Volkswagen bir aý öň hödürlenen Taos 2025 krossoweriniň bahalaryny mälim etdi. Täzelenen modeliň kuwwaty artdyryldy. Ol döwrebaplaşdyrylan interýeri we täze tranmissiýasy bilen tapawutlanýar diýip, Motor1-iň habar berýär. Esasy - öň tekeri hereketli Taos S-iň bahasy 26 420 dollardan başlar, bu bolsa 2024-nji ýylyň modelinden 1000 dollar gymmatdyr. Tekerleri doly hereketli VW 4Motion-iň iň gymmat SEL bezegi 36 120 dollar bolar. Esasy täzelenmeler 1,5 litrlik turbo görnüşli dört silindrli hereketlendirijä degişlidir. Onuň kuwwaty 158-den 174 at güýjüne çenli ýokarlandy, şol bir wagtda torky şol bir derejesinde galdy - 250 Nm. Ähli tekerleri hereketli modelde gowulaşdyrmak üçin ýedi tizlikli iki ssepleniýaly geçirişiň ýerine sekiz tizlikli awtomat ulanylýar. Ol ulagyň gidişini akgynly edýär. Salonda multimediýa dolandyryşlary üçin täze 8 dýuýmlyk ekran, täze reňk opsiýalary bar. Ähli üýtgeşmelere garamazdan, Volkswagen Taos brendi Demirgazyk Amerikanyň bazaryndaky iň amatly krossowerleriň biri bolmagynda galýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir