TÜRKMENLERDE EGIN-EŞIKLER WE OLARYŇ GÖRNÜŞLERI.
Türkmenleriň milli egin-eşikleri we olaryň taryhy. Türkmen halky müňýyllyklaryň taryhynda özüniň milli däp-dessuryny, edebini ýtirmän gelipdir. Şol däp-dessurlaryň we edepleriň biri hem göze gelimli geýinmek edebidir. Adamzat özünuň ýaşaýan dürli döwürlerinde egnine eşik geýmek düzgünini kämilleşdiripdir. Hatda iň gadymy döwürden, adamzat aňynyň ösüp başlan döwründen bäri egin- eşikleriň dürli görnüşlerini, ýagny sowukdan we yssydan goranmak üçin galyň, ýuka, ýakymly, amatly egin-eşikleri döretmegi başarypdyrlar. Ynsan üçin iýmek-içmek nähili zerur bolsa, geýinmeklik hem şonça derejede zerurdyr. Onda-da geýinmek ýöne bir adat bolman, eýsem, jemgyýetde sada, owadan, gelşikli we amatly egin-eşikleri geýmek amatlydyr. Sebäbi eginbaş onda-da gelşikli geýinilen eginbaş adamy göze gelimli görkezýär.
Türkmenleriň milli egin-eşikleriniň taryhy gadymy döwürden bäri öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Tärkmen milli geýimleri köp asyrlaryň dowamynda kemala gelip, döwürlerde kämilleşip biziň günlerimize ýetipdir. Olarda sebit aýratynlyklary saklanyp galypdyr. Türkmen milli geýimleriň ähli görnüşi öz milliligini, taryhy döwürleriň hemmesinde saklap galmagy başarypdyr. Türkmenistanda XYII asyrda musulman dini bolan yslam dininiň ýaýramagynyň täsiri bilen türkmen milli geýimleri özboluşly görnüşe eýe bolýar. Diniň wagyz-nesihatlary erkek adamlara dyzdan we bilekden ýokarsyny, aýal maşgalalara bolsa topukdan we goşardan ýokarsyny hemişe ýapyp gezmekligi ündäpdir. Şonuň üçin hem gelin-gyzlar uzyn ýeňli-ýanly kýnekleri geýipdirler. XIX asyra çenli erkek adamlaryň köýnekleri hem dyza çenli ýetip duran uzyn görnüşde bolupdyr diýen maglumatlar hem bar.
Dogrydanam yslam dini ahli adamlara, esasan hem gyz- gelinlere uýat-haýaly bolmagy berk ündäpdir. Hatda musulman dinine uýan ähli halkyň gelin gyzlarynyň, ýokarda belleşimiz ýaly diňe topuk we goşardan beýlesini gizlemän, eýsem, ýüzlerini hem ýapyp, gizläp gezendiklerini biz taryhy maglumatlardan bilýäris.
Orta asyr çeşmelerinde, arap taryhçysy Ibn Fadlan türkmenleriň öz gelin-gyzlaryna bolan gatnaşyklary barada şeýle sözleri aýdypdyr: ―Türkmenler beýleki musulman halklaryndan tapawutlylykda öz gelin-gyzlarynyň ýüzlerini ýapdyrmandyrlar. Olar erkek adamlardan, hatda keseki erkek adamlardan hem ýüzlerini gizlemeýärler(1) diýip geň galyjylyk
bilen aýdýar.
Ýurdymyza syýahat eden jahankeşdeleriň ençemesi halkymyzyň ýaşaýşy-durmuşy barada köp ýazgylary galdyrypdyrlar. Şolaryň biri-de türk syýahatçysy Mehmet Emin Efendidir. Ol türkmen topragyna XIX asyryň ýetmişinji ýyllarynda gelýär we esasan, häzirki Balkan we Daşoguz welaýatynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda bolup, olaryň edim-gylymlaryny, toý we ýas däp-dessurlaryny, maşgala gatnaşyklaryny hem-de ýaşaýyş durmuşlaryny ―Ystambyldan Orta Aziýa syýahat diýen işinde beýan edýär. Syýahatçylaryň aýratyn üns beren zatlarynyň biri hem türkmen aýal-gyzlarynyň ýaşaýşy, olaryň jemgyýetde tutýan orny bolupdyr.
Türkmen zenanlarynyň hem ýüzleriniň açyk we erkanalygy barada şol syýahatçy şeýle gürrüň berýär: ―Türkmen zenanlarynyň husny-jemalyny wasp edip, taryplap oturmagyň hajaty barmyka? Olary mongol hem tatar jynsy bilen deňeşdirmek bolmaz. Türki jynsy kawkaz jynsynyň hem has kämil görnüşidir.... Türkmen aýallary biziň bu ýerlerimizde bolşy ýaly, däl-de, juda erkanadyr. Ylaýtada edenliliklerine, batyrgaýlyklaryna hem-de bedenleriniň gujur-gaýratyna diýere söz ýok....(2) Şol bir wagtda hem türkmen aýal-gyzlarynyň uýat-haýalaryny saklandyklaryny, edep-ekramly bolandyklaryny belläp geçýär. Bu edep türkmeniň geýinmeklik dessurynda hem öz beýanyny tapýar.
Türkmen milli geýimleriniň görnüşleri.
Türkmen milli geýimleri öz görnüşleri boýunça üç topara bölünipdir:
1. Erkek adamlaryň egin-eşikleri.
2. Aýal gyzlaryň egin-eşikleri.
3. Çagalaryň egin-eşikleri.
Erkek adamlaryň egin-eşiklerine: çäkýaka köýnek, gyýma balak, tirme guşak, donlaryň dürli görnüşleri (gyrmyzy don, garma don, daraýy don, hywaly don, buhara don, çäkmen, ýektaý), possun (içmek), dürli görnüşli başgaplar (tahýa, silkme telpek, çöwürme), aýakgaplaryň dürli görnüşleri (çokaý, çaryk, ýelken, messi), dolak we ş.m. degişli bolupdyr.
Aýal-gyzlaryň egin-eşiklerine: köýnek, aýak geýimler, donlaryň dürli görnüşleri (çabyt, begres, küleçe), başgaplaryň dürli görnüşleri (ýaglyk, gynaç, tahýa), aýakgaplary (hokga, gyrma, çepek, galoş), gara gülli guşak we ş.m. degişlidir.
Çagalaryň egin-eşikleri: köýnek-balaklar, kurtekçe, kirlik, sopbaş, çekilen ýeňsizler we ş.m. bolupdyr.
Türkmenleriň milli egin-eşikleri olaryň sosial durmuýyna we maddy ýagdaýyna görä bolupdyr. Şonuň üçin hem geýimleriň görnüşleri dürli-dürli bolupdyr. Olaryň görnüşleri boýunça at beripdirler.
Erkek adamlaryň egin-eşikleri.
Erkek adamlaryň başgaby esasan ak gaýma tahýa bolupdyr. Ak gaýma tahýa erkek adamlaryň ähli ýaşdakylaryna degişli bolmak bilen, hatda ony silkme telpekleriň içinden hem geýipdirler. Silkme telpek gyrkylmadyk, tüýleri seçelenip duran ak we gara reňklerdäki goýunyň derisinden edilipdir.
Şeýle hem çöwürme ýa-da şypyrtma (gytyk tüýli goýunyň derisinden edilen, iki tarapynada geýilýän başgap), tumak, kermen (silkmeden gysgarak baganadan uzynyrak tüýli telpek) diýip atlandyrylýan başgaplary bolupdyr. Başgaplaryň hataryna selle hem degişlidir. Emma olar diňe molla we dini adamlar tarapyndan geýilipdir. Erkek adamlaryň egin-eşikleri

Erkek adamlaryň köýnekleri ezýaka ýa-da çäkýaka görnüşde bolpdyr. Olar ak we dürli reňklerdäki nah we ýüpek matadan tikilipdir. Olaryň balagy gyýma balak bolup, matany eýläk-beýläk gyýyp, kesip tikilýändigi üçin şeýle atlandyrylypdyr. Balaklar gara we goňur reňkdäki nah we ýüpek matadan tikilipdir. Erkek adamlaryň egin- eşiklerine gadymy döwürden bäri ulanylyp gelýän tirme guşaklar hem degişli bolupdyr. Onuň ini 40 sm., uzynlygy 2 m. çemesi bolup, ol keteni matadan edilipdir. Türkmen erkek adamlaryň egin-eşigine donlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Olar örän köpdürli bolmak bilen sebit we
ýaş aýratynlygy esasynda geýipdirler. Donlaryň görnüşleri gyrmyzy don, garma don, daraýy don, hywaly don, buhara don, çäkmen, ýektaýdan ybarat bolupdyr. Olar gyzyl, (Gyrmyzy donly teke (1901 ý.) gök, ýaşyl we gyrasy parawuzlanyp, jäheklenip
dikilendir. Gyrmyzy don türkmenleriň ähli sebitlerine mahsus bolup, ony diňe ýetginjek we yigitlik müçesindäki adamlar, ýagny orta ýaşa çenli adamlar geýipdirler. Ol türkmenleriň giň ýaýran toý lybasynyň biridir. Garma don orta ýaşdan geçen adamlaryň donyna degişli bolup, ol gyrmyzy donluk matanyň dürli rekli
köregiräk çyzyklar geçen görnüşinden tikilýär. Daraýy don hem garma don ýaly tikilýän matasynyň görnüşi bilen baglanyşykly atlandyrylandyr. Donlaryň
sebit aýratynlygy boýunça geýilýän görnüşlerine
hywaly don we buhara dony degişlidir. Hywaly don demirgazyk türkmenlerine, ýagny Horezm hanlygyndaky türkmenlere, buhara don bolsa Buhara emirligindäki türkmenlere degişlidir. Olaryň ikisi hem içine pagta ýa-da ýüň salnyp çekilen donlar bolup, özbekleriň medeniýetiniň täsiri esasyndaky donlardyr. Hywaly don özbekleriň şahy matasyndan (ala ýüpek mata), buhara don bolsa, iri gülli matasyndan edilipdir.
Türkmen erkek adamlaryň egin-eşigine degişli donlaryň biri hen çäkmendir. Çäkmen düýe ýüňünden inçe dokalyp tikilipdir. Ol köplenç agar çäkmen ady bilen bellidir. Çäkmen ilatyň maddy ýagdaýy bilen baglanyşykly bolupdyr. Ony diňe barly adamlar geýip bilipdir. Şonuň üçin çäkmen barada halk döredijiliginde şeýle beýan edilýär:

Agar çäkmen etegi,
Etegi guşlar ýatagy,
Şeýle ýary bolanyň
Uçmahydyr otagy.

Şu jümlelerden görnüşi ýaly çäkmenli adamlar baý- beglerden bolandygyny biz bilýäris. Ony dürli ýerlerde orta ýaşdan geçen ýaşdakylar geýipdir.
Türkmen donlarynyň bir görnüşi hem ýektaý don diýip aýdypdyk. Ýektaý hem halkyň maddy ýagdaýy bilen baglanyşykly geýýän geýinleriniň biridir. Ony garamaýak adamlar, ýeter-ýetmez günde ýaşaýanlar geýipdirler. Ýektaý işliksiz, hiç bir babatda bezemen bolmadyk ýönekeýje dondyr. Erkek
adamlaryň aýak- gaplary: çokaý, çaryk, mesi (messi) we çepek (ýelken) bolupdyr. XX asyryň başlarynda olar çokaýyň ýerine galoş geýipdirler. Has ýaşulylar mesi Mesi we çokaý
bilen galoş geýipdirler. Soňra Russiýadan gelen botinka (aýakgap) köwüşleri geýilipdir. Erkek adamlar aýak- gaplaryň içinden aýagyna dolak dolapdyrlar. Dolak nah we ýüň matadan bolupdyr.
Aýal-gyzlaryň egin-eşikleri.
Geýinmek adamyň gylyk-häsiýetini aýan edýär. Önuň işeňňirligini- ýaltalygyny, arassalygyny-hasylygyny geýinişiniň üsti bilen bilmek bolýar. Adamyň egnine geýen eşigi isle erkek bolsun, islede aýal tämiz, gelşikli, asylly bolsa onda şol adamyň öz işine jür, işeňňir, arassa adamlygyny aňmak bolýar ýa-da tersine adamyň egnine geýen eşigi özüne has giň ýa dar, kelte ya uzyn bolup, biçiwi ýerine düşmedik bolsa, üstesine-de tämiz
däl bolsa, onda ol adamyň ýaltalygy, hasylygy mälimdir. Şindi türkmenlerde sähel howlukmajyrak geýinip çykylsa, derrew töweregindäkiler ony aňyp, dürli soraglar berip ya-da degişip başlaýarlar. Hatda öz üst-başyňa seretmek bilen diňe özüňe däl, eýsem töwerek daşyňa hem hormatyň nähili derejededigini görkezýärsiň. Şonuň üçin adam hemişe sada egin-başlary göze gelimli we arassa geýinmäge çalyşmalydyr.
Türkmenlerde geýinmekligiň edebi, esasan zenan maşgalalara degişlidir. Maşgalanyň ýaşuly-ýaşkiçisiniň, erkek adamlaryň, çagalaryň egin- eşikleriniň arassaçylygy, üstesine- de öýüniň arassaçylygy zenanlaryň borjydyr. Diýmek, köpçülikde we jemgyýetçilik ýerlerinde eginbaşlaryň arassalygy diňe şol adamyň däl-de eýsem maşgaladaky gelin-gyzlaryň edebini hem kesgitleýär.
Türkmenlerde zenan asyllylygy gadymy ata- babalarymyzdan bäri dowam edip gelýän edeplerdendir. Asylly geýinmek adamy diňe daşky görnüşini däl, eýsem içki dünýäsini hem gözelleşdirýär. Şonuň üçin türkmen zenanlarynyň uzyn ýeňli, ýakaly, uzyn köýnek geýmekleri örän gelşikli we asylly görünipdir. Umuman geýinmeklik edebiniň öňde goýan maksady hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Egin-eşik adamy her hili kynçylykdan we keselden goramak, sowukdan we yssydan goranmak üçin niýetlenendir. Şeýlelikde adamlar ýylyň dürli pasylyna görä, ýakymyna görä we amatyna görä egin-eşik geýmegi başarmalydyr.
Aýal-gyzlaryň geýimleriniň esasyny göni, ýakaly köýnekler düzýär. Olar öňki döwürlerde ýeňli-ýanly, ýagyrnişlikli, begeýikli dikilipdir. Bageýik ýanyň ýokary başynda urulýan mata bölegine aýdylypdyr. Köýnekler uzyn we giň bolupdyr. Emma olaryň uzynlygy aýak geýimleri görünip duran derejede bolupdyr. Bu barada halk doredijiliginde ―gök köýnegi dyzyndan, atly ýetmez yzyndan diýen setirler bilen beýan edilipdir. Köýnekleriň matasy nahdan, ýüpekden we ýüňden bolupdyr. Aýal-gyzlaryň aýakgeimleri diňe özleri tarapyndan nagyşlanan bolup, ol gyz-gelinleriň eliniň işlidigini we başarnygny görkezipdir.
Gyzlar kellesine tahýa, gelinler we aýallar bolsa, gyňaç daňypdyrlar. Gyzjagazlar kiçijik wagtlary tahýa, göze görnüp ugransoň “şaýly tahýa” (tahýanyň diňe depesine gupba berkidilen tahýa) geýipdirler. Ulygyzlar bolsa, tahýa, toýlarda çekelikli tahýa geýip, onuň eteginden ýaglyk bilen daňypdyrlar. Käbir maglumatlara görä ir döwürlerde adaglanan gyzlara ýaglyk daňypdyrlar, ol ýaglygy bolsa gyz hemişe tahýasynyň eteginden daňyp gezmeli bolupdyr. Şonuň üçin tahýasynyň eteginden yaglyk daňynan gyz adaglanan gyzdygyny aňladypdyr diýip gürrüň berýärler. Emma soňky döwürlerde ýaglyk daňmak hemmeler üçin birmeňzeş bolupdyr we tahýanyň üstünden alöýme (ala öýme) daňypdyrlar. Gelinler we aýallar ýaşynmak üçin amatly bolar ýaly, kellerine gyňaç (tarada dokalan düýp we nohur gyňaçlar toýda daňynylýan gyňaçlaryň hataryna degişlidir), ýaglyk (ýelýyrtan yaglyk) daňynypdyrlar. Ýaşuly aýallar, ene-mamalar gyňaçlarynyň içinden börik, daşyndan bolsa, ýaglyk daňynypdyrlar.
Aýallaryň başgabyna degişli topbylar ýa-da börükler bolupdyr. Topbylar ýokarlygyna uzyn Ahal tekelerinde silindr görnüşinde, Maryda saryklarda ýokarsy giňelýän görnüşde bolupdyr. 1930-njy ýyllarda topbylara garşy berk göreşipdirler. Soňra sowet hökümeti döwründe topbylar gysgaldilip, oňa ― komsomol börügi diýip at beripdirler. Şeýlelikde börükler meýdan işlerinde işlemekde amatsyz bolany
üçin kem-kemden durmuşdan galypdyr. Günbatar türkmenlerde
topbylara meňzeş baş gaba ―sahaba‖
diýip at beripdirler. Olary XX asyryň başlarynda
Toý lybasy hökmünde geýipdirler we birinji çagasy bolýança geýipdirler. Gyzlar saçlaryny iki ýa-da dört örüpdirler. Işlän wagtlary päsgel bermez ýaly saçlaryny tahýalarynyň daşyna orapdyrlar, emma yzlaryna hiç haçan atmandyrlar. Türkmenleriň
arasynda saç diňe durmuşa çykyp, aýal bolandan Teke türkmen zenanlary. soň arkasyna atmaly eken. Aýallar saçlaryny iki örüp, yzlaryna atypdyrlar we onuň öňlerine düşmezligi üçin iki saçynyň arasyna agyr bolar ýaly ―şaýly arabag‖ dakypdyrlar.
Aýal-gyzlaryň egin-eşiklerine donlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Olar begres don, çabyt, küleçe we ş.m. atlar bilen bellidir. Begres donlar galyň bolup, kaşaň nagyşlanan donlardyr. Çabytlar gyrmyzy donluk matadan bolup gyz- gelinleriň toý lybaslary hökmünde geýilýär. Küleçe bolsa, işliksiz, nagyşsyz, gyrasyna mata böleklerinden nagyş deregine sadaja aýlanan don bolup, ony maddy ýagdaýlary pes adamlar geýipdirler. Begeýlik gyz- gelinleriň begreslerine, çabytlaryna we köýneklerine salynýan mata bolejigidir. Sebit aýratynlyklary boýunça türkmen gelin-gyzlary günorta Türkmenistanda ýeňsiz (gursakça), demirgazyk we gündogar Türkmenistanda içine pagta salynyp çekilen donlary geýipdirler.
Aýallaryň başyna atýan geýimlerine kürte, çyrpy we başatgyç we ş.m. degişlidir. Gyzyl kürte we ýaşyl kürte (gara reňkde) günorta türkmenleriň arasynda has giň ýaýrapdyr. Çyrpylar hem kürtelere degişli bolup, ak çyrpy, sary çyrpy we gyzyl çyrpy diýilip atlandyrylypdyr. Olaryň ähli ýeri nagyşlanan, etegi seçekli bolupdyr. Çyrpylary gelinler we ýaşyna görä aýallar, ýaşuly aýallar hem atynypdyrlar.
Gelinleriň we orta ýaşly aýallaryň ýörite işlänlerinde geýmegi üçin gara gülli guşak diýip atlandyrylýan guşagy bolupdyr. Ol gara we gara goňur reňkda gülli edip örilen, uzyn görnüşde bolupdyr. Ini bir garyş ýa-da bir sere bolupdyr. Ujy daňylýan ýüpi hem bolupdyr.
Türkmen aýal-gyzlara degişli aýakgaplary hokga köwişler, gyrma köwüşler, çepekler we kaloşlar diýilip atlandyrylypdyr. Olar deriden edilen aýakgaplaryň hatarynda maddy ýagdaýlary bilen baglanyşykly geýipdirler. Barly adamlaryň gelin-gyzlary gyrma köwüşleri, beýleki adamlaryň gelin-gyzlary çepek, hokga ýaly köwüşleri geýipdirler.

Handurdy GURBANOW,
Aýna GURBANGULYÝEWA



_________________
1. Zenan kalby 2010 ýyl. No: 10
2. Zenan kalby 2010 ýyl. No:10

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir