Ata Mäneli -2/
romanyñ dowamy

* * * 

Ýassynlar asmany gara bulut örtdi. Aý-ýyldyzy ýalkymy-şuglasy öçdi. Älem-jahan tümlüge gark boldy. Ýap-ýaňam ýumşak, ýakymly tebigat suslandy, syrly göründi. Belki, ol gazabyna tutar, möwç urar. Hanha, çölüň üstünde bulutlar goýalyp, lemmer atyp başlady. ýyldyrym çakdy. Indi gök gürläp, esräp, asman-zemin sarsaýjak, ýagyş-ýagmyr sil kimin şaglap inäýjek ýalydy. Ýok, tebigat güýje gelip bilmedi. ýyldyrym otly gamçysyny telim sapar bulasa-da, gök gürläp gazaba münmedi. Bahar arkan serpigensoň, asmanyňam bady-joşguny gaýtgyn alaýdymyka? Şemal kem-kemden bat aldy. Ol tekizleşip başlan buluda zabun darady. Bölünen, tüýdülen bulut küpürsän, teşnesirän topraga ýekeje damja-da eçilmäge ýetişmedi. Şemalyň ugruna akyp gitdi. Gara öýde Durdy gojugyň täk özi otyrdy. Ojakda ot bireýýäm peselipdi. Öýüň içinde garaňkylyk goýaldy. Tärimden asylgy uýanyň kümüş bezegleriniň şöhlesi öçdi. Töre gerilen haly-çuwallaryň ýüzündäki kölegeler syrylyp ýitdi. Durdy oduň peselenligindenem, garaňkynyň goýalandygyndanam habarsyzdy. Köne höwes, haram nebis ony ýene-de öz girdabyna dolap alypdy... Gojugyň oý-pikiri gaýtgyn alan suw kimin yza serpikýärdi. Ynha, Aýgören obasy. Obanyň aksakgaly körpe ogluny öýeripdi. Şol toýdan bäri bahar bir gezek çalyşdy. Ikinji tomusam alkymlap geldi. Emma Hallygözel Durdynyň gözüniň öňünden gidenok. Gyz-gelinleriň arasynda gülümjiräp dur. Egninde ýaşyl sowsany köýnek Başynda gupbaly börük, ýukaja öýme. Iki örülip goýberilen şamar saçlar. Ýygna dodaklar. Olar gojugyň kalbyna gozgalan salypdy, Ol toýdan gaýtmanka gyzyň adynyň Hallygözeldigini, Sazakussanyň ýeke gyzydygyny bildi. Göwün ynanyşýan adamsy ona ýene bir zady aýtdy: Sazak ussa kanagatly adam. Namazhon kişi. Eli, ynsaby halal ussa. Ol dünýäniň malyna imrikmez. Ondan aýal üstüne gyz sorabam bolmaz. Sorama-da. Malyň-puluň bolsa, at bilen gyza gytçylyk ýok. Saýla-seç. Şerigat sen tarapyňda. Il-günem geňlemez. Özüňem tüýs ganyňy täzeläýmeli wagtyň. Güýjüne güýç goşular. Çille mesi deýin esrärsiň. ÝaSazak ussanyň gyzyna mähriň gidäýdimi? Onda hunaba baryny ýuwdarsyň. Yşk belasy ot belasyndanam beter bolarmyş... Durdy erjel adamdy. Öküz ýaly kejirdi. Ýüregine galyp bolan zatdan maňlaýy daşa degýänçä gaýtmazdy. Ol bu gezegem yza çekilmedi. Hallygözeli ýetim batragyna alyp berdi. Gizlin matlap bilen alyp berdi. Durdynyň tutan işini iki oba-da oňlady. Ony sahabatly, gaýratly är saýdylar. Gojugyň hapa meýlini welin aňan bolmady. Hallygözel gojuklaryň hoşuna geldi. Gelin işlidi, edenlidi. Haýsy işiň gyrasyndan barsa, el gelişer giderdi. Hallygözelde adam baryny bent edýän ýumşak häsiýet, ýaraşykly kaddy-kamatam bardy. Açyk, bugdaýreňk ýüz, gülüp duran ullakan gara gözler Durdyny porhan edýärdi. Gelin welin özüniň göz astyna alynandygyny bilenokdy. Gojugy görende uýaljyrap, ýylgyrýardy, baş egip salam berýärdi.. Durdy ýygy-ýygydan göwün ýüwürdýärdi. Hyýalynda Hallygözeliň howurly mährine çoýunýardy. Ynha, häzirem Hallygözel sallanjyrap gapydan girdi. Gelin bezemendi. Egninde täzeje keteni, mahmal çabyt. Başynda egmeli börük. Ýaşyl kürte. Çomuç ýaly bilekler, sülük deýin barmaklar... Barysy-da şaýly-sepli. Zynat-şaý gelniň husnuny durlapdyr, Ol näzli ýylgyrýar, Gojugyň hyrydar garaýanyna monça bolýar. Onuň gül parasy ýaly ýaňaklary gyzarýar, öwüşgün atýar... Gojuk örboýuna galýar. Hyjuwy oýanýar, Gözleri haýasyz ýyldyraýar. Ol gelniň ýumşak goşaryndan tutmaga meýil edýär. Şol halatda-da, Dursun peýda bolýar. Zenan ýygrylýar. Ärine delmuryp bakýar. Onuňnazary mähir hantamady «Seniň ýüregiňde mana ýyla duýgy galmadymy?» diýýärdi. Galmandy, Ne howur galypdy, we mähir. Giden boşluk. Seýit Nasyryň çägesi dek sowuk, jansyz boşluk... Durdy nikaly aýalyna ýaňsyly garady:–Sen uzakda ýakylan oda meňzeýäň. Ne çoýýaň, ne-de ýyladýaň. –Sen, onda, meň düşegimiňýylysyny duýaňok-da? Bi ýaşdan soň... –Bes! Tüket! –Gojuk Dursunyň sözüni yzgytsyz böldi. – Men ýigrenenim akyl. Şu wagta çenli hyjuwymy, höwesimi akyla kössekletdim. Bes indi. Men yşgyň badasyny noş kyljak Yşkdan serhoş boljak. – Ol aýalyny eliniň tersi bilen bir gyra itiberdi. Täzeden Hallygözele elini uzatdy... Durdy ajy ýuwdundy: arzuw bilen hakykadyň arasy uzakdy, asman bilen zeminiň aralygyna çalym edip durdy. Gelinem buýsançlydy. Batraga bolan söýgüsi, mähri bilen gaýnap-joşup ýördi. Gojuk onuň üçin gaýyn ata ornundaky adamdy. Ol onda göwün, hyjuw bardyr öýdenokdy. Nätmeli? Gelni duýdansyz girä salybam bolardy. Ýeri, onsoň? Oňam bir onsoňy bolarmy? Goltugyňa gysdyňmy, görkez zoruňy. Esre, kükre. Terje, dakyzja mämeleri döşüň aşagyna gys-da, mäjerle. Sor, pisse dodaklaryň balyndan. Goý, ter gelin ynjalsyn. Göreçleri gülsün, hyjuwy oýansyn... Oýanmasa, ynjalmasa nädersiň? Ýakasyny çäkläp, bagyrsa nädersiň? Bagyrmaz. Namysy syndyrylan aýal ýaka ýyrtmaz. Sessiz aglar. Öler-ýiter, ýöne namysyny ýaşyrar. Biwepa aýala nämäniň garaşýandygyny ol bilýändir. Seni ýigrener. Emma yşarat etdigiň geler, gujagyňa gysylar. Alajy bolmaz. Syryny paş etmeseň kaýyldyr. – Durdy tebsirän dodaklaryny ýalady. – Belki, meýil-höwesiňi açygrak duýdurmalydyr. Süýji söz bilen ýüregini eretmelidir. Aýal haýsy aýdymy köpräk eşitse, şona hiňlener. Ýagyşyňdamjasy gara daşy ýararmyş. Sowuk damja daşy ýarsa, erkegiň muhabbetli sözleri zenanyň buýsançly ýüregini eretmezmi? Sabyr-takadyň ýetse, ereder. Durdy gojukda sabyr-takat galmandy. Öýüňgapysy duýdansyz açyldy. Dursunbosagadan edalyätledi. Durdy allaniçiksi bolup aýalyna seretdi, pynhan niýeti aýaw bolan dek gyzardy. –Biwagt nirede entäp ýörsüň? – Durdy zenana gaharly garady. – Çaý demle. –Yzgytsyz sorag zenany kiçeltdi. Şonda-de ol ýüzüni çytmady. Dymdy. Bu uzak ýyllaryň dowamynda adat bolup galan endikdi. Pähimli zenan gylyksyz, gylyksyz gyňyr äri dymyp ýeňerdi. Dagy nätsin? Küýkini mazardan bagta dograldýan zat barmy? Dursun ojagyň közüni gorjady. Oňa agaçly odunsaldy. Ot tutaşansoň, taňkanyň salymny bermedi. Lasyrdadyp gaýnatdy. Dursun çaýy demläp, äriniň öňüne süýşürdi. Ynjalyksyz oýlandy: – Gojugyň damaryna kim tow berdikä? Ah, kim bolsa şol bolsun-la. Çagalaryň düşegini ol öýden salaýyn. Let iýsemem, özüm iýeýin. Olar bir rahat ýatsynlar. Şemal duýdansyz ýatdy. Gojuklaryň bagynyň gaýgyly heňňamy kesildi. Derýa-da ynjaldy. Asmanyň ýüzi durlanan bolsa gerek: açyk tüýnükden goşa ýyldyz göründi. Ýatakda daňylgy atyň irişmesi şyňňyrdady. Ýaňyja aýaklanan köşek enesini küýsäp nalady... Durdy basym dil açdy. Özem Dursunyň garaşmadyk perdesinden gopdy: –Çagalar nirede? Zenan ýumşak dillendi: –Ikisem Hallygözeliň ýanynda. Juma geler, öýde ýatar. Göwher jan gelnejesiniňýanynda galar! – Boýy ýeten gyz näme üçin öýden ýaban ýatmalymyş? Durdy çaýly käsesini agzyndan aýyrdy. – Enesiniň duluna sygmaýarmyşmy ol? –Hallygözel maňa gelin hasabynda. Oň öýi... – Haýýarlygyny bes et. –Gojugyň göreçleri gazaply ýyldyrady. – Şu günden başlap çagalaryň ikisem seň ýanyňda ýatsyn. Meň düşegimiol öýden sal. Dursunyň ýüregi ýakymsyz bir zady syzdy: bu sözlerde dargursak, gyňyr äriň gaharyndanbaşga-da, haýsydyr bir elhenç zat bardy. Zenan onyDurdynyň göreçlerinden aňdy. Bet päle mündügi Gojuk adamyň ýüzüne dogrulyp garamaz. Nazaryna sowar. Zenanyň bokurdagy doldy. Ol öz durkuna talan salynandygyny bilýärdi. Neneň bilmesin! Hany onuň ýaşlygy, bahary? Derek kimin göwni, näzik beden nirede? Onuň maral gözleri bardy. Gujagam howurlydy. Ony haýsy nägehan sowatdyka? Aýalyňky bir möwsüm, bir pasyldyr-da! – Ýok! – Dursun kimdir biri bilenjedel edýän dek janykdy.–Suwy-yzgary ýetik maýsa süllerýän däldir. Şypaly datly ýyllar aýaly wagtyndan öň garratmaz. Meni wagtyndan öň garradan gylyksyz, gyňyr är. Zenanyň ilki göwni, ýüregi garraýandyr. Beden soň mürşerýändir. Soň sowaýandyr...Zenanyň ýüregini tanyş duýgy gaplan aldy. Duýgyerjeldi. Ýakymlydy. Ilki bir şugla saçyp, soňam sowlup geçen bagt hakyndaky hasratly aýdymdy. Aýdym zenany bir mahalky gyzgünlerine, öýlänçi ýaly gysga, hasratly, emma ýakymly möwsüme alyp gitdi. Oňaşol jadyly pursady – gyzyň çomuç ýaly goşaryna erkek kişiniň barmaklarynyň ilkinji gezek galtaşan halatyny ýatlatdy... Dursunlaryň daşkyrak goňşulary bagşydy. Ýaňyja ýigriminiňgerşinden basan jahyldy. Alçakdy. Sesi durudy, ýakymlydy. Ýöne ýigidiň keşbi sesindenem ýakymlydy. Ol toý-tomaşa diýip, känbir aýlanyp ýörmezdi. Deň-duşlary göwün etse-de, dag çeşmesi deýin joşar giderdi. Bir görseň, ol aşykGarypdyr. Özüni kör enesine tanadyp oturandyr. Bir görseň, Mežnundyr. Leýliniň guburyna ýykylyp, bagry-girýan bolup, aglap ýatandyr. Kiçeňräk obanyň garrysynyň-juwanynyň ýüreklerem bagşy bilen deň aglar. Dutaryň tarlary bolsa, gitdigiçe çekiler. Şeýda owaz durlanar, belende göteriler. Gyzyl Meýdanyň düzlügi hut jadylanan ýaly, tä daň saz berýänçä irkilmez. Bagşynyňbelent owazy tolkunyp, Kammanyň çägesine-de, Baýsähetleriň hataryna-da siňer. Dursunam çirim etmän daňyny atyrardy. Aýdym ony ýerden götererdi, alyslara, ýabany melewşäniň näz bilen ýylgyrýan, edaly tolkunýan çemenliklerine alyp giderdi. Gyz ýüregi parlap açylardy, oňa näziklik, röwşen-röwşen duýgular siňerdi... Söýgem dagyň damarlaryny yzarlap, çogup çykýan çeşmä ogşaýar. Çogup, gaýnap özüne ýol açýar. Ol ýoly kimler yzarlamady! Dursunam muhabbet ýodajygynda bagşy bilen birje sapar duşdy. Pynhan duşdy. Gyz hyýalynda bagşy bilen telim duşan, şirin-şirin sözleşenem bolsa, onygolaýdan görende uýaldy. Ýigit welin aljyramady, ýaýdanmady. On ýedi ýaşly gunçanyň akja goşaryndan tutdy, ony özüne tarap çekdi. Mähir bilen, eda bilen çekdi. Gyz şonda haýran galypdy. Bagşynyň aýasy ýumşakdy, barmaklary gamyş ýaly inçedi, uzyndy. Aradan köp-köp ýyllar geçenem bolsa, Dursun şol nepis barmaklary aýdyň görýärdi. Olaryň ýylysyny öz goşarynda syzýardy. Ykbal Dursuna ýowuz darady: oňa şol duşuşykdan başga röwşen pursady bagyş etmedi. Gyzyňatasy bagşynyň süňňüni özüniňkiden pes saýdy. Dursuny çöpedegmeze rowa görmedi. Gyz Durdy gojugyň gujagyna dolmaly boldy... ...Şol gijäniň ejiri, sarsgyny çekip-çydardan agyr bolupdy. Nika gyýyldy. Öýüň gapysy içinden mäkäm ýapyldy. Dursun törde tärime bakyp otyrdy. Sagynda Durdy. Solunda bagşy. Ol uzakdan yşarat berip, delmuryp dur. Dursun umytly garaşýar. Bagşynyň ýene batyrgaý deprenmegine, öz golundan söýünç bilen tutmagyna garaşýar. Gyzyň goşaryndan tutuldy. Dözümli tutuldy. Dursun gabagyny howatyrly galdyranyny duýman galdy. Onuň üstüne abanyp duran ýigit bagşy däldi, nätanyşdy. Ýüzi hordy, çytykdy. Maňlaýy dardy. Köräp duran gözleri haýasyzdy. Gyz biygtyýar içini çekdi, gobsundy. Emma ýerindei turmaga ýetişmedi. Durdy onuň başyndaky mahmaly sypyrdy. Hemle atdy: – Tur, düşek ýaz. – Gojuk aýagynyň burny bilenDursunyň dyzyna depdi. –Eneň dulundan arany açansyň. Dursun allaniçiksi bolup, örboýuna galýar. Ýigidiňýüzüne nadyl garaýar. Emma nemlenen göreç hiç zady saýgarmaýar. Ýerliksiz haýbat, gödek depgi gyzyň ýumşaklyga, näziklige ýugurlan kalbyna, ýüregine dag basýar. Gyz ganaty gyrylan guş kimin aşak çökýär. Depgi gaýtalanýar. Göwün, ýürek düwülýär. Ömürlik düwülýär... Durdy gyza hyjuwly topuldy. Hamana, uzak ýyllar aýraçylygyň zaryny çeken aşyk kimin topuldy. Ondan göwün hantama boldy, mähir, gadyr isledi. Ýöne, sowuk sadyklyga duş geldi. Mährewsiz depgi gyzyň ýüreginem, hyjuwynam sowadypdy. Gojuk Dursun gaýdyp gelenden soň ýarylypdy: –Sen buz ýaly-la? Sendemähir-hyjuw ýokmy? Ýa mähriňi başga biri üçin aýap saklaýarmyň? Dursun şol gezek öz ynjysyny gizlemändi: – Taňrynyň eçilen mähri-howry mende-de bar. Göwünem bar, ýüregem bar. – Gelin çuňňur dem aldy. – Ýöne olar dil açmankalar lal bolaýdylar. Durdy göwünli-göwünsiz gülümsiredi: – Doga güňler hiç wagt dil açýan däldirler. Dursunyň gaşlary çytyldy: – Çölüň bägüli iňňän uýatlymyş... – Çöl nirä geldi? – Gojuk Dursunyň sözüni böldi. – Bi iki arada bägül nirä sokuldy? – Bägül möwç urup açylmazmyş. Daňdan, sabanyň ýakymly, söýünçli pillesi açylarmyş. Näziklik bilen açylarmyş... Bu sözler Dursunyň ýüreginde owazlanyp durdy. Ýöne, gelin olary diline almady. Äriniň bitakat sözlerine düwüldi. Onsoňam, kim üme düşer, kim dile. «Çölüň bägüli iňňän uýatlymyş», Dursunyň bu sözlerinde dilem, ümem düşünmezçe däldi. Gojuk düşünmedi. Kiçelen, ezýet gören pursatlaryňda Dursun bagşyny ýatlaýardy. Onuň keşbi gözüniň öňünde janlanýar. Ýigidiň önküje durky. Şol nurana ýüzşol mylaýym, mähirli nazar. Dursun bir gezek çydamady Salgym atyp duran mährem keşbe bakyp nalady: – Sen näme, salgym atyp gidiberýäň? Näme örteýäň? Mende näme ýazyk bar? Ykbal... –Gelin gepläp bilmedi. Bokurdagy doldy. – Sen menem ýazgarma, Dursun. – Ýigidiň sesi şirin mukam ýaly ýumşak ýaň berdi. – Sen indi biriniň nikaly aýaly. Nikaly aýala hyrydar garamak... Päk ynsabyň göterjek zadymy bi? –Sen meni aýdymlaryňda bir ýatlaýarmyň? –Aýdym asyllynyňam, bedasylyňam gulagyna ilýär. Ýürek agymy eşidip, nämehrem heşelle kakmasyn. Sen adyňy ýüregimiň gatlarynda saklaýaryn. Bolany şol... ...Dursun geň galdy. Zenan: «Bolýa, kakasy, düşegiňi ol öýden salaýaryn» diýmäge özünde ysgyn, gaýrat tapman otyrdy. Dursunyň göwni ömürlik synan ýalydy-la? Mähir-muhabbete teşnelik onuň ýüreginden müdimilik göterilmedimikä? Zenanyň göwni synypdy. Ýüregiň mähir tarlarygyrylypdy. Onsoňam, Dursun äriniň ol öýden ýatyp-turjagyna odukmaýardy. Ýorgany, öýi aýralamagyňwagty ýetipdi. Oglanyň murty garalypdy. Gyzam häli-şindi aýna seredýärdi. Onuň husnunyň durlanjakgünem daş däldi. Ýöne, Durdy ese-boýa galan çagalaryndan utanyp, ýerini täzeleýärmikä? Şeýle bolsa, Dursun begenip, iki bolup bilmezdi. Gojugy gaýratly ata, pähimli-ejaply är saýardy. Arman, Dursunyňböwründen şübhe sanjysy aýrylanok. Göwnüne, gojukbir gabahat niýete ýugrulan ýaly. Ýa zenan süýde siňe seredýärmikä?

(dowamy bar)...

www.kitapcy.ga

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir