Ilkinji gezek 1940-njy ýylda ýaýlyma goýberilen “Tom we Jerri” multfilmi häzire çenli dürli dillere terjime edilip, dünýäniň çar künjündäki körpe tomaşaçylara ýetirildi. William Hanna we Josef Barberanyň döreden animasiýa eserini “Warner Bros” kompaniýasy taýýarlapdy. Geçen ýyl “NetEase” şereketi bu multfilmiň oýnuny döredip, satuwa çykardy. Häzirki wagtda diňe hytaýly ulanyjylar üçin elýeterli bolan oýny göçürip alanlaryň sany eýýäm 100 milliondan geçipdir. Oýundaky gahrymanlar 2D animasiýa görnüşinde döredilipdir. Ulanyjylar oýunda gazanan pullary bilen Tom we Jerri üçin täze egin-eşikleri satyn alyp hem-de geýindirip bilýärler. Oýnuň yzygiderli täzelenýändigi we täze aýratynlyklaryň goşulýandygy, munuň oýna bolan gyzyklanmany has hem artdyrýandygy mälim edildi.
Ilkinji gezek 1940-njy ýylda ýaýlyma goýberilen “Tom we Jerri” multfilmi häzire çenli dürli dillere terjime edilip, dünýäniň çar künjündäki körpe tomaşaçylara ýetirildi. William Hanna we Josef Barberanyň döreden animasiýa eserini “Warner Bros” kompaniýasy taýýarlapdy. Geçen ýyl “NetEase” şereketi bu multfilmiň oýnuny döredip, satuwa çykardy. Häzirki wagtda diňe hytaýly ulanyjylar üçin elýeterli bolan oýny göçürip alanlaryň sany eýýäm 100 milliondan geçipdir.
Oýundaky gahrymanlar 2D animasiýa görnüşinde döredilipdir. Ulanyjylar oýunda gazanan pullary bilen Tom we Jerri üçin täze egin-eşikleri satyn alyp hem-de geýindirip bilýärler. Oýnuň yzygiderli täzelenýändigi we täze aýratynlyklaryň goşulýandygy, munuň oýna bolan gyzyklanmany has hem artdyrýandygy mälim edildi.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir