Honda hassahanalarda ýatan çagalar üçin elektrikli awtoulag çykardy
Honda Demirgazyk Amerikada Project Courage atly jemgyýetçilik başlangyjyny işe girizdi. Başlangyjyň çäklerinde sport bölümi tarapyndan hassahananyň dälizlerinde ulanmak üçin ýörite işlenip düzülen Shogo elektrik ulagynyň 60 sanysy çagalar hassahanalaryna iberiler. Çaklaňja elektrikli awtoulaglar hassahanada çagalaryň hereket etmegini ýeňilleşdirer...
Samsung Galaxy A35 täzelenen kamera eýe bolar
Galaxyclub portalynyň habaryna görä, Samsung Galaxy A35 smartfony ýazda has amatly Galaxy A15 we has kaşaň Galaxy A55 bilen bilelikde çykar.
Portalyň awtorlarynyň berýän maglumatlaryna görä, A35 has gymmat dogany Galaxy A55-däki ýaly 50 MP esasy kamerany alyp biler. Şonuň üçin, sahypanyň redaktorlarynyň garaşyşy ýaly, A35, A34-iň kamerasynyň...
Bir sagatda 410 000 Redmi Note 13 Pro smartfony satyldy
Redmi Note 13 Pro seriýasy geçen hepde goýberildi we 26-njy sentýabrda irden satuwa çykaryldy. Ilkinji satuw hasabaty diýseň üstünlikli başlangyjy görkezýär: satylyp başlan ilkinji sagadynda 410 000-den gowrak smartfon ýerlendi diýip, Xiaomi-iň baş direktory Leý Szýunyň sözlerine salgylanýan Gizmochina Redmi toparyny üstünlikleri bilen gutlap ýazýa...
Windows taryhyndaky iň uly täzelenme bolan Windows 11 23H2 çykardy
«Microsoft» «Windows» operasion ulgamy döredileninden bäri iň uly täzelenme bolan «Windows 11-i» çykardy. Oňa köp sanly täzelikler girizildi, olaryň esasylarynyň biri hem «Copilot» funksiýasydyr.
«Copilot» – bu «Windows» operasion ulgamynda ulanmak üçin uýgunlaşdyrylan «Bing Chat» çat-botydyr. Ol kompýuteriň sazlamalaryny dolandyrmaga, progr...
Nissan 2030-njy ýyla çenli Ýewropada diňe elektrikli awtoulaglaryň satuwyna geçer
Financial Times gazetiniň habaryna görä, Ýaponiýanyň Nissan Motor Co. awtoulag öndürijisi 2030-njy ýyla çenli Ýewropada elektrikli däl awtoulaglary satmagy düýbünden bes etmegi maksat edinýär.
Mundan başga-da, mundan beýläk sebitde satylmagy meýilleşdirilýän täze awtoulag modelleriniň hemmesi diňe elektrik hereketlendirijisi ýa-da içinden ý...
LG çeýe ekrany bolan noutbuk çykardy
Koreýanyň LG kompaniýasy çeýe ekranly ilkinji gibrid noutbugyny satyp başlady. Bu barada Android Authority habar berýär.
Gram Fold enjamy 2560x1920 piksel durulykda 17 dýuýmlyk OLED ekrany aldy, ol eplenende 12 dýuým diagonally ekrana öwrülýär. Goýberilen kompýuter eplenen ýagdaýyndaka ekranyň ikinji ýarymynda wirtual klawiaturany hem görkez...
Britaniýa täze benzin we dizel awtoulaglarynyň satuwyna gadaganlygyny 2035-nji ýyla çenli yza süýşürdi
Beýik Britaniýa benzin we dizel hereketlendirijileri bilen işleýän täze awtoulaglaryň satylmagyny gadagan edýän düzgüniň girizilmegini 2035-nji ýyla çenli yza süýşürer diýip, premýer-ministr Rişi Sunak belledi.
Sunak Dawning stritde eden çykyşynda: «2035-nji ýyla çenli benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglary satyn alyp bilersiňiz. Şondan...
YouTube-yň döredijileri smartfonlar üçin TikTok stilindäki wideo redaktoryny çykardylar
YouTube-yň wideo platforma topary göni telefonyňyzda wideo redaktirlemäge mümkinçilik berýän YouTube Create atly täze programma hödürledi.
Täze programma has köp adamy YouTube Shorts roliklerini - YouTube tarapyndan hödürlenýän TikTok görnüşli wideo döretmäge höweslendirýär. Adatça, YouTube-da dolybahaly wideo döretmekden TikTok wideosyny dö...
Bütin dünýäde eýýäm 338 milliondan gowrak Redmi Note smartfony satyldy
Redmi Note 13 seriýasynyň yglan edilmegine bagyşlanan soňky metbugat ýygnagynda Xiaomi-niň we Redmi-niň prezidenti Lu Weýbing hit Redmi Note liniýasynyň ýene bir üstünligini yglan etdiler.
Top-menejeriň pikiriçe, Redmi Note smartfonlarynyň halkara satuwy eýýäm 338 milliondan geçdi. Kompaniýa 2023-nji ýylyň mart aýynda onuň 320 milliondan geç...
Toyota täzelenen RAV4 krossowerini tanyşdyrdy
«Toyota» ABŞ-da täzelenen RAV4 krossoweriniň 2024-nji ýyl üçin niýetlenen nusgasyny tanyşdyrdy. Awtoulag täze reňkler we enjamlar bilen üpjün edildi.
Ähli tekerleriniň hereketli ulgamynda awtoulagda asfaltly ýollardan daşarda sürmek üçin döredilen «Trail» režimi ornaşdyryldy. Sport höwesjeňlerine niýetlenen «Woodland Edition» nusgasynda kros...
Redmi Note 13 Pro Hytaýyň çäginden daşary Poco brendi bilen çykar
Redmi geçen hepde Hytaýda täze Note 13 smartfon tapgyryny hödürledi. Oňa esasy Note 13 modeli, kämilleşdirilen Note 13 Pro wersiýasy we iň ýokary Note 13 Pro+ wersiýasy girýär.
Geçen ýyl bolşy ýaly, bu smartfonlaryň global bazarda elýeterli bolmagyna garaşylýar. Ygtybarly çeşmäniň maglumatlaryna görä, Xiaomi Note 13 Pro modelini global bazar...
Dürli ýurtlarda iPhone 15 Pro Max-y satyn almak üçin näçe wagt işlemeli?
Apple kompaniýasy ýakynda täze iPhone 15 smartfonlarynyň satuwyna başlady. World of Statiscis neşiri haýsy ýurtda adamlara 256 GB fleş-ýatly iPhone 15 Pro Max seriýasyny satyn almagyň aňsatdygyny hasaplady. Şeýle ýurt Şweýsariýa bolup, bu ýerde şeýle smartfony satyn almak üçin bary-ýogy 6 gün işlemek ýeterlikdir. Bu barada ixbt.com belleýär.
...
WhatsApp köne smartfonlarda işlemegini bes eder
WhatsApp-yň işläp düzüjileri 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan millionlarça gurluşda messenjeriň işlemegini bes etjekdigini habar berdiler. Bu programmany götermek üçin Android 5.0 we ondan ýokary binýatly smartfonyň gerek boljakdygy bilen baglanyşyklydyr.
Gurluşlary bu talaplara laýyk gelmeýän ulanyjylar WhatsApp-y ulanmagy dowam etdirmek...
Huawei kompaniýasy Bluetooth-yň ornuny tutjak tehnologiýasyny hödürledi
Hytaýyň Huawei kompaniýasy gysga hereket radiusyna simsiz birleşmek üçin täze NearLink tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu barada ferra.ru habar berýär.
Innowasion önüm Wi-Fi bilen Bluetooth-yň artykmaçlyklarynyň birleşmesi bolup, gysga aralyklara maglumatlaryň çalt we energoeffektiw geçirilişini üpjün edýär. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä,...
Samsung Galaxy seriýasyndan täze smartfonlary hödürledi
Malaýziýada Günorta Koreýanyň Samsung elektronika öndürijisi geçen ýyl çykan Galaxy A04 we Galaxy A04s smartfonlarynyň ornuna geljek täze Galaxy A05 we Galaxy A05s smartfonlaryny hödürledi. Täze smartfonlar brendiň resmi saýtynda eýýäm hödürlendi, ýöne baha we çykyş senesi heniz belli däl diýip, rbclife.ru belleýär.
Gurluşlaryň ikisi-de 6,7...
Skoda 3 millionynjy krossowerini çykardy
«Skoda» Kwasinydaky zawodynda krossoweriň 3 millionynjy krossowerini çykardy. Ýubileý awtoulagy «Skoda Kodiaq Sportline» boldy diýlip, awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugynda habar berilýär.
«2009-njy ýyldan bäri üç million krossower öndürmek biziň toparymyz üçin ajaýyp üstünlik. Bu ädim müşderilerimiziň islegleriniň ösüşini we olaryň isl...
Tesla-nyň Android roboty predmetleri tertiplemegi öwrendi
Tesla kompaniýasy Optimus atly android robotynyň üstünliklerini görkezýän täze wideony çap etdi. Wideoda görnüşine görä, robotyň fiziki mümkinçilikleri ep-esli ýokarlanypdyr. Mundan başga-da, Optimus has akylly bolupdyr - meselem, zatlary özbaşdak tertipläp bilýär.
Androidiň hereketleri has ýumşapdyr: Optimus indi islendik pursatda el-aýakla...
Redmi Note 13 16/512 GB ýada eýe boldy
Xiaomi Group kompaniýasynyň prezidenti we Redmi brendiniň baş menejeri Lu Weýbing Redmi Note 13 Pro smartfony barada goşmaça maglumatlar bilen paýlaşdy. Ol Redmi Note 13 Pro-nyň 16 GB çalt LPDDR5 operatiw ýady we 512 GB UFS 3.1 fleş-ýady bolan wersiýada elýeterli boljakdygyny aýtdy. Şonuň üçin ulanyjylarda bir wagtyň özünde köp sanly programmany iş...
Gonkong kriptowalýutalary ornaşdyrmak üçin iň taýyn ýer boldy
Kriptowalýutalary ornaşdyrmak üçin iň taýyn ýurtlaryň we sebitleriň sanawynda Gonkong birinji ýeri eýeledi. Salgydyň bolmazlygy, kriptowalýuta awtomatlarynyň we kriptokompaniýalaryň köp sanly bolmagy ýurda öňe saýlanmaga mümkinçilik berdi.
Forex Suggest dellalçylyk kompaniýasynyň seljerileri tarapyndan düzülen Worldwide Crypto Readiness Rep...
Dünýäde awtoulaglaryň satuwy artdy
2023-nji ýylyň awgust aýynda dünýäniň awtoulag bazarynda täze ulaglaryň satuwy 9,6% ýokarlandy. Bu barada “Avwtostat” LMC Automotive maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. Tomsuň soňky aýynda jemi 7 million 302 müň awtoulag satyldy.
Hytaý awgust aýynda 2 million 520 müň awtoulag bilen (2022-nji ýyl bilen deňeşdi...