Ojak (Osman Öde)

OJAK (Osman Öde)

Ene oglunyň äkitjek gününe sabyrsyz garaşdy. Indi onuň garaşyp ýörenine bir aýdan gowrak wagt geçdi. Her sapar «Şu ýekşenbede gideris» diýip, ogly söz berýär. Ýöne dynç alyş güni bolsa-da, onuň işi çykaýýar. Soňky wagtlar-a gitmek baradaky gürrüňler selçeňleşdi. Sebäbi her gün diýen ýaly ogluna gitmek barada ýatladyp...

Dowamy »

887 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Guýrugy kesilen gara pišik (Ogulsenem Taññyýewa)

Mýaw-mýaw edip, misli bogazlaryna pyçak goýlan dek bolşup mawlaşýan pişikleriň zenzenelesinden ýaňa Nepes aga bütin gije çirim edip bilmän çykdy. “Mýaw-mýaw! Mýaw-mýaw!” “Eý-ho, Beýle-de bir goh bor oguşýa!” diýip, Nepes aga janynyň ýangynyna eýlesine bir agdarylyp, beýlesine bir agdarylyp ýatyşyna, ýorganyň içinde özbaşyna hüňürdedi. “Gygyryp-gygy...

Dowamy »

1114 0
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago

Degişmeler

Razwedçikleriň ýaryşy geçirilýärmiş. Ýaryşyň şerti nähili köseseler hem berlen paroly aýtmaly däl eken. Finala amerikan, rus, türkmen galýar.
Birinji rus gelýär. Her dürli gynap başlaýar, 4 sagat ýaly çydaýar. Ahyry paroly aýdýar.
Ikinji amerikan gelýär. Ony hem gynap başlaýarlar, 8 sagat ýaly gynaýarlar welin olam aýdýar paroly.

Dowamy »

1343 5
Edebiýat, htkursant tarapyndan 4 years ago

Tom we Jerri oýny 100 milliona ýetdi

Ilkinji gezek 1940-njy ýylda ýaýlyma goýberilen “Tom we Jerri” multfilmi häzire çenli dürli dillere terjime edilip, dünýäniň çar künjündäki körpe tomaşaçylara ýetirildi. William Hanna we Josef Barberanyň döreden animasiýa eserini “Warner Bros” kompaniýasy taýýarlapdy. Geçen ýyl “NetEase” şereketi bu multfilmiň oýnuny döredip, satuwa çykardy. Häzirk...

Dowamy »

806 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Şaýly Gelin (Ogulsenem Taññyýewa)

Çoz-ha-çozluk boldy.
«Şu zady sen almaly» diýip, türkmene görkezäýmeli eken» diýip, bu alan-aldylyga agzyny açan Pendiguly töwereginde bolup geçýän hadysalaryň haýsy birine syn saljagyny bilmän, haýran galyp, içini gepledýärdi. Bolsa-da, çozuş edilip, eýelenilen meýdandan özüne-de ýer ýetenine begenip, iki bolup bilenokdy. Şäheriň içinde ho...

Dowamy »

1136 0
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago

Kötel Ýoda (Ogulsenem Taññyýewa)

Aýnagözel tüýs Aýyň bölegidi. Onuň ak gaýmak kimin näzik ýüzüne bir zat degse, saralyp-solaýjak ýalydy. Egnine geýen lybasy derek boýuna şaplaşyp durdy.
Gyz özüniň owadanlygyna diýseň buýsanýardy. Dogrusy, onuň näz-kereşme bilen süýnüp-sarkyp ýörşüni görmäge göz gerekdi.
Aýnagözel täk özi galyp, göwün ýüwürtmäni halaýardy. Hyýalynda...

Dowamy »

1284 2
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago

Heleý Belasy (Ogulsenem Taññyýewa)

Bu gün Hangulynyň keýpi diýseň kökdi. Süňňi ýeňil gopýardy. Birsyhly ýylgyrasy gelip durdy. Mydama ukudan galan ýaly pökgerip duran gabaklaryň arasyndan ýyldyrap görünýän gyýak gözleriň şöhlesi ýitidi. Ol öňler işden geldigi kürşerip duran ýüzüni barha gamaşdyryp, töweregine ser hem salman, jaýa girip giderdi. Goltugyndaky gazete dolangy depderleri...

Dowamy »

1833 0
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago

IKILIKÇI (Ogulsenem Taññyýewa)

Her döwrüň öz kada-kanuny bar. Adamyň mekdep döwründäki sylagy onuň sapaklaryndan alýan bahasyna bagly bolýar. Sen bäşlikçi bolsaň-a, klasdaşlaryň han kimin sylap, hormatlaýarlar. Diýeniňem iki gaýtaladylmaz. Orta haldakylaram gaty bir gözden düşýän däldir. Niçikmiň, ikilikçä öwrüläýseň welin... Dat günüňe! Aýratynam, oglan bolup ikilikçi bolaýsaň,...

Dowamy »

1533 0
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago

Öwrenmeli zat (Täçmämmet Jürdekow)

ÖWRENMELI ZAT
Kerim şahyry ýatlap...

Ol wagtlar men Türkmenistan SSR-niñ telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetinde başlygyñ birinji orunbasary bolup işleýärdim. Kerimlere jañ etdim. Saglyk-amanlykdan soñ näme üçin bimaza edýändigimi aýtdym. - Telewideniýe arkaly çykyş edip beräýseñiz. Tomaşaçylardan gaty köp...

Dowamy »

915 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Ogurlyk (Ogulsenem Taññyýewa)

OGURLYK

(Hekaýa)

 Nije ýyl bäri daşyna tagtadan haýat aýlanyp, gapdallarynda salynýan gurluşyk ahyrsoňy bitdi. Şonuň bilen hem Hommadyň gurluşygyň düýbi tutulaly bäri beýnisinde göterip ýören: “Be... Bi nämekä?” diýen sowalyna-da jogap tapyldy. Olaryň ýanyndan wajyp bir sklad gurlan eken. Sklad ulanylmaga tabşyrylan gü...

Dowamy »

1145 2
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Ogurlyk (Öwezdurdy Nepesow)

OGURLYK

- Aý-u-uw! Çelek gitdi-le, çelek gitdi.Daňdanyň ümüş-tamyşynda ýaňlanan  iniňi tisgindiriji bu ses tutuş çarwanyň uludan kiçisine, baryny oýardy.- Iki çelek ýagym ýok!—diýip, goýun-geçileriň ýelnini owmakdan ýaňa  daşa dönen aýalaryny, çiolige dönen barmaklaryny görkezip, Ene daýza eňreýärdi.Bu ýyl Garadepedäki aýal-gyzlar ik...

Dowamy »

918 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Ogry Depe (Osman Öde)

OGRY DEPE....

(hekaýa)

Bu habar sähel salymda onçakly uly bolmadyk obany öýme-öý aýlanyp, uludan-kiçä  hemmäni laňňa aýaga galdyrdy. Gaharyna her kim degenek taýak agtardy.  Obada eliňi uzadan ýeriň taýak.Obanyň insizje egri ýollary elleri taýakly, gahar-gazaply adamlardan doldy. Olaryň ugry obanyň ortasyndaky gojaman...

Dowamy »

971 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Ata Mäneli - 3

Ata Mäneli -3/
romanyñ dowamy
* * *
Süýjülikli günler damja bolup gelýär, sil bolubam gidýär... Hallygözel öýleden soň ekin içine gitmedi. Ýogsa ol gawunyň düýbüni ýumşatjakdy, gumlajakdy. Işe gümra bolup, kalbyna dolan gam-gussany egisjekdi. Emma gam-gussa ony goýbermedi. Gara daş bolup, ýüreginden asyldy durdy. Onuň işdekä-d...

Dowamy »

983 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Ata Mäneli - 2

Ata Mäneli -2/
romanyñ dowamy

* * * 

Ýassynlar asmany gara bulut örtdi. Aý-ýyldyzy ýalkymy-şuglasy öçdi. Älem-jahan tümlüge gark boldy. Ýap-ýaňam ýumşak, ýakymly tebigat suslandy, syrly göründi. Belki, ol gazabyna tutar, möwç urar. Hanha, çölüň üstünde bulutlar goýalyp, lemmer atyp başlady. ýyldyrym çakdy. Indi...

Dowamy »

869 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Ata Mäneli

ATA MÄNELI
(Ikinji tomuñ birinji kitaby) 

Ýazyjy Amanmyrat Şakulyýew "Ata Mäneli" romanynyñ ikinji tomunyñ birinji kitabynda hem ahlak, däp-dessur bilen baglanyşykluly meseleler teswirlenýär. Romanyñ baş gahrymany Ata Mäneli ýaşy gaýtsa-da, zynakärlige baş goşan Durdy gojukdan gazaply öç alýar. Romanyñ položitel gahrymanlary m...

Dowamy »

935 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Näme üçin zat alyp gaýdylýaka?

Öňler türk­men­çi­lik­de gu­da­çy­ly­ga ba­ran
aýal­la­ryň gyz­ly öýüň sa­ça­gyn­dan bir bö­
lek çö­re­gi alyp gaýd­an­dyk­la­ry ba­ra­da bil­
ýän­si­ňiz. Bil­me­ýän bol­sa­ňyz, kö­pü­gö­ren
aýal­lar­dan so­rap gö­rüň, şeý­le yry­myň bo￾landygyny, käýerlerde entegem bar­dy­gy­ny
aýdarlar.
Her bir yry­myň a...

Dowamy »

1086 0
Edebiýat, bank tarapyndan 4 years ago

Aşgabatda ýene bir ýerasty geçelge we onuň üstünde bezeg sütüni gurlar

Aşgabatda ýene bir ýerasty geçelge we onuň üstünde bezeg sütüni gurlar

Aşgabadyň S.Türkmenbaşy hem-de A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty pyýada geçelgesi we onuň ýokarsyndaky aýlawly çatrykda bezeg sütüni gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hasabat berdi....

Dowamy »

811 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Halit Refik Karaý – Gözýaş

Hojaýyn täze gelen hyzmatkär aýala:

– Diliň anadolylaryňka-ha meňzänok welin, Rum ilinden-ä dälsiň? – diýdi.

– Erfiçäniň obalarynyň birinden. Maňlaýyma ýazylanydyr-da, bärlerik düşdüm.

Oňa birmahallar gök gözli, saryýagyzdan görmegeý zenan bolupdy diýseň, kim ynanar?! Oýunjak dükanlarynda satylýan gurjak...

Dowamy »

819 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Atanyň wesýeti

Ölüm ýassygynda ýatan goja üç oglunam ýanyna çagyryp, olara şeýle wesýet edipdir:

– Ogullarym! Men ölemsoň, öz araňyzda sene-mene edişip ýörmeziňiz ýaly, barja 17 düýämi size paýlap bermek isleýän. Olaryň ýarysyny ulyňyza, üçden birini ortanjyňyza, dokuzdan birini bolsa körpäňize miras galdyrýan.

Kakalarynyň ölüminden...

Dowamy »

934 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Özüň bol!

Doktor Jeýms Gordonyň şahsyýetiň özboluşlylygy hakda jaýdar aýdan sözleri bar: “Özüň bolmak, özüň bolup ýaşamak meselesi edil taryhyň özi ýaly gadymydyr we adamzat durmuşy ýaly köpgyraňlydyr. Durmuşda öz ornuňy tapmazlyk, özlügiňi ýitirmek bolsa köpsanly ruhy dartgynlylygyň we göwünçökgünligiň gönezligidir”. “Ýaradylan zatlaryň içinde sen ýeke-täk....

Dowamy »

849 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago