Sahypjemal

Asly Änewli bolup, Büzmeýinde (häzirki Abadan) ýaşan 72 ýaşly Sahypjemal atly şahyr zenandan 1914-nji ýylda Alyşbek Alyýew birnäçe goşgularyny ýazyp alyp, olary 1915-nji ýylda Aşgabatda çykýan ''Ruznamaýi-mawera-ýi bahri hazar'' atly gazetda we Bakuwda (Azerbeýjan) çykýan ''Gurtulyş'' atly jurnalda çap edilipdir. Soñky ýyllarda edebiýatçy alymlardan R. Alyýew (1967 ý) we A. Oraztaganow (1991) Sahypjemalyñ döredijiliginiñ käbir taraplary bilen okyjylary tanyşdyrdylar. XX asyryñ ilkinji türkmen zenan şahyrynyñ şygyrlarynyñ birnäçesini okap görüñ!

Gel bizim sary

Gara gözlim, meni ýat et,
Üç günden bir, dört günden bir;
Gamgyn köñlüm birje şat et,
Üç günden bir, dört günden bir.

Garşydan bakarlar Aýa,
Rehm eýle bu binowaýa,
Sallanyp gel biz obaýa
Üç günden bir, dört günden bir.

Sahypjemal, diýer ýary,
Ýüregimde ýakma nary,
Söýgülim gel bizim sary,
Üç günden bir, dört günden bir.

Biter gider

Ogul, pes tutma özüñi,
Pany dünýä öter diýip
Her kim aýagyn düz goýsa,
Güzerden biheder gider.

Ýoldaş bolsañ kişi bilen,
Hyzmat eder başy bilen
Iş salyşsa nasy bilen
Daga-daşa atar gider.

Biwepadan ýokdur wepa,
Dil ähline etme jepa,
Ýigit ger bolsa nesapa,
Abraýyñ döker gider.

Diýseñ hoş reftar açawer,
Duýmasañ başdan geçewer,
Dil ýarasyndan gaçawer
Tyg ýarasy biter gider.

Balam

Aglatdyñ, zar etdiñ gül dek jemala,
Görünmedi katdy-çynaryñ balam!
Gülüñ näden ýetişmedi kemala,
Tizden hazan boldy gülzaryñ, balam!

Täze bakjalarda gülüstan erdiñ,
Çyndan, diýsem, jan içinde jan erdiñ,
Bir döwranly, bir dessanly han erdiñ,
Nä bozuldy nagşy nigäriñ balam?

Döwranyñ az boldy aýryldyñ menden,
Bilbil niçik doýsun täze gülşenden,
Niçik ýüz dönderip, aýrylam senden,
Janymda galypdyr armanyñ balam.

Diýdim: ''Näzik teniñ simden bezär sen,
Duşman seni görse, bagryn ezer sen'',
Diýdim: ''Ogul, ak otagda gezer sen'',
Diýmedim: ''Ýer bolsun mazaryñ balam!

Perwana dek çynaryñda ýanar men,
Gowrulyban öz ýagyma ýanar men,
Tä başymdan aýagyma ýanar men,
Başyma urandyr humaryñ balam.

Sahypjemal, aklym galmady serde,
Istäp tapabilmen Asman-u-Ýerde,
Owalda-ahyrda, ruzy-magşarda,
Ýa reb görmek barmy didaryñ balam!

Sahypjemal XX asyr.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir