy zerarly, Günüň işjeňligi üýtgäp durýar. Netijede, Günüň fotosferasynda bimäçe kiçijik gara tegmiller döreýär. Olaryň umumy meýdany 200000 km2 çenli bolup, 10-20 gün saklanýar. Olara älemşynaslar eýýäm 4 asyryň dowamynda yzygiderli gözegçilik edip gelýärler. Ilkinji gezek garategmile Galileo Galileý 1609-njy ýylda gözegçilik edipdir. Ondan öň hem tötänlikden ýuka bulutlaryň ýa-da tüssäň kömegi bilen gözegçilik eden bolupdyr. Emma olar barada maglumatlar juda azdyr.

Tegmilleriň käbirlerine ýyl ýarymyň dowamynda gözegçilik etmek mümkindir. Tegmilleriň temperaturasy Günüň üstüniň beýleki ýerleriniň gyzgynlygyndan 1-2 müň gradusa golaý pesligi sebäpli, olar gara bolup görünýärler. Gara tegmilleriň magnit meýdany daş-töweregiň magnit meýdanyndan müňlerçe esse artykdyr. Gara tegmilleriň döremekleri 11 ýylyň içinde üýtgeýär. Emma 11 ýylyň dowamynda magnit meýdany öz polýuslaryny üýtgedýär. Onuň täzeden gaýtalanmagy üçin ýene-de 11 ýyl gerek bolýar. Netijede, gara tegmilleriň döremegi 22 ýyldan gaýtalanýar we ol aralyga Heýliň möwsümi diýilýär. Äpet uly gara tegmilleri Gün doganda ýa-da ýaşanda dürbüsiz hem görmek bolýar. Her möwsümiň dowamynda gara tegmiller ilki bilen Gün ekwatoryndan 30-40 gradus uzaklykda döräp başlaýarlar. Soňra tegmilteriň döreýän ýerleri ekwatora tarap süýşýär. Tegmilleriň döremegi bilen olaryň magnit meýdany ýuwaş-ýuwaşdan güýçlenýär. Gara tegmillerde magnit meýdanynyň güýji 4 kiloerstede ýetýär. Günüň işjeňligi gara tegmilleriň döremegine baglydyr. Günüň Äleme saçýan ähli tolkunlaryna we korpuskulýar şöhlelerine Gün radiasiýasy diýilýär.

Gün-Ýer arabaglanyşygy. Gün soňky 5 milliard ýylyň dowamynda janly-jandarlaryň ýaşamagy üçin iňňän zerur bolan şöhläni we ýylylygy Ýer togalagyna bökdençsiz berýär. Günde bolup geçýän hadysalar, onuň üstünde dörän gara tegmiller Ýeriň atmosferasyna, gidrosferasyna, litosferasyna we janly-jandara täsir edýär. Soňky wagtlarda Gün işjeňligi hatda Ýeriň titremegine-de täsir edýär diýen düşünjeler ýüze çykyp başlady. Günden gelýän gysga tolkunly elektromagnit we korpuskulýar şöhleler Ýeriň magnitosferasyna we atmosferasyna täsir etmek bilen, ol ýerlerde goşmaça tolkunlary döredip, janly-jandara, şol sanda adamzada täsir edýär.

Günüň Ýere bolan täsiri iňňän uludyr. Günüň Ýere esasy täsirleriniň biri hem Gün şemalydyr. Gün şemalynyň tizligi şöhläniň tizligine garanyňda pesdir. Gün şemaly sekuntda 200 – 900 km/s golaý tizlik bilen hereket edip, Ýeriň çägine 2÷8 gün aralygynda ýetýär. “Gün şemaly“ diýen söz guýrukly ýyldyzlara gözegçilik edilende, olarda döreýän käbir hadysalary düşündirmek üçin girizildi we onuň kömegi bilen Günde ionlaşan akymyň bardygy ýüze çykaryldy.

Mesele çözmegiň mysaly. Marsyň Günden uzaklygy 1,5 a.b.. Mars üçin Gün hemişeligi näçä deň? Ýer üçin bu hemişelik 1400 Wt/m2 s .

Çözülişi. Ýeriňkä garanda, Mars üçin Gün hemişeligi kiçi bolar. Sebäbi Mars Ýere görä Günden 1,5 esse uzakda ýerleşýär. Mars üçin Gün hemişeligi 2,25 esse kiçidir we ol, takmynan, 626 Wt/m2 deňdir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir